Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistandaky gurluşyklar esasan türk gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlisde ýurtdaky uly göwrümli şäher gurluşygy programmasynyň amala aşyrylyşy, möhüm desgalarda we gurluşyklarda işleriň barşy, täze gurlan sosial-medeni maksatly binalary tabşyrmak dabaralaryna taýýarlyklar ýaly meselelere garaldy.

Ýurduň prezidenti gurulýan binalary öz möhletinde tabşyrmak, olaryň hiline gözegçilik etmek barada beren tabşyryklarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi boýunça görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň prezidenti fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2011-nji ýylda gurluşyk işlerine 7 milliard amerikan dollarynyň harçlanjakdygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde uly gowrümli gurluşyk işleri dowam edýär. Bu işler dürli daşary ýurt kompaniýalary, esasan-da türk gurluşyk kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Gurluşyklaryň hili

Türkmen prezidenti gurulýan desgalaryň hiline üns bermelidigi barada yzygiderli görkezme berýär. Emma Türkiýede bolan ýer titremede türk firmalarynyň guran jaýlarynyň hiliniň köpçülige äşgär bolandygyny “Respublikan”oppozision partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow aýdýar.

“Hakykatdan-da, Türkiýede bolan ýer titremeden ýykylan jaýlary barlanlarynda, sementiň ýerine çägeden peýdalanandyklary anyklandy. Şonda bir topar şirketiň başlyklaryny türmä basypdylar” diýip, Hanamow ýatlaýar.

Onuň sözlerine görä, öňler nähili proýekt bolsa-da, gurluşyk tamamlanyp-tamamlanmanka “döwlet gurluşygy” edarasyna tabşyrylýardy. Edara onuň seýsmologik durnuklylygyny, onuň 9 bal ýer titremesine çydamlylygyny we ähli gurluşyk materiallaryny barlaýardy. Soňra şol proýekti tabşyrmaga we ulanmaga rugsat berilýärdi. Emma häzir ýagdaý başgaça diýlip, ýerli žurnalistler habar berýär.

Seýsmologik zona

Spesialistleriň sözlerine göra, Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri ýaly, Türkmenistan hem seýsmologik zona hasaplanýar. Türkmen Sowet ensiklopediýasynda ýazylmagyna görä , 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremäniň güýji 9 bal bolupdyr. Emma şol ýer titremede ölenleriň sany barada henize çenli anyk maglumat ýok.

Şondan soň hem Türkmenistanda dürli ownukly-irili birnäçe tebigy hadysalar ýüz berdi. 2000-nji ýylda Gazanjykda bolan ýer titremesi barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle gürrüň berýär: “Gazanjykda iki asyryň sepgidinde gaty aýylganç ýer titreme boldy. Döwlet derejesinde hasabat berilmese-de, şonda şäheriň merkezindäki jaýlaryň 90%-den gowragynyň mundan beýläk ýaşamaga howpludygy barada ýörite aktlar ýazyldy”.

Suw-gurluşyk inženeri we Türkmenistanyň öňki diplomaty Nurmuhammet Hanamow ilki bilen ýurtdaky seýsmologik stansiýalary ugrukdyrmalydygyny we olary ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmelidigini, şeýle hem ulanyşa tabşyrylýan desgalaryň barlag işleriniň güýçlendirilmelidigini nygtaýar.

Synçylar täze gurulýan jaýlaryň howpsuzlygy we gurluşyk işlerine gözegçilik meselesinde ýurtdaky söz we metbugat azatlygynyň hem möhum rol oýnaýandygyny öňe sürýärler.
Türkmen çöregi
1995-96-njy ýyllaryň çörek gytçylygy megerem ähli türkmenistanlylaryň aňynda hemişelik galan bolsa gerek.

«Çöregiň atly, ýurduň ilatynyň bolsa pyýada gezen şol ýyllary indi beri gaýtalanmasyn» diýip, häli-şindi ilat arasynda gürrüň edilýändigine duşsa bolýar.

Häzirki döwürde galla üçin daýhanlaryň zähmetine tölenmeli nyrhlar galdyryldy. Döwlet derejesinde plandyr maksatnamalar kabul edilse-de, ozalky ýyllardaky ýaly nätakyk sanlar çişirilip ýörülmeýär. Daýhan öz ekmeli dänesini wagtynda ekýär, bolanja hasylyny hem ýygnap, döwlete tabşyrýar.

Gazagystan, Orsýet ýaly goňşy ýurtlardan ýokary sortly unlar hem ýurda getirilýär. Öz öndürýän gallasy hem oňşarlyk bolansoň, soňky iki ýylyň dowamynda ýurduň ähli sebitlerinde un-çörek gytçylygy barada asla gürrüň edilmeýär.

Etrapdyr-obalarda arzan bahadan ilata berilýän un paýy bökdençsiz berlip dur. Ozal ilata berilýän alty kilogram un paýynyň iki kilogramy gara undy. Bu ýagdaýdan ilat gaty bir razy däldi. Bir ýyldan gowrak wagt bäri bu düzgün ýatyrylyp, un paýy ilata dolulygyna birinji sortdan berilýär.

Aşgabatly ýaşaýjy Sonanyň aýtmagyna görä, Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda häzirki ýaly un-çörek bolçulygy bolmandy. Haýsy welaýata, haýsy etraba barsaňam, dürli görnüşdäki çörekler, bulkalar, kökeler elýeter bahadan satylyp dur. Elde bişirilýän tamdyr çöreklerini-de hemme bazarlardan satyn alyp bolýar. Çörekleriň hili hem ýokary.

Emma tebigy we tehnogen hadysalar sebäpli dünýä döwletlerinde azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagynyň ýetirýän täsiri soňky ýarym ýyllykda Türkmenistanda hem az-owlak duýulman durlanok. Elli kilogramlyk bir halta birinji sort unuň bahasy ozal 28 manada duran bolsa, ony häzir 40-50 manat bahadan satyn alyp bolýar.

Türkmenistanda köp çagaly maşgalalarda esasy iýmitiň çörek bolmagy bilen, döwlet tarapyndan berilýän un paýy maşgala üçin bir aýa ýeterlik bolmaýar. Goşmaça uny bolsa gymmat bahadan almaly bolýar. Bu ýagdaý köp çagaly maşgalalara aňsat düşmeýär. Goňşy döwletlerden getirilýän unlaryň bahasy has hem ýokary.

Ilat üçin hemişe gymmada düşýän zatlaryň ýene biri mal iýmleri. Bir kilogram kepegiň bahasy iým satylýan dükanlarda 44 -50 teňňe. Ilata berilýän birinji sort unuň bir kilogramynyň bahasy hem 40 teňňe. Ýagny, birinji sortly un bilen kepegiň bahasy deň. Hatda kepek undan gymmadrak hem bolýar.

Mal iýmleriniň gymmatlygy hem-de onuň ýokumsyzlygy sebäpli köp adamlar mallaryna gara çörek berýärler. Sonanyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň eteklerindäki obalaryň, Änewiň, Gökdepäniň ýaşaýjylary paýtagtyň ilatyny süýt-gatyk önümleri bilen üpjün edýärler. Kepek gymmat bolany sebäpli, olar mal iými üçin Aşgabat şäheriniň çörek dükanlaryndan arzan bahaly gara un satyn alýarlar.

Satyjylar elbetde, bu ýagdaýa göz ýetirmän duranoklar. Dükanlarda her ele bäş çörekden artyk bermezlige çalşylýar. Şeýle-de bolsa, şähere süýt daşap güzeran aýlaýan oba ýaşaýjylarynyň hem yzy üzülmänsoň, her günde mal üçin satyn alynýan çörekleriň mukdary eslije bolýar. Şu ýagdaý sebäpli çörek dükanlarynda gara çörek hemişe tapdyrmaýar.

Süýji keselli näsaglara esasan gara çörek iýmek maslahat berilýär. Şol sebäpli gara çörek gözläp ýören adamlara-da mydama duşsa bolýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG