Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşyna geçen ýyl hem esasan zenanlar “janköýerlik edipdiler”.
20-nji fewralda Abadan şäheriniň stadionynda Aşgabadyň “Altyn asyr” we Ermenistanyň “Gandzasar” komandalarynyň oýny bilen başlanan Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara futbol ýaryşy dowam edýär.

17-nji gezek geçirilýän bu ýaryşa Ermenistanyň, Eýranyň, Orsýetiň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň milli çempionatlarynyň klublary gatnaşýar.

Abadan şäherinde badalga berlen bu ýaryşyň açylyş dabarasy 21-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçirildi. Açylyş dabarasynyň öň ýanynda Marynyň “Merw” komandasy bilen Orsýetiň ikinji diwizionynda çykyş edýän, Çerepowes şäheriniň “Şeksna” komandalary duşuşdy.

Orsýediň käbir Web saýtlary bu duşuşykda futbol janköýerleriniň 35 müňüsiniň tomaşa edendigi barada habar berdiler. Hususan-da, Orsýetiň futbol portaly onedivision.ru saýtynda muňa aýratyn ähmiýet berlipdir.

Öz şäherinde stadiony doldurup bilmeýän “Şeksnanyň” türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretmegine bu saýtyň okyjylaryny geň galdyryrandygy olaryň bu maglumat barada goýan kommentariýalaryndan göz ýetirse bolýar.

Türkmen janköýerleri düýbünden tapawutly

30 müň tomaşaça niýetlenen Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň tribunalarynda, dogrudanam, şol gün boş ýer azdy. Emma futbol duşuşygyna hem-de ýaryşyň açylyş dabarasyna tomaşa etmäge gelen adamlar daşary ýurt futbol janköýerlerinden düýbünden tapawutlanýardylar. Olaryň arasynda orta mekdepleriň uly klaslarynyň okuwçylarynyň köpdi. Hatda kiçi klaslaryň okuwçylary hem bardy.

Tribunalarda eli baýdakly, şarly oturdulan çagalara olaryň mugallymlary gözegçilik edýärdiler. Bu çagalara jogap bermeli zenan mugallymlar futbol meýdança seretmän, tribunalardaky oturan okuwçylaryna ýüzleri aladaly seredip, olardan öz ýerinden galman oturmaklaryny talap edýärdiler. Okuwçylarynyň käbirlerini gözläp ýören mugallyma hem duşmak seýrek ýagdaý däldi.

Käbir mugallymlar ellerinde baýdaklary bolan okuwçylara haçan baýdaklaryny galgatmalydygy barada görkezme berýärdiler. Beýleki okuwçylar hem boş oturanokdylar. Olar gerek ýerinde gygyrmalydylar, şowhun döretmelidiler. Tribunalarda üşäp oturan okuwçylar mugallymlarynyň bu tabşyrygyny uly höwes bilen ýerine ýetirýärdiler.

Mekdepden aç gaýdan okuwçylar futbol duşuşygynyň öň ýanynda hem-de ondan soň Olimpiýa stadionynyň golaýyndaky “Parahat” mikroraýonynyň bazaryndaky köp-sanly fast fudlara hem ýöriş etdiler. Fast fudda iýer ýaly zat satyn almaga mümkinçiligi bolmadyklar azyk dükanlaryndan arzan bulkalardyr kökeleri ýa-da iň bolmanda buhanka çöregini satyn aldylar.

Şeýle kartinany Olimpiýa stadionynda islendik bir köpçülikleýin çäre geçirilende synlamak bolýar. Stadionyň golaýyndaky gazet-žurnallaryň satylýan kiosklarynda hem bu çärä gatnaşan okuwçylaryň yzy bar. Stadionyň tribunalarynyň oturgyçlary hapa bolansoň, olar kiosklarda geçmedik köne gazetleri hem satyn alypdyrlar.

Stadionyň bu aýratynlygyndan habary bolmadyk bu çärä tomaşa etmäge gelen käbir uly ýaşly tomaşaçylar okuwçylardan gazetiň bir bölejigi bilen paýlaşmaklaryny haýyş edýärdiler. Stadiona gelen tomaşaçylaryň arasynda käbir döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleri hem bar. Emma olaryň arasynda erkek adamlaryň sany az.

Futbol erkek adamlaryň uly höwes bilen tomaşa edýän oýny. Zenanlaryň futbola bolan biparhlygy barada ençeme anekdotlaram bar. Ýöne, muňa garamazdan, bu duşuşyga tomaşa edýänleriň arasynda kämillik ýaşyna ýeten erkek adamlar azdy. Elbetde, gürrüň bärde stadionda howpsuzlygy üpjün etmeli howpsuzlyk gulluklarynyň köp sanly işgärleri barada gidenok.

19-njy fewralda baýdak baýramyna bagyşlanyp geçen çäre bilen deňeşdireniňde howpsuzlyk gulluklarynyň işi bu gezek biraz ýeňilleşene meňzeýär. Stadiona girlende barlag edilenok. Metal detektorlar hem goýulmandyr.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşy 28-nji fewralda sagat 17.00-da Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda final oýny bilen tamamlanar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, Merkezi Aziýadaky iň uly “Altyn asyr” gündogar bazarynda hususy telekeçilik bilen meşgullanýanlar üçin ähli şertler bar.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, Daşoguz welaýatynda hususy kärhanalar üstünlikli işleýärler. Olaryň hataryna "Sülgün", "Peýnirçi" hususy kärhanalaryny goşmak bolar.

Bularyň birinjisi gurluşyk işleri bilen meşgullanýar we onlarça ýaşaýyş jaýlaryny gurdy. Şeýle-de bu kärhana dürli gurluşyk materiallaryny hem öndürýär. Welaýatyň Gubadag etrabyndaky “Peýnirçi” hususy kärhanasy bolsa tagamly peýnirleri öndürýär.

15-nji fewralda Aşgabadyň golaýynda “Altyn asyr” bazary açyldy. Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, Merkezi Aziýadaky iň uly “Altyn asyr” gündogar bazarynda hususy telekeçilik bilen meşgullanýanlar üçin ähli şertler bar.

Bu barada bazaryň açylyşyna gatnaşan telekeçiler hem aýtdylar. Türkmen häkimiýetleri hem ýurtda kiçi hem orta telekeçilik bilen meşgullanmak üçin zerur şertleriň bardygyny we olaryň ýene-de ösdüriljekdigini aýdýarlar.

Kiçi we orta telekeçilik

Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew hem geçen iki ýylda döwletiň hususy telekeçiligi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam edendigi bilen ylalaşýar. Emma ol şeýle kärhanalaryň ýurduň ykdysadyýetini ýa-da telekeçiligi ösdürmekde möhüm rol oýnajakdygyna şübheli garaýar.

“Sebäbi olaryň sany döwlet kärhanalary bilen deňeşdireniňde, juda az. Özüňiz pikir edip görüň, her ýylda şeýle zawod-fabrikleriň bäş-altysyny işe girizeniňde-de, telekeçiler 2020-nji ýyla çenli döwlet pudagynyň yzyndan ýetip bilmezler” diýip, Baýryýew aýdýar.

Žurnalist Baýryýewiň pikirine görä, nebit-gaz ýaly köp girdejili pudaklaryň döwletiň garamagynda galýan wagtynda hususy pudagyň jemi içerki önümiň 70 prosentini öndürmegine garaşmak ham-hyýaldyr.

Häzir hususy eýeçiligiň ýurduň ykdysadyýetiniň 40 prosentini tutýandygy habar berilýär. Kiçi we orta gürpdäki telekeçilik, hususan, “torbaly” söwda esaslanýar. Ýerli telekeçiler Hytaýdan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Orsýetden we beýleki daşary ýurtlardan harytlary getirip, ýerli bazarlarda satýarlar.

“Gök bazaryndaky” ýangyn

Emma soňky ýyllarda ýurduň bazarlarynda tertip-düzgüniň gowulanýandygyna garamazdan, entek kemçilikleriň dowam edýändigini telekeçiler gürrüň berýärler.

7-nji fewral gijesi Mary şäherindäki merkezi “Gök bazarynda” uly ýangynyň bolandygy habar berildi. Şol bazarda senagat harytlaryny satýan hususy dükanlaryň bardygy hem bellendi. Emma şol ýangyn barada resmi metbugat hiç hili maglumat bermedi.

Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewiň sözlerine görä, bazardaky ýangynda döwlet däl-de, hususy telekeçiler köp zyýan çekdiler: “Deriden edilen egin-eşikleri satýan hususy söwdagäriň çeken zyýanynyň 80 müň amerikan dollaryndan geçýändigi aýdylýar”.

Ýazgulyýew häkimlige baran käbir telekeçileriň wagtlaýyn tussaglykda saklanandygyny hem habar berdi: “Ýanan zatlary üçin töleg talap etmeýändiklerini, dükanlarynyň ellerinden alynmagynyň adalatsyzdygyny aýdyp, 15 telekeçi häkimlige ýüz tutupdyr. Emma, häkimligiň bir işgäri häziriň özünde gitmeseňiz, polisiýa çagyrjak diýenden soňra, olaryň bäşisinden galany häkimligiň jaýynyň ýanyndan gidipdirler. Hakykatdanam, 20 çemesi polisiýa gelip, zatlary ýanan söwdagärleriň duranlaryny 5 günlük diýip, gabawhana salypdyrlar”.

Býurokratiýa we korrupsiýa

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň öňki orunbasary Annadurdy Hajyýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik başlangyç ösüş etabynda: “Sebäbi Türkmenistan ýapyk ýurt bolansoň, zerur statistiki maglumatlary bermeýär”.

Hajyýewiň pikiriçe, kiçi we orta gürpdäki telekeçiligiň ösmegine býurokratiýa we korrupsiýa böwet bolýar: “Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin kabul edilýän dokumentler, ýagny öz şirketiňi resmi hasaba aldyrmak, lisenziýa almak we şuňa meňzeş dokumentler ahyrynda çinownikçilik apparatynyň, ol ýerdäki korrupsiýa elementleriniň bähbidine. Hut şolar kiçi we orta gürpdäki telekeçiligiň ösmegini saklaýar”.

Garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew bu meselede öz pikirini şeýle beýan etdi: “Türkmenistanda hususy telekeçiligi ösdürmegiň hatyrasyna hökümet her bir raýatyň telekeçilik bilen meşgullanmagy üçin deň şert döretmeli. Iň esasy-da sagdyn bäsdeşligiň kemala gelmegine kömek etmeli. Häkimiýetler telekeçiligi näçe köp goldadygyça, olar türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge, ýerlerde işsizligi düýpgöter azaltmaga şonça-da oňaýly täsir ederler”.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG