Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Buldozerler bilen tekizlenip, ýerine arça agaçlary ekilen öňki jygyldyk bazaryndan 5 kilometr uzaklykda bolan «Altyn asyr» bazarynyň 15-nji fewralda açylyş dabarasy boldy.



Täze bazary synlamaga gelen Aşgabadyň ýaşaýjysy Orazyň aýtmagyna görä, ýurtdaky beýleki bazarlar bilen deňeşdirip bolmajak bu bazar özüniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, taşlanyp gidilen kiçeňräk şäheri ýada salypdyr. Türkmen telewideniýesinde bu bazaryň açylyş dabarasynyň reportažynda görkezilen — prezidente namazlyk sowgat beren daýza-da görünmändir, söwdagärlerem. Olaryň bazary dolduryp duran harytlaram göze ilmändir.

Häzir hem bazarda söwda edýän bir-iki sany satyjy diýäýmeseň, başga satyjy ýok. Bazaryň haçan doly işläp başlajakdygy näbelli. Elbetde, bazarda harytlaryny getirip başlan söwdagärlerem duşýar. Bazara bir-iki sany marşrut awtobuslaryndan başga jemgyýetçilik transporty gatnanok. Ol awtobuslaram esasan bazaryň söwdagärlerinden doly. Bazara baran alyjylaram boş bazary synlap yzlaryna dolanýarlar. Öňki jygyldygyň ornuny häzir «Daýhan» ýa-da il içinde atlandyrylyşy ýaly «Gündogar bazary» tutýar. Her kim häzir şol bazara barýar.

Çölüň içinde mermer oazis bolup duran bu bazaryň açylyş dabarasy sebäpli Aşgabadyň ors bazary bir gün ýapyldy. Birnäçe günläp täze bazaryň açylyş dabarasy üçin harytlaryny daşan ors bazaryň satyjylaryny hem şol gün bu bazara getiripdirler.

Bazary doldurmak üçin diňe bir ors bazaryň söwdagärleriniň hem-de olaryň harytlarynyň ýeterlik bolmajakdygyny bu bazaryň ägirtliginden bilip bolýar. Şonuň üçin, açylyş dabarasyna şäheriň we onuň golaýyndaky beýleki bazarlaryň hem satyjylaryna täze bazaryň harytlardan doldurylmagy barada häkimiýetler görkezme berdi.

Bazaryň içinde maşynly aýlanaýmasaň, pyýada aýlanmak üçin, iň bolmanda 5-6 sagat gerek boljak. Elbetde, bärde harytdan doly bazar barada gürrüň gidýär. Bazarda maşynly aýlanmak üçin şertlerem bar. Dört derwezeli bazaryň içindäki köçejiklere köçe diýmäge esas bar. Hatda şol köçeleriň ugrunda ýol belgileri hem goýlupdyr.

Halynyň göli şekilinde gurlan bazar birnäçe zolaklara bölünip, olar ýörite belgiler bilen bellenilipdir. Bazaryň ortarasynda dört sany uly pawilýonlar bolup, olaryň aşagynda dükanlar we prilawkalar ýerleşdirilipdir. Dört uly pawilýonlaryň çar tarapynda olardan biraz kiçiräk bolan 12 sany pawilýonlar bar. Ertekä meňzeş, mermere örtülen bazaryň prilawkalary hem mermerden.

Prilawkalar uly pawilýonlaryň aşagynda ýerleşdirilip, olar ýüzlerçe çyralar bilen yşyklandyrylýar. Prilawkalaryň aşagyndaky plastikden ýasalan, gulplanýan gapyly tekjelerde satyjylara öz harytlarynyň bir bölegini goýmaga mümkinçilik bar. Bazardaky seýrek duş gelýän satyjylaryň biri, 28 ýaşly Meret bu tekjelerde harytlaryň barysyny saklap bolmajakdygyny aýdýar. Bazaryň plastik gapyly we penjireli ýüzlerçe dükanlary hem Aşgabadyň beýleki bazarlaryndaky dükanlar bilen deňeşdireniňde örän giň. Emma, bu dükanlara öňki jygyldyk bazaryndaky 40 tonnalyk konteýnerlere sygýan harytlar sygmaz.

Bazarda lomaý söwda etmek üçin şertler ýok diýerlik. Bazaryň ortarasynda ýerleşen 30 metrlik sagatly sütün bazaryň islendik ýerinden görünýär. Bu sütün bazarda oriýentasiýany ýitirmezlik üçin örän amatly. Eýýäm käbir adamlar bu sütüni «Azaşýanlaryň maýagy» diýip atlandyrýarlar.

Şowhunly geçen «Altyn asyr» bazarynyň açylyş dabarasyndan soň, ilat bu bazaryň hakyky açylyşyna garaşýar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan, ýyladyjy hem sowadyjy enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze wagonlardan düzülen otly sostawlary Türkmenistanda köp ugurlar boýunça hereket edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň demir ýol pudagynda birnäçe oňyn häsiýetli işler bitirildi, emma ýolagçylaryň kösençliklerini doly aradan aýyrmak üçin entek edilmeli işleriň bardy göze ilýär.

Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly, Garagumuň içinden geçýän Aşgabat-Daşoguz demir ýoly, Türkmenabat-Atamyrat demir ýoly ýurduň içki gatnawyny gowulandyran bolsa, gurluşygy tamamlanyp barýan Gyzylgaýa-Bereket-Etrek demir ýolunyň ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde, goňşy döwletler bilen söwda gatnaşygyny ýola goýmakda möhüm rol oýnajakdygy aýdylýar.

Ýakynda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň prezidentiniň degişli ýolbaşçylaryň öňünde goýan meseleleriniň biri hem Türkmenistanda demir ýol pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek barada boldy. Gyzylgaýa-Bereket-Etrek demir ýoluny halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen, prezident birnäçe resminamalara hem gol çekdi.

Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan, ýyladyjy hem sowadyjy enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze wagonlardan düzülen otly sostawlary Türkmenistanda köp ugurlar boýunça hereket edýär. Täze wagonlaryň satyn alnyp, ozalky sostawlaryň üstüniň ýetirilýändigi barada hem maglumatlar bar.

Aşgabadyň wokzalynda.
Aşgabadyň ýaşaýjysy Bibiniň aýtmagyna görä, bu ugurdan näçe işler amala aşyrylsa-da, ýolagçylar üçin döreýän kynçylyklar kemelibermeýär. Satyn alynýan wagonlar az däl, emma ilatyň sanynyň artýandygy, ilat üçin iň bir amatly ulagyň ýolagçy otlulary bolup durýandygy üçin düzülýän sostawlar ilatyň sarp edijiligine görä ýetmeýär.

Döwlet baştutany birnäçe gezek demir ýol ministrini çalyşdy, emma munuň bilen ýolagçy otlularynyň gatnawynda uly bir öňe gidişlik gazanylmady. Ilatyň bir welaýatdan başga bir welaýata baryp gelmeginde hem bu ýagdaý anyk görünýär. Soňky demir ýol ministri çalşylandan soň öňler ýolagçylara 60 teňňä berilýän prostynlaryň bahasy 1 manat boldy, bilet satyn almakda, islän ýeriňe rahat baryp gelmekde üýtgän zat az.

Bir wagtda, bir ýerde


Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Daşoguz-Türkmenbaşy (Krasnowodsk) ýolagçy otlusy göni hereket edýärdi. Soýuz döwründe Daşkent-Krasnowodsk göni ýolagçy otlusy hem bardy. Bu sostawyň Türkmenabat şäheriniň üstünden geçýänligi üçin lebaply ýaşaýjylar hem kösenmän, Krasnowodsk şäherine göni baryp bilýärdiler.

Atamyrat-Aşgabat ýolagçy otlusy hem, Türkmenabat-Aşgabat ýolagçy otlusy hem ýolagçylary irden paýtagta getirýär. Beýleki ugurlar boýunça hem ähli sostawlar irden Aşgabada gelýärler. Türkmenbaşy şäherine gitmek üçin bolsa agşam sagat 19-00-a çenli Aşgabat wokzalynda oturyp, günüňi geçirmeli.

Gyş aýlary diýäýmeseň tomus dynç alyş möwsüminde, güýz hem ýaz aýlarynda harby gulluga çagyrylan esgerleriň kasam kabul edişligine ene-atalaryň çagyrylýan döwründe Aşgabat wokzalynda kassalardan bilet almak iň bir uly problema öwrülýär.

Lebaply ýolagçy Hemranyň aýtmagyna görä, 1-2 sagat aýak üstünde nobata dursaň, öňdäki nobatlara bilet ýetmän hem duranok, ýöne agşam islendik ugurlar boýunça ýolagçy otlularyna münseň, biletsiz ýolagçylardan ýaňa ýer-jaý bolanok.

Gijäniň ukusyna çydam edip bilmeýän adamlar wagonlaryň koridorlarynda hatar bolup uka gidýärler. Aýak ýoluna çykmakçy bolaýanlar adamlaryň üstünden ätläp geçmeli bolýarlar. Ýaşajyk çagaly zenanlaram, ýaş gelin-gyzlaram, ýaş ýigitlerem, ýaşy birçene baran adamlaram koridoryň ugrunda uka gidýärler.

Tomsuň jöwzaly günlerinde bolsa Hazaryň kenarynda dynç almak islegi bilen ýola çykýan ýolagçylaryň artmagy bilen, bu ýagdaý has hem gözgyny hala gelýär.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG