Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoly” Türkmenistany Gazagystanyň üsti bilen Orsýet we Hytaý bilen, Eýranyň üsti bilen bolsa Pars aýlagyndaky ýurtlar bilen baglanyşdyrar.

15-nji martda Aziýa ösüş bankynyň ýaýradan metbugat beýanatynda bu bankyň ilkinji gezek Türkmenistana 125 million dollarlyk karz pul berýändigi aýdyldy.

Bu kreditiň “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň” Türkmenistana degişli böleginde elektrik, aragatnaşyk, telekommunikasiýa sistemalarynyň gurluşygyna niýetlenip berlendigi aýdylýar. Bu proýekt Türkmenistany Gazagystanyň üsti bilen Orsýet we Hytaý bilen, Eýranyň üsti bilen bolsa Pars aýlagyndaky ýurtlar bilen baglanyşdyrar.

Bu proýektiň Türkmenistana degişli demir ýol böleginiň gurluşygynyň Yslam ösüş bankyndan we eýranly “Pars energy” kompaniýasyndan alnan kredit serişdeleri bilen maliýeleşdirilýändigi habar berilýär.

2011-nji ýylyň fewral aýynda Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti Şiaýo Žaonyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa iş sapary bilen Türkmenistanda boldy. Bu saparyň barşynda bankyň delegasiýasy “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluň” gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy.

Aziýa ösüş bankynyň proýektler boýunça wekili Şakeel Khanyň metbugat beýanatynda bellemegine görä, bu demir ýol marşruty bilen regionda nebit, oba-hojalyk we tekstil önümleri ýaly harytlary daşap, söwda-satygyň ösmegine itergi berip bolar.

Bu proýekt Merkezi Aziýanyň harytlaryny Pars aýlagynyň portlaryna ýetirmek üçin häzir ulanylýan transport ýoluny 600 kilometre çenli gysgaldyp biler diýlip, Aziýa ösüş bankynyň metbugat beýanatynda aýdylýar.

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluň” Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” böleginiň ugrunda Bereket hem Serhetýaka atly täze demirýol stansiýalarynyň gurlup başlanandygy barada hem habar berilýär.

Proýektiň bähbidi

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew “Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň” Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin örän bähbitli boljakdygyny aýdyp, onuň goşmaça iş ýerlerini hem döredip biljekdigini nygtady. Ýurtda korrupsiýanyň gülläp ösendigini belläp, ýazyjy hökümet tarapyndan bu proýektiň gurluşygy üçin berilýän serişdeleriň ýerlikli sarp edilmegine gözegçilik etmegiň möhümdigini tekrarlady.

Türkmenistanyň maliýe ulgamynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Annadurdy Hajyýew şeýle proýektleri amala aşyrmaga Türkmenistanyň öz serişdeleriniň ýeterlikdigini aýdyp, yurda kredit, karz almak zerurlygynyň ýokdugyny öňe sürýär.

Şeýle hem ykdysatçy döwlet býujetinden sarp edilýän serişdeleriň myhmanhanalaryň gurluşygyna däl-de, “Demirgazyk-Günorta demir ýoly” ýaly ýurduň ykdysadyýetine bähbitli proýektlere, infrastrukturanyň döwrebaplaşdyrylmagyna sarp edilmelidigini nygtaýar.

Ykdysatçy Hajyýew Aziýa ösüş bankyndan alnan kreditiň gowy tarapyny bolsa, şeýle halkara maliýe guramalaryň, adatça, aç-açanlygy talap edýänliginde görýandigini aýdýar.

“Elbetde, sarp edilen serişdeleriň jikme-jik hasabatyny türkmen häkimiýetleriniň özleri talap etmeli. Ýöne Türkmenistanyň ýagdaýynda beýleki bir tarapyň hasabat berilmegi, aç-açanlygy talap etmegi hem gowy zat” diýip, ykdysatçy Hajyýew aýdýar.

Aziýa hem Ýuwaş okeany sebtinde garyplygyň derejesini peseltmek ugrunda hereket edýän Aziýa ösüş bankynyň düýbi 1966-njy ýylda tutuldy. Türkmenistan bu bankyň agzalygyna 2000-nji ýylda kabul edildi. Ol 67 agza ýurduň içinde paýdarlyk derejesi boýunça 34-nji orunda durýar.

Bankyň 125 million dollarlyk kredit boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan proýektiniň 2012-nji ýylyň sentýabrynda tamamlanmalydygy barada Aziýa ösüş bankynyň beýanatynda bellenýär.
Orsýetiň kommunistleri Moskwadaky ýörişde, 2005-nji ýyl.

Orsýetiň Kommunistik partiýasy Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýollady we kommunist Serdar Rahymowy azatlyga çykarmaga çagyrdy.

Öňki diplomat, partiýa işgäri S.Rahymow 2002-nji ýylda Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän waka bilen bagly tussag edilipdi. Onuň ykbaly nämälimligine galýar.

Azatlyk Radiosyndan Gözel Hudaýderdiýewa Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň postsowet giňişligindäki Federasiýasynyň yolbaşçysynyň orunbasary, awiasiýanyň general-maýory Ýewgeniý Kopyşew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Kommunistik partiýasynyň Serdar Rahymowy goldap, Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat bilen ýüzlenmegine näme sebäp boldy?

Ýewgeniý Kopyşew:
2002-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň kommunistleriniň lideri Serdar Seýitmyradowiç Rahymow 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Hazirki wagtda onuň nirede saklanýanlygy barada hiç kim, hatda onuň ayally, ogly, gyzy we agtyklary, dost ýarlary hiç zat bilenoklar. 9 ýylyň dowamynda biz Türkmenistanyň prezidentlerine - hem Nyýazowa hem-de Berdimuhamedowa - 4-5 gezek ýüzlendik.

Azatlyk Radiosy: Edýän talabyňyz nämeden ybarat?

Ýewgeniý Kopyşew: Biz Rahymowyň hiç bolmanda jezasynyň ýumşadylmagyny, ýagny onuň maşgalasy bilen hat alyşmak we duşuşmak mümkinçiligine eýe bolmagyny talap edýaris. Emma aslyýetinde biz ol doly boşadylmaly diýip, hasap edýäris. Sebäbi Serdar Rahymow we beýlekiler 2002-nji ýylyň noýabr aýynda häkimiýetleriň Nyýazowyň janyna kast edişlik diýip, öz gurnan prowokasiýasynyň pidasy boldy diýip, hasap edýaris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna edip gelýän ýüzlenmeleriňize şu çaka çenli reaksiýa boldumy?

Ýewgeniý Kopyşew: Reaksiýa barada aýdylanda, reaksiýa bir gezek bolupdy. 2006-njy ýylda Kompartiýamyzyň agzasy Ýegor Ligaçewden hat alansoň, Nyýazow Türkmenistanyň ilçisi Agahanowa Ligaçewi çagyryp, oňa Rahymowyň kanuna laýyklykda tussag edilenligini düşündirmegi tabşyrypdy. Geçirilen şol duşuşykda Ýegor Ligaçew Rahymowyň azat edilmeginiň zerurlygyny delillendiripdi.

Rahymowyň henize çenli tussaglykda saklanmagy häkimiýetleriň ondan gorkýanlygyny görkezýär. Sebäbi Rahymow akylly we öran arassa adam. Ol sowet döwründe Türkmenistanyň Kompartiýasynyň ideologiýa boýunça sekretary bolupdy. Türkmenistanda bolsa şu günki güne çenli ýörite gulluklaryň gözegçiliginiň örän güýçlidigini, adamlaryň öz pikirleri sebäpli türmä düşmek gorkusy astynda saklanýanlygyny bilýäris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň adalat sistemasyna nähili baha berýärsiňiz?

Ýewgeniý Kopyşew: Adamy türmä basmak we ondan hatda maşgalasynyň habar almagyna rugsat bermezlik ýaly ýagdaýlary diňe 1930-njy ýyllaryň repressiýalaryna deňemek mümkin. Türkmenistanyň şu günki ýagdaýyna syn etsek, demokratiýa tarap öňegidişlik beýlede dursun, hatda ýurduň feodallyga tarap yza gaýdýanlygy barada pikir döreýär. Adamlar ýurtdaky kemçilikler barada öz pikirlerini açyk aýtmak mümkinçiligine eýe däl. Aslynda bu jemgyýet däl-de, ýöriteleşdirilen režimli koloniýa bolup durýar. Emma şeýle rezimleriň hem nähili ýagdaýa düşýänligini afrika we arap döwletlerindäki wakalardan görmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň syýasy ýagdaýyna şeýle baha berýän bolsaňyz hem prezidente ýüzlenmek kararyna gelipsiňiz. Siz nämä bil baglaýarsyňyz?

Ýewgeniý Kopyşew: Biziň maksadymyz öz kärdeşimizi azat etmek üçin elimizden geleni etmek, biz türkmen häkimiýetleriniň akyl-paýhasyna bil baglaýarys. Türkmenistanda günä geçişlikler geçirilýär, biz şeýle günä geçişligiň Rahymow boýunça hem geçirilmegini isleýäris. Arassa adam azat bolmaly.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG