Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Wideo: Maksat Kakabaýew, "Saňa bagly"

Aşgabatly aýdymçy Maksat Kakabaýew söýgi hakdaky bir aýdymynda “ödemedimmi seň ynamyňy men?” diýýär. Türkmenistandaky 30 ýaşly ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, ol häzir Akbugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesindäki deslapky tussaghanada saklanýar.

“Oňa kakasy bilen bilelikde, ozal ýapylan köne bir iş esasynda, bozgaklykda aýyp bildirilýär we günäkär tapylsa, 5 ýyl türme tussaglygy garaşýar” diýip, adyny aýtmazlygy soran ynamdar çeşme aýdýar. Şeýle-de ol Maksadyň sorag edilende urlup-ýenjilendigini habar berýär.

Aýdymçy Maksat Kakabaýew
Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary bagşylara edilýän basyşyň Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Amanowa berk käýinç berlenden soň has güýçlenendigini, Maksat Kakabaýewiň 28-nji ýanwarda, Ç.Amanowa käýinç berlenden bir gün soň tussag edilendigini ýazýar.

Aýdylmagyna görä, onuň günäsi Türkiýäniň TMB telekanalynda onuň aýdym-saz klipiniň efire berilmegi bilen bagly bolupdyr.

Ýöne garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Maksat Kakabaýewiň “jenaýat işi” diýilýän barada ýurt içinde anyk maglumat berilmeýändigini, emma adamlaryň bu hakda gürrüň edýändigini aýdýar: “Maksat Kakabaýew türk telekanalynamy, azerbeýjan telekanalynamy interwýu beripdir, 15 gün tussag edilip, 3-4 günden soň toba etdirilip goýberilipdir diýýärler”.

“Amatsyz aýdymçylaryň” gara sanawy

“Türkmenistanyň hronikasy” Internet neşiri Türkmenistanda häkimiýetleriň amatsyz hasaplaýan aýdymçylarynyň ýaşryn sanawynyň bardygyny, ol sanawa Myrat Öwezow, Kerim Gurbanalyýew, Bilbil Orazowa, Eneş Rejebowa, Laçyn Mämmedowa ýaly aýdymçylaryň hem girýändigini habar berýär.

Aýdymçy Myrat Öwezow ýakynda Mary welaýatynyň Hanhowuz etrabyndaky bir oba sürgün edildi. Oňa bildirilen günäkärleme barada anyk maglumat ýok.

Türkmenistanda aýdymçylaryň gara sanawy, ýagny olary ala tutmak, hatda klassyk şahyrlaryň, şol sanda Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň hem gadagan edilmegi öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultynyň güýçlenen ýyllarynda başlandy. Synçylaryň käbiri bu ýagdaýy Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan aýdymlarda “köp dilli kethudalar”, “berimsiz begler, bahyl baýlar”, “ýurdy bir ýanyndan satyp başlamak” barada aýylýan kesgin pikirleriň häkimiýet başyndaky adamlara ýaramazlygy bilen düşündirýär.

Nyýazow syýasy sahnadan düşenden soň Türkmenistanda aýdym-saz sungatyna garaýyş biraz liberallaşan ýaly boldy. Ýerli synçy Nurberdi Nurmämmedow türkmen telewideniýesiniň “Owaz” atlandyrylan 5-nji kanaly açylanda adamlaryň begenendigini aýdýar.

“Owaza” 5-nji kanal diýilýär, şol açylanda adamlar begendi, hakyky gerek zat, biziň medeniýetimizi ösdürjek kanal diýdiler” diýip, N. Nurmämmedow aýdýar.

Bagşylar ideologiýa garşymy?

Prezident Gurbanguly Berdimuhmedow geçen ýyl “türkmen horunyň milli öwüşgünlere baý owazynyň aýratynlygyny giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň döwlet horuny döretmeli” diýdi. Ýöne synçylar onuň bir tarapdan Nyýazow döwründäki ters işleri düzedip, ikinji tarapdan täze bir şahsyýet kultuna tarap süýşýändigini belleýärler.

Prezident geçen ýylyň fewralynda döredijilik işgärleri bilen duşuşanda, ýurtda amala aşyrylýandygyny aýdýan beýik işleriniň ýeterlik wasp edilmezligi bilen bagly, “häzirki döwürde aýdym-saz sungatynyň hem jemgyýetde öz mynasyp ornuny eýeläp bilmeýändigini, özboluşly ösüş ýoluny tapmaýandygyny” aýtdy.

Şondan soň ýurduň döwlet eýeçiligindäki radio we telekanallarynda döwlet ýolbaşçysynyň edýän “beýik işlerine” bagyşlanan aýdymlaryň görnetin köpelendigi bellenýär. Nurberdi Nurmämmedowyň pikirine görä, bagşylara, ýaş aýdymçylara basyşyň güýçlenmeginiň sebäbine düşünmek kyn, “sebäbi olar ýurtdaky ideologiýa garşy aýdym aýtmaýar”.

Berdimuhamedowyň aýdým-saz sungatynyň “özboluşly ösüş ýoluny tapmaýandygy” baradaky pikiri bilen, täze döredilýän aýdymlaryň sözi hem sazy babatda, belli bir derejede, ýerli synçylaryň hem köpüsi ylalaşýar. Aýdaly, olar garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen estradasyna goşulan aýdymçylaryň köpüsiniň ne öz ýüzüniň, ne-de öz sözüniň bardygyny, olaryň bir toparynyň gyz atlaryna düzülen sanawaçlary sanaýandygyny aýdýarlar. Hatda başga biriniň aýdymyny öz adyna geçirip, ogurlyk edip ýören ýaş bagşylaryň hem bardygy, neşä özüni aldyran bagşylaryň hem az däldigi bellenýär.

Söýgi hakdaky aýdymlara orun azalýar

Emma ýerli synçylar, şol sanda Nurberdi Nurmämmedow adamlaryň klassyky şahyrlaryň goşgularyna dördilen aýdymlary, hatda şol söýgi hakyndaky ýeňles aýdymlary diňlemäge hem kaýyldygyny, ýöne indi “Arkadag” ideologiýasy sebäpli ol aýdymlara hem ornuň azalýandygyny aýdýar.

“Aýdylýan aýdymlar esasan “Arkadag” barada, söýgi aýdymlaryna kän gezek ýetenok. Käbir aýdymlarda “Seniň bilen türkmen türkmen boldy” diýip hem aýdýarlar” diýip, N.Nurmämmedow Aşgabatdan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

“Türkmenistanyň hronikasy” atly Internet neşiriniň tassyklamagyna görä, häkimiýetler Maksat bilen türk telekanalynda çykyş edenleriň baryny, şol sanda göwreli gelin Gözel Annamuhammedowany hem çagyryp, düşündiriş ýazdyrypdyrlar.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň gadymy siwilizasiýalaryň biri bolandygy türkmenleriň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça geçirilen düýpli barlag işleri arkaly anyklanypdyr.
Aşgabatda “Türkmen halkynyň gelip çykyşy we dünýä medeniýetiniň taryhy” ady bilen halkara konferensiýasy geçirilýär. 23-24-nji fewral günlerinde geçirilýän bu maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň düzümine girýän Milli golýazmalar institutynyň howandarlygynda gurnaldy.

Halkara konferenisýasyna dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň bilermenleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda forumda aýratyn hem türkmen alymlarynyň ylmy işleriniň ünsi özüne çekýänligi nygtalýar.

“Günbataryň iň gadymy etnoslarynyň biri bolan türkmenler we olaryň uruglary adamzadyň maddy we ruhy medeniýetinde ägirt uly roý oýnady” diýip, ýurduň resmi maglumatlarynda bellenýär.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň gadymy siwilizasiýalaryň biri bolandygy türkmenleriň gelip çykyşyny öwrenmek boýunça geçirilen düýpli barlag işleri arkaly anyklanypdyr. Bu barada Moskwanyň entologlar we atropologlar assosiasiýasynyň agzasy Sergeý Polýakow aýdýar.

Taryhy hakykat

Türkmenleriň gelip çykyşy boýunça ylmy kitaplaryň we işleriň awtory, taryh ylymlarynyň doktory Sergeý Polýakow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda öňe sürülýän taryhyň gapma-garşylykly taraplarynyň barygyna hem ünsi çekdi.

Polýakowyň sözlerine görä, bu meseläniň gozgalmagyna türkmen häkimiýetleri böwet salyp gelýärler: “Halkara duşuşyk ýurtda ylmyň bardygyny we ýurtda resmi derejede öňe sürülýän taryhyň hakykydygyny, şübheli meseleleriň bolsa ýokdugyny görkezmek üçin geçirilýär”.

Sergeý Polýakow türkmen hökümetiniň öňe sürýän taryhy faktlaryna şübhe bildirip biljek we öz tapawutly garaýyşlaryny delillendirip biljek alymlaryň Türkmenistanda geçirilýän çärelere çagyrylmaýanlygyny belledi. Ol türkmen hökümeti iş ýüzünde ylmyň ösüşine gyzyklanma bildirmeýär diýen pikirde.

“Täze gelen ýolbaşçy hakykatdan hem öz ýurduny ösdürmek isleýän bolsa, ol öz ýurdunyň beýleki ýurtlar bilen giň gerimli ylmy gatnaşyklaryny ýola goýup başlaýar. Emma Türkmenistanyň bu ugurdan edýän çynlakaý ädimleri gözüme ilenok” diýip, alym Polýakow aýdýar.

Taryhçy alym soňky ýyllarda Türkmenistanda ylmyň ösüşi barada köp aýdylýan hem bolsa, ýurtda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlaryň daşary ýurtly alymlar üçin elýeterli däldigini, ýurduň ylmy institutlarynyň Orsýetiň ylmy jemgyýetçiligi bilen hem işleşmeýänligini belledi.

Milletiň ösüşi

Türkmenleriň gadymy geçmişine buýsanmak we onuň adamzat üçin ähmiýetini nygtamak tendensiýasy Türkmenistanda köpden bäri dowam edip gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de ýurtda halkyň we milletiň ösüşi, şol sanda medeni ösüşi üçin mümkinçilikler örän çäkli bolmagynda galýar.

“Niýazow döwri bilen deňeşdirilende belli bir özgerişlikler boldy. Emma olar kosmetiki. Häzir halk aýdymlary aýdylsa-da, radioda we telewideniýede klassikleriň diňe söýgi baradaky eserleri efire berilýär. Sosial temadan goşgular berilmeýär” diýip, türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aýdýar.

Özbegistanly taryhçy Umyt Babamatow bolsa milletiň taryhyna buýsanmagyň häkimiýetleriň halkyň beýik bolmagyny islemeginiň alamaty hökmünde garamaýar: “Ýolbaşçylar milletiň saýlananlygyny nygtamak bilen, halkyň diňe hökümetiniň daşynda birleşmegini gazanmak işleýär”.

Babamatow şeýle syýasatyň halkyň milletçilik duýgularyny tutaşdyrmak ýaly netijelere hem getirýänligini belleýär. Onuň pikirine görä, halkyň beýik bolmagyna itergi berýän güýç intelligensiýa bolup durýar, emma intelligensiýa ähli döwürlerde-de diktaturalaryň esasy baş agyrysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG