Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ezizow: “...Meňzäsim gelenok öňküligime, Bu topraga bolsa, meňzäp bilemok.”
Gurbannazar Ezizow
Şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda ýaşap ýörenliginde şu gün 71 ýaşamalydy. Ol öz ilini “ýigit kimin söýendigini, söýýän diýip gygyrmandygyny” aýdypdy. Şeýle-de ol “il başyna düşen işden hiç zat bilen goranmak” islemändi. Şahyr “hakyň gözüne bakmaga” çagyrypdy. Sebäbi ol şonda “şer işiň ýerden göçjegine” ynanýardy.

Käte kämil hasaplaýan şahyrlaryňy hem gaýtdan okaňda telperlik, ýasamalyk, emel görýärsiň-de, birhili, olaryň eserlerinden, öň gowy görüp okan zatlaryňdan sowaşýarsyň. Emma bu Gurbannazaryň goşgulary babatda beýle bolmaýar. Bu, meger, onuň galam bilen ak kagyzyň öňünde, diýmek okyjynyň, il-günüň öňünde diňe çynyny, öz ynanan zadyny aýtmaga synananlygy bilen düşündirilip bilner.

“Bar zat boldy: söýgi, dostluk, ýalan söz,
Büdremeler, ýasly gündir bagtly gün...”


Onuň üçin “dirileriň öleni we öljegi, ýöne olaryň müň ýyllar ötüp, başga biri bolup dünýä injegi örän aýdyň hakykat”. Belki-de, hut şu sadadan ýönekeý ynanaç hem onuň öz-özüne şeýle sorag bermegine esas bolan bolmaly:

“Beýle bolsa, kimkä meniň geçmişim,
Şahyrmykan,
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan
Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?”


Ýöne şahyryň ýaşan döwri “çyn sözüň sarpasyny saklamak” aňsat däldi (Dogry, ol Nikita Hruşewiň Stalini paş etmegi bilen dörän syýasy maýylganlygyň neslidi, muny unutmak bolmaz!). Eýsem, çyn sözüň sarpasyny saklamak haçan aňsat bolupdy? Ol, goşgularyndan görnüşine görä, “çyn söz üçin özüni gurban etjekdi”.

Şahyr “ölse, dogry sözüň duşmanyny inkär eden menini ýeriň öpjegine we müň ýyl ötüp, ýene şol şahyr... bolup dowam etjegine” ynanýardy. Bu, megerem, ataizmiň, ýagny hudaýsyzlygyň wagyz edilýän döwründe öz hudaýyňy, öz gulluk etjek hakykatyňy gözlemek, belki-de tapmak ýaly bir zatdy.

Onda özüňi, öz ýoluňy, ynanjyňy gözlemek bilen bagly setirler kän duşýar. Ýalňyşmaýan bolsam, Gurbannazar şahyryň okyjynyň ýüregine hem beýnisine ýetmegiň uzak ýoluny gysgaltmakdaky başarnygy hem şu gözlegde. Sebäbi ol okyjyny şol gözleg bilen yzyna düşürýär we onuň baryp ýeten ýeri, pikiriň çuňlugy ýa sadadan owadanlygy seni hiç wagt lapykeç etmeýär:

“...Meňzäsim gelenok öňküligime,
Bu topraga bolsa, meňzäp bilemok.”


Platon “şahyrlar öz düşünmeýän beýik hem parasatly zatlaryny aýdýarlar” diýipdir. Belki, akyldar mamladyr. Gurbannazar Ezizow “diňe berilmeýän zatlaryň gorunyň gutarýandygyny” aýdanda 35-em ýaşamandy:

“Diňe söýmeýänleň, köýmeýänleriň
Özgäni beýgeltjek ajaýyp syry,
Bir gyzyl manat deý gizleýänleriň
Gutarýar ekeni ýürekde gory.”


Gurbannazar Ezizow
Şahyr “Men özümi aýamadym hiç ýerde, Özümi bagş etdim özgeler üçin” diýip ýazan wagty, ýa “Haýyr işler üçin taýýarlyk boldum” diýende, meger, hiç bir okyjy oňa gereginçe çynlakaý garan däldir. Sebäbi ol 1975-nji ýylda, hökmürowan SSSR-iň dargamagynyň ilkinji alamatlaryny görkezen 1985-nji ýyldan hem on ýyl öň öldürilipdi.

Ol SSSR-iň ahyry bir gün synjagyny bilendir ýa şuňa ynanandyr diýip aýtmak kyn. Onuň rewolýusiýa hakyndaky setirleri, Ikinji jahan urşy bilen bagly goşgulary ýa otuzunjy ýyllaryň goşgulary baradaky pozisiýasy şahsyýetiň ýaşan, terbiýe alan döwründen üzňe bolup bilmeýändiginiň alamaty bolsa gerek.

Ýöne ol Staliniň ölüminden soň dörän syýasy maýylganlygyň türkmen edebiýatyna beren iň çuň şahyrydy. Ol sowet ideologiýasynda “tebigatyň boýun egdirilýän” wagty, gussa çekýäň diýip tankyt ediljegini bilse-de, adam bilen tebigatyň arasyndak sazlaşygyň ýaşamagynay arzuwlapdy.

Gurbannazar Ezizow erk hakynda ýazan goşgusynda boş dünýä çagyrýan lälik erki erk tapyp daňmaga hem taýak bilen saýmaga çagyrypdy. Elbetde, bu kinaýa bilen aýdylan söz, ýöne, il içinde aýdylyşy ýaly, her bir kinýada çynyň ülşi bar.

Gurbannazar şahyryň beýikligi, megerem, onuň tä soňky demine çenli özüni törpüläp gezenliginde, öz-özüni aldajak, özgeleri aldajak bolmanlygynda ýa aldaýandyryn öýdüp pikir etmänliginde, özüne we galamyna dürs bolanlygynda bolsa gerek.
Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna galla ýygnaldy.

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagyny guramagy wise-premýer Akmämmedowa tabşyrdy.

Prezidentiň mejlisde aýdan sözlerine görä, geçen ýyl ýurduň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň özi üçin zerur bolan galla hasyly ýygnalypdyr. Şu ýylyň hasylyny hasaba alanyňda döwlet üçin zerur bolan möçberden artykmaç ätiýaçlyk galla hasylynyň ýygnanjagyna umyt baglaýan Berdimuhamedow ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagy guramagy oba hojalyk pydagyna garaýan wise-premýer Akmämmedowa tabşyrdy.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna galla ýygnaldy. Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu görkezijini ýurduň taryhynda ilkinji gezek gazanylan ýokary netijedigini habar berdi.

Saparmyrat Nyýazowyň döwründe galla hasylynyň ýygnalyşy barada gereginden artyk çişirilen hasabatlar ýaýradylardy. 2006-njy ýylda Türkmenistanda ýygnalan gallanyň mukdarynyň 3 million 500 müň tonna bolandygy barada resmi maglumat ýaýradylypdy.

Ýurtda üç ýarym million tonna bugdaý ýygnaldy diýlip resmi maglumatlar ýaýradylan-da bolsa, eýýäm 2006-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistanda un ýetmezçiligi mese-mälim bildiripdi.

Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanandan soň, galla barada ýalan hasabaty bermegiň nädogrudygyny aýtdy we köpçülige hakyky maglumatyň berilmegini talap etdi. Netijede 2007-nji ýylda Türkmenistanda bary-ýogy bir milliondan gowrak gallanyň ýygnalandygy barada resmi maglumat berildi.

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň garaşsyz ekspertleriniň 2005-nji ýylda beren bahasyna görä, Türkmenistanyň galla bolan ýyllyk zerurlygy 2 million 500 müň tonnadyr. Emma Türkmenistanyň resmileri ýurt üçin 1 million 500 müň tonna gallanyň ýeterlikdigini aýdýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistan her ýylda Gazagystandan hem-de Orsýetden azyklyk gallany import edýär. Ýurduň dükanlarynda hem-de bazarlarda Gazagystandan hem-de Orsýetden getirilen haltaly unlar erkin bahadan ilata satylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG