Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Çagalaryň sagdyn bedenli, aňly-düşünjeli bolmaklary üçin olaryň dünýä inen sagadyndan ene süýdüniň ýeterlik bolmagy möhüm hasaplanýar.

Ynsanyň dünýä inen gününden başlap bedeniniň sagdyn ösmegi üçin ene süýdüniň zerurlygyna, onuň oýnaýan rolunyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyna adamlar ir döwürler hem göz ýetiripdirler.

Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň sözlerinden çen tutsaň, ene süýdünden ýeterlik iýmitlenen çagalaryň ösüşleri, beden sagdynlygy, paýhas kämilligi ene süýdüni emmedik çagalardan görnetin tapawutlanýar.

Soňky 20-30 ýylyň dowamynda ekerançylyga doly ornaşdyrylan himiki dökünleriň gök we bakja önümleriniň üsti bilen adam bedenine siňmeginiň netijesinde, adamlaryň saglygy barha gowşaýar.

Nerw, aşgazan we garyn-içege keselleriniň, gan basyşynyň ýokarlanmagy ýaly keselleriň köpelmegi bilen, göwreli zenanlarda çaga düşmegi, beden taýdan gowşak çagalaryň dünýä inmegi ýaly hadysalar köpelýär.

Sagdyn dünýä indi diýlip hasaplanýan çagalaryň hem aglaba böleginde beýni gan basyşynyň ýokarlanmagynyň faktlary ýüz berýär. Ene süýdünden geregiçe iýmitlenip bilmeýän çagalar ýokanç keseller bilen çalt keselleýärler.

Türkmenistanda poliomielit, gyzamyk, gökbogma ýaly ýokanç keselleriň garşysyna çagalara edilýän sanjymlar bolsa lukmanlaryň berk gözegçiliginde bolup, bu gowy netijeleri berýär.

Çagalaryň sagdyn bedenli, aňly-düşünjeli bolmaklary üçin olaryň dünýä inen sagadyndan ene süýdüniň ýeterlik bolmagy möhüm hasaplanýar. Munuň üçin bolsa ýaş eneleriň özleriniň sagdyn bolmagy, sosial taýdan goragly bolmagy, göwrelilik döwrüni asuda geçirmekleri, gowy iýmitlenmekleri, gaýgy-aladadan daşda bolmaklary zerur bolup durýar.

Çagalar üçin medisina hyzmatlary ýeterlik, emma sosial goraglylygyň pesligi sebäpli, çagany iýmitlendirmek üçin käbir enelerde ene süýdüniň ýetmezçilik edýänligi bilen bagly wakalar hem ýüze çykýar.

Gury süýtler

Süýdi çagasy üçin ýeterlik bolmaýan eneler bu iýmitleri satyn almaga mejbur bolýarlar.
Eneleriň aglabasy ýöriteleşdirilen çaga iýmitlerini, gury süýtleri ulanmaly bolýarlar. Ylmy taýdan kämilleşdirilen çaga iýmitleri ýokumly bolsa-da, ylmy garaýyşlara görä, olar ene süýdüniň ornuny tutup bilmeýärler. Şeýle-de bolsa, islesek-islemesek, bu iýmitlere zerurlyk hem ýüze çykyp dur.

Süýdi çagasy üçin ýeterlik bolmaýan eneler bu iýmitleri satyn almaga mejbur bolýarlar. Şeýle ýagdaýda bu iýmitleriň bahalarynyň gymmat bolmagy sosial taýdan goragsyz eneleriň olary satyn almagynda kynçylyk döredýär.

Soňky ýyllarda ýurtda dörän işsizlik, neşekeşlik, ýeter-ýetmezçilik, ýaşaýyş jaý meseleleriniň kynçylyklary enelerde ene süýdüniň ýeterlik bolmazlygyna ep-esli derejede täsirini ýetirýär.

Döwlet tarapyndan çaga kömek pullarynyň ujypsyz bolmagy eneleriň sosial taýdan goragsyz bolmagyna getirýär. Üç ýaşaýança berilýän 86 manat 51 teňňe çaga puly 6 aýlyk bala üçin 15 manat 60 teňňä durýan 350 gramlyk 1 gap çaga iýmitiniň diňe 6 gabyny almaga ýetýär, bir gap çaga iýmitini körpeje 3 günde sarp edýär. Şeýle ýagdaýda çagalara berilýän çaga kömek puly körpelere iýmitini diňe ýarym aý almaga ýetýär.

Çagalaryň sagdyn hem kämil ösmekleri üçin olaryň ene süýdünden ganmaklary zerur hasaplanýar. Eneleriň sosial taýdan goragy artdyrylsa, olaryň iş meselesi, jaý meselesi döwlet tarapyndan oňyn çözülip, eneler gaýgy-aladasyz ýaşasalar, dünýä inen çagalar ene süýdüniň ýetmezçiligini bilerlermi?.

Çaga posobiýalarynyň çagalar 10-12 ýaşa ýetýänçä tölenmegine ýaş eneler umyt bildirýärler.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
Türkmenistanyň "Ýaşlyk" telekanalyndan, 29-njy iýun, 2010-njy ýyl.

Türkmenistanly köp raýatlar soňky wagtlar Türkmenistanda prezidenti «Arkadag» diýip atlandyrmaklygyň we şol at bilen-de wasp etmekligiň uly bir kampaniýa öwrülip ýörendigini aýdýarlar.

Soňky wagtlar Türkmenistanda «Arkadag» temasyndan aýdylýan aýdymlaryň we ýazylýan goşgularyň kem-kem artýandygyny görmek bolýar.

Ýakynda prezident G.Berdimuhamedowyň Baýramaly etrabynyň «Üç ajy» obasyndaky çagalar bagyna baranda, çagalaryň oňa goşgular bilen «Arkadag» diýip ýüzlenmekleri-de bu kampaniýanyň giňden alnyp barylýandygyny görkezen ýaly boldy.

Bu çagalar bagynda terbiýeçi zenanyň G.Berdimuhamedowyň elini ogşap we çagalaryň-da ony «Arkadag» diýip atlandyryp garşy almagy ýaly wakany ýazyjy Akmuhammet Welsapar Türkmenistanda ýaramaz bir prosesiň, ýagny, täzeden beýni ýuwmak prosesiniň başlamagy hökmünde häsiýetlendirýär.

Ýurduň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy bilen bagly geçirilen dabara, Aşgabat, 26-njy oktýabr.
Gurbanguly Berdimuhamedowy «Arkadag» diýip atlandyrmak boýunça uly kampaniýanyň başy 26-27-nji oktýabrda ýurduň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygy bilen bagly geçirilen paradda hem-de «Olimpiýa» stadionynda geçirilen dabarada köpçülikleýin ýagdaýda başlanypdy.

Şol dabaralarda çykyş eden aýdymçylar we ýöriş geçiren harbylar prezidente diňe «Arkadag» diýip ýüzlenýän şygarlar we aýdymlar bilen ýüzlenipdiler.

Gaýtalanýarmy?

1990-njy ýyllaryň başlarynda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowa «Beýik Serdar», «Milletiň Atasy», «Hak Howandar» diýen ýaly epitetlerden daşary, «Türkmenbaşy» diýen aýratyn bir at hem dakylypdy.

Şonda Nyýazowyň özüniň bu ady höwes bilen kabul edendigine garamazdan, «Türkmenbaşy» ady halkara jemgyýetçiliginde Nyýazowyň şahsyýet kultuny suratlandyrýan we onuň awtoritarlyga ýykgyň edýän aýratynlygyny görkezýän bir at hökmünde kabul edilip gelnipdi.

"Edebiýat we sungat" gazetiniň 12-nji dekabrdaky sanyndan, 2010.
Türkmenistanly synçy Açar häzirki tendensiýanyň hem Nyýazowyň ýoly bilen ýöremek ýaly bir tendensiýadygyny aýdýar. Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar hem bu pikir bilen ylalaşýar.

Akmuhammet Welsapar döwlet liderlerine adaty resmi atlardan daşary olary adatdan daşary bir şahsyýet hökmünde görkezmekligi maksat edinýän atlaryň dakylmagynyň hut şahsyýet kultuny döretmek tendensiýasy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.

“Bu örän düşnükli hem aýdyň tendensiýa. Ýurtda täze şahsyýet kultunyň kerpiçleri goýulýar, täze şahsyýet kulty döredilýär. Sebäbi ‘Arkadag’, ‘Stalin’, ‘Türkmenbaşy’, ‘Fýürer’ diýen ýaly titullary hemişe diktatorlara dakýarlar. Diktatorlar şolar ýaly titullaryň arkasynda durup hereket edýärler” diýip, ýazyjy Welsapar belleýär.

Günbatar bilen gatnaşyklar

Eýsem, günbatar döwletleri bilen öz hyzmatdaşlyklaryny gowulandyrmaga çalyşýan Türkmenistanda täzeden şahsyýet kultuny döretmek ýaly tendensiýalaryň bolmagy ýurduň Günbatar bilen gatnaşyklarynyň ösmeginde kynçylyklary döredip bilmezmi?

Germaniýada ýerleşýän «Euro-Asian transition group» barlaglar merkeziniň analitigi Maýkl Laubş onsuzam ynsan hukuklarynyň ýaramazlygy üçin tankytlanylyp gelinýän Türkmenistandaky bu tendensiýalaryň Ýewropa Bileleşiginde hökman göz öňünde tutular diýip hasaplaýandygyny aýdýar.

«Meniň garaýşymça, eger Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandaky bu şahsyýet kulty bilen bagly meseläni gozgamasa, munuň özi Bileleşigiň öz standartlarynyň bozuldygy bolardy» diýip, Maýkl Laubş belledi.

Maýkl Laubş günbatar döwletleriň Türkmenistan bilen geçirýän öz gepleşiklerinde Türkmenistandaky bu tendensiýalary hökman öňi alynmaly bir ýaramaz ýagdaý hökmünde gozgamalydyklaryny aýdýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG