Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Bir ýyl gowrak wagt mundan ozal Arçman şypahanasynda 420 orunlyk täze bina halka hyzmat edip başlady.
1925-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Halk Komissarlar Sowetiniň Başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň karary bilen kurort statusy berlen “Arçman” şypahanasynyň hyzmatyndan peýdalanýan türkmenistanlylaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Mineral suw ýylylygy 28,7°C, kükürt wodorodly – 15/22 mg/metr gowşak minerallaşdyrylan -2,0 -2,2 mg/metr, gaz düzümi boýunça azotly kationlaryň litiý, kaliý, natriý, magniý, kalsiý, stronsiý ýaly görnüşleriniň 5-sini düzüminde jemleýän Arçman mineral suw çeşmesi garyn, içege, aşgazan, öt haltasy, aýal keselleri ýaly keselleri bejermekde aýratyn täsirli hasaplanýar.

Rowaýata görä, endam-janynda gijilewükli örgün dörän Arçman atly bir adamy ýekirip, obadan çykaryp kowupdyrlar. Arçman obadan çykyp, ugrunyň hanjakdygyny bilmän, ýol bilen gidiberipdir. Dagyň göwsünden akyp ýatan bir çeşmäniň başynda dynç almak üçin aýak çeken Arçman suwdan ganyp içipdir. Suwa düşünip, çeşmäniň başynda birki gün dynç alyp, ýatyp turupdyr. Öz endam-janyndaky örgünden nam-nyşan galmandygyny görübem, ol yzyna — obasyna dolanypdyr. Adamlara üýtgeşik çeşme suwy barada gürrüň beripdir, şondan bärem bu çeşmäniň ady “Arçman ata” adyny alypdyr. Şu rowaýat il içinde henize-bu güne çenli aýdylýar.

Arçman obasynyň ýaşaýjysy Atageldiniň aýtmagyna görä, “Arçman” şypahanasynda gurlup, ulanylmaga berlen ilkinji kotej jaýlaryň sany bary-ýogy 10 sany bolupdyr. Birbada 40 adama hyzmat edip bilýän jaýlaryň ýany bilen Soýuz döwründe gurlan 800 orunlyk, köp gatly ýatak jaýlary, naharhana, suwa düşülýän wanna korpusy we beýleki bejeriş çäreleri geçirilýän otaglar gurlup, zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Bir ýyl gowrak wagt mundan ozal bolsa 420 orunlyk täze bina halka hyzmat edip başlady. Garaşsyzlyk ýyllary döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýän şypahananyň töwerek-daşy gür arça tokaýlygyna bürendi, ozalky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda şypahananyň işgärlerine niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 5 gatly ýaşaýyş jaýynyň, medeniýet öýünüň gurluşygy hem alnyp barylýar.

Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan saglygyny bejertmäge gelen Selbiniň aýtmagna görä, şypahanada näsaglar üçin uly alada edilýär. Bu ýerde köp ýyllyk tejribeli lukmanlar, şepagat uýalary zähmet çekýärler. Bejergi almakda hiç bir bökdençlik bolmaýar, jana şypa berýän mineral suwly wannalaryň işi has hem ýola goýlan. Ýurduň ähli sebitlerinden bu ýere saglyklaryny bejertmek üçin gelmek isleýänler köp. Olar eýýäm şu günlerden iýun aýy üçin nobata ýazylýarlar. Şypahana saglygyny dikeltmäge gelýänleriň aglabasy ýaşlar.

Selbi özüniň Türkmenistanyň beýleki şypahanalarynda hem saglygyny bejertmek üçin bolup görendigini gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda täze binalaryň gurluşygy alnyp barylýan Mollagara şypahanasynyň, geçen ýyl täze binasynyň gurluşygy tamamlanan Farap şypahanasynyň näsaglara hyzmat edişi örän gözgyny.

“Ady agzalan şypahanalara ýolbaşçylyk edýän baş lukmanlar we degişli işgärler “Arçman” şypahanasynyň işiniň gurnalyşyndan tejribe alsalar, gowy boljak. Lukmanlaryň biri-biriniň iş tejribelerini öwrenmeklerini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gurnap bilerdi” diýip, Selbi aýdýar.

Türkmen topragyna tebigatyň eçilen gymmatlyklary örän köp. Olaryň biri hem ýer ýüzünde seýrek duş gelýän mineral suwly çeşmelerdir. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden 80 kilometr demirgazykda, “Garşy” dynç alyş öýüniň golaýynda, Hazaryň kenarynda burawlaýjylar tarapyndan 1956-njy ýylda üsti açylan ýürek-damar kesellerini bejeriş häsiýeti bolan mineral suwly skwažinanyň, Ýolöten etrabynda “Bulak baba” bejeriş häsiýetli kölüň, Köýten-Dag etrabynda “Gaýnar baba”, Magtymguly etrabynda “Parhaý” mineral suwly çeşmäniň halka hyzmat etmegi üçin onlarça ýyl bäri degerli alada edilmän gelinýär.

Döwlet ýolbaşçysynyň sanatorileriň, şypahanalaryň işlerini ýola goýmaga üns berýändiginden halk hoşal. Ady agzalan we ýurtda bar bolan başga-da birnäçe mineral suwly çeşmeleriň hem halka hyzmat edýän şypahanalaryň sanawyna goşuljakdygyna halkda ynam bar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy.
Saglyk ulgamynda giň ýaýran korrupsiýa eneleriň we çagalaryň janyna howp salýar diýip, habar berilýär.
5-nji martda türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda we etraplarynda “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere bagyşlanan dabaralar geçirildi.

Emma “Saglyk ulgamynda giň ýaýran korrupsiýa, professional derejäniň pesligi, ilatyň sosial goragynyň ýaramazlaşmagy türkmenistanly eneleriň we çagalaryň janyna howp salýar” diýip, bize gowuşýan habarlarda aýdylýar.

“Ýurduň çaga dogrulýan öýlerindäki ýagdaýlar “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolup biljek zenanlaryň sanynyň gitdigiçe azalmagyna getirer” diýip, özüni Maýsa Nuryýewa diýip tanadan graždan aktiwisti Azatlyk Radiosyna Türkmenistandan ýollan hatynda ýazýar.

Çaga dogrulýan öýde...

“13-nji fewralda ir sagat 11-de Aşgabat şäheriniň çaga dogrulýan öýüne “Tiz kömek” maşynynda bir göwreli aýaly getirdiler. Onuň ýagdaýy agyrdy. Burgusy tutup, agyra çydaman ýatyrdy – diýip, graždan aktiwisti hatyny dowam etdirýär. - Çaga dogrulýan öýde göwreli gelniň propiskasyny, ýagny nirede hasaba alnandygyny soradylar. Göwreli gelniň Abadan şäherinde hasaba alnandygyny, emma propiskasy Aşgabatda bolan adamsy bilen paýtagtda ýaşaýandygyny anyklan saglyk işgärleri ýaş gelni kabul etmekden boýun gaçyrdylar we onuň propiskasy boýunça öz degişli keselhanasyna barmalydygyny aýtdylar” diýip, Maýsa Nuryýewanyň hatynda aýdylýar.

Maýsa Nuryýewanyň tassyklamagyna görä, “Tiz kömegiň” wraçy ýaş gelne kömek etjek bolup, keselhananyň işgärleri bilen dawalaşypdyr. Ýöne mundan netije bolamsoň, ol “Tiz kömegiň” içinde zerur enjamlar bar, başga çykalga bolmasa, çagany maşynyň içinde dograrsyň” diýipdir.

“Ýaş gelin çaga dogrulýan öýüň binasyndan çykarylan badyna bäbegiň kellejigi görnüp başlady. Şondan soň gelni operasiýa edilýän zala ýerleşdirdiler” diýip, Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, göwreli gelniň hossarlary özleriniň çaga dogrulýan öýde ýaramaz garşylanyşlary barada Saglygy saklaýyş ministriniň adyna şikaýat ýazjakdyklaryny aýdýarlar, emma wraç: “Kime ýazsaňyz ýazyň, men hiç kimden gorkamok” diýip, gödek jogap berýär. Graždan aktiwistiniň tassyklamagyna görä, şol gün operasiýa stolunda doglan çaga bir günden soň aradan çykypdyr.

“Bu gürrüňi edilýän bäbekhanada bir gezek bolan zat däl” diýip, graždan aktiwisti Maýsa Nuryýewa Aşgabadyň çaga dogrulýan öýünde saglyk işgärleriniň geleňsizligi, doňýürekligi hem professional derejeleriniň pesligi sebäpli dünýa inip ýetişmän heläk bolýan neresseleriň sanynyň az däldigini, çaga dogrup, ýaş üstünden ölýän ýaş zenanlaryň hem bardygyny aýdyp biljekdigini ýazýar.

Korrupsiýa we halkyň hukuksyzlygy

Döwlete degişli däl guramalaryň, garaşsyz hukuk goraýjy toparlaryň kanun esasynda hasaba alynýan we arkaýyn işläp bilýän ýurtlarynda şeýle ýagdaýlar dokumentleşdirilýär we jemgyýetçilige aýan edilýär. Emma Türkmenistanda beýle mümkinçilik ýok we aktiwistler bu hili habarlary öz atlary bilen açyk aýtmakdan hem çekinýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda saglyk ugrundan uly işleriň edilýändigini, döwrebap saglyk öýleriniň gurlup, ulanylmaga berilýändigini aýdýarlar. Emma saglyk ulgamyndaky korrupsiýanyň Türkmenistanyň welaýat ýerlerindäki keselhanalarda hem az däldigi habar berilýär.

Mysal üçin, Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy ýerli habarçymyz Soltan Açylowa bilen söhbetdeşlikde öz düşen ýagdaýy barada şeýle diýdi: “Ýaraman, Mary şäherindäki poliklinika bardym, göwrämdäki çaganyň içimde ölendigi belli boldy. Emma wraç ony aýyrmak üçin 100 dollar talap etdi”.

Leýla atly türkmen raýaty hem özüniň 28 ýaşyndaky jorasynyň ýaş üstünden ýogalandygyny, muňa çaga dogranda saglyk işgärlerine bermäge pul tapmazlygynyň sebäp bolandygyny gürrüň berdi. “Keselhanalarda, pul bermeseň, ýanyňa gelýänem, halyňy soraýanam ýok” diýip, Leýla Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG