Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Oba ýerleri, hatda bir näçe etrap merkezleri hem çagalar üçin ýasli-baglaryna mätäç.
Türkmenistanyň prezidentiniň “Obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin” Milli Maksatnamasyna laýyklykda ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyklar, edilýän işler sanardan köp. Gurluşyklar esasan welaýat merkezlerinde alnyp barylýar. Gurluşyklaryň sanawyna administratiw jaýlar, tekstil fabrikleri hem girýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň ozalky miweçilik sowhozynyň ýaşaýjysy Ogulnaryň aýtmagyna görä, geçen asyryň 89-90-njy ýyllarynda obany özgertmek maksady bilen Moskwanyň gurluşyk we arhitektura institutlarynyň birinden ýörite arhitektor çagyrylyp, obanyň arhitekturasy çyzga geçirilipdir. Şol çyzgyda her bir hojalygyň mellek ýeri, mekdebiň, keselhananyň, çagalar ýasli-baglarynyň, klubuň, kitaphananyň, medeniýet öýüniň, dermanhananyň ýerleşmeli ýerleri takyk görkezilip, munuň üçin ýörite ýerler ölçelip taýyn edilipdir. Emma gurluşyklara başlanmanka Soýuz dargap, bu proýektler durmuşa geçmän galypdyr.

1992-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, oba ýaşaýjylaryna mellek ýerlerini bermek barada görkezme berilmegi bilen, çyzga geçirilen mellek ýerleri artykmajy bilen ilata paýlanyp berlipdir. Medeni maksatlar üçin niýetlenen meýdançalar bolsa obanyň ortasynda birnäçe ýyllar bäri boş durupdyr. Döwlet tarapyndan ünsden düşürilen ýasli-baglaryň, klublaryň, kitaphanalaryň ýapylmagy bilen olaryň jaýlary oba ýaşaýjylaryna satylyp, hökümet edaralaryna niýetlenen desgalar hojalyk jaýlaryna öwrülipdir. Täze binalaryň gurluşygy barada hiç bir meýilnama bolmansoň, oba arçynlary medeni ojaklaryň gurluşygy üçin niýetlenen boş ýerleri hem oba ýaşaýjylaryna satyp ugrapdyrlar. Ummasyz çykdajy çykarylyp taýynlanan arhitektura çyzgysynyň bolsa nirä düşeni hem belli däl.

Häzir obada 600 orunlyk mekdepde 1500 çaga okaýar, ýasli-baglar ýok. Meýdanlarda zähmet çekýän eneler öz çagalaryny öýde, hiç bir gözegçiliksiz goýup gitmeli bolýarlar, käte bolsa ýanlary bilen ekin meýdanlaryna alyp gidýärler. Pagtanyň kölegesinde çagasyny ýatyryp, pagta ýygýan zenanlar az däl, eneleriň kösençligini hiç zat bilen deňär ýaly däl. Obalarda gurluşyklaryň haçan başlanyp, haçan gutaryp, haçan enelere hözir berjegini hiç kim bilenok.

Welaýatyň Sakarçäge etrabyndan öý hojalykçy Oraztäç bolsa öz obalarynyň zenanlarynyň çagalaryny 8-9 kilometrlik ýol geçip, etrap merkezindäki çagalar baglaryna ýerleşdirýändiklerini gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, eneler öz çagalarynyň aň-düşünjesiniň ösmegini, gözýetiminiň giňemegini, jemgyýetiň terbiýesini almagyny, okuwa taýýarlykly barmagyny isleýärler. Oba ýerlerinde eneler bu mümkinçiliklerden doly mahrum bolanlygy üçin ýörite awtobuslary kireýine tutup, öz çagalaryny her gün etrap merkezindäki ýasli-baglara ugradýarlar.

Şeýle eneleriň sanawynda köp çagaly, ýekelli eneler hem bar. Olara öýde çagalara seretmek ýeňil düşmänsoň, çagalaryny etrap merkezindäki çagalar baglaryna ugradýarlar. Ýöne welin, beýle mümkinçilik hem ähli hojalyklara başardyp duranok. Bir ýandan maddy ýetmezçilik, ikinji bir tarapdan bolsa ähli oba çagalaryny kabul etmäge şäherleriň, etrap merkezleriniň çagalar baglarynyň mümkinçiligi-de ýok. Bu ýerde hem çagany tanyş-biliş bilen ýerleşdirmeli bolýar.

Ýurtda gurluşyk ugrunda edilýän işler az däl. Alnyp barylýan gurluşyklaryň möhümligini hem biri-birinden yza goýar ýaly däl. Ýöne welin, oba ýerleri, hatda bir näçe etrap merkezleri hem çagalar üçin ýasli-baglaryna mätäç. Bu ugurdan köp gürrüň edilse-de, bitirilýän anyk iş ýok. Eneler diňe umydigär bolup ýaşaýarlar, kyn şertlerde çaga ösdürip ýetişdirýärler. Ozalky satylan çagalar baglarynyň yzyna gaýtarylyp alynmagy barada mesele gozgalsa-da bolman durmajakdygy hakda eneler gürrüň berýärler.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy.
Hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýurduň çäginde hereket edýän hususy wideo, CD-DVD dükanlarynda wagtal-wagtal barlag işleri geçirilip durulýar.
Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 164-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň çäginde pornografik häsiýetli zatlary taýýarlanlar we olary ýaýradanlar gönüden-göni jenaýat jogapkärçiligine çekilýärler.

Jenaýat Kodeksiniň 164-nji maddasynda bellenilişi ýaly, pornografik çap neşirlerini we gaýry zatlary görkezmek ýa-da ýaýratmak maksady bilen taýýarlana, şeýle hem şolary görkezene, söwdasyny edene ýa-da başga hili ýaýradana zähmete hak tölemegiň ortaça aýlyk möçberiniň ýigrimisinden kyrkysyna çenli bolan möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

Eger şonuň ýaly etmişler gaýtadan, guramaçylykly topar ýa-da jenaýatçylykly bileleşik tarapyndan edilse, munuň üçin emlägini muzdsuz alyp ýa-da muzdsuz alman, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Kanun kagyz ýüzünde däl

Pornografiýanyň garşysyna Türkmenistanda uly göreş çäreleri alnyp barylýar. Özi hem Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden zamanasy bilen deňeşdireniňde, häzirki döwlet ýolbaşçysynyň döwründe bu meselede hiç hili eglişik edilmeýär.

Hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýurduň çäginde hereket edýän hususy wideo, CD-DVD dükanlarynda wagtal-wagtal barlag işleri geçirilip durulýar. Şeýle barlaglarda pornografik häsiýetli diskler ýüze çykarylanda dükan eýeleriniň jenaýat jogapkärçiligine çekilýändigine az duşulmaýar.

Pornografiýa babatda berk çäreleriň görülmeginiň netijesinde CD-DVD dükanlarynda pornografiýa şekilli wideolara duşmak asla mümkin däl.

Kanunyň berkdigine garamazdan...


Pornografiýa häsiýetli zatlaryň ýaýradylmagyna hökümet tarapyndan ýowuz çäreleriň görülýändigine garamazdan, ýurduň ýaşaýjylary çanak antennalary arkaly pornowideolary görmekde hiç hili päsgelçilik çekmeýärler. Paýtagtyň «100 fontan» diýlip atlandyrylýan bazarynda garakçylyk ýoly bilen dürli tölegli kanallaryň, şol sanda pornokanallaryň kartalary elýeter bahadan satylýar.

Bulardan başga-da, ýaşlaryň arasynda, hususan-da orta mekdepleriň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda telefon arkaly pornowideolara tomaşa etmeklik giňden ýaýran. Mekdep okuwçylarynyň aglabasynyň telefonlarynda pornoşekilli wideolara duş gelmek bolýar.

Mobil telefonlary arkaly wejera filmleriň mekdep okuwçylarynyň arasynda giňden ýaýramagy ýaşlara juda ýaramaz täsir edýändigine mekdeplerde ýüz berýän wakalar şaýatlyk edýär. Ýakynda Ruhabat etrabyndaky mekdepleriň birinde 9-10-njy klas okuwçy gyzlaryň birbada bäşisiniň göwreli bolmagy bilen bagly waka ýüze çykdy. Şeýle wakalar ýurduň beýleki mekdeplerinde hem yzygiderli ýüze çykyp dur.

Şunuň ýaly ýagdaýlaryň köp ýüze çykýandygy sebäpli, ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan her bir mekdepde gyzlar klubuny döretmeklik ýola goýuldy. Bu klubyň maksady gyzlara asyllylyk, edeplilik, ters ýola düşmezlik barada öwüt-ündew işlerini yzygiderli düşündirip durmakdan ybarat bolmaly.

Emma mekdep mugallymlarynyň işden soň döwlet çärelerine yzygiderli sürlüp durulmagy olarda gyzlar klubyny göwnemakul ýöretmeklik höwesi düýbünden aýrylýar. Käbir mekdeplerde gyzlar klubunyň işleri diňe formal taýdan ýöredilýär.

Türkmençe pornografiýa

Ýaşlaryň mobil telefonlary arkaly tomaşa edýän pornofilmleriniň aglabasy daşary ýurtlarda düşürilen. Ýöne olaryň arasynda türkmenleriň gatnaşmagynda düşürilenine hem duş gelinýär. Hususan-da, şeýle şekillerde mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagyndaky pornowideolara duş gelinýär. Olaryň aglabasy mobil telefony arkaly wideo düşürilen.

Türkmen pornofilmlerinde düşen türkmenistanlylara hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan berk çäre görülýär. Olaryň köpüsi ýörite yzarlanylyp, tapylyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilýärler. Hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri diňe bir pornowidony düşüreni däl, eýsem şonda düşenleri hem jogapkärçilige çekýärler.

Türkmenistanda ahlaksyzlylyga garşy göreş çäreleri käbir ýagdaýlara çapraz hem gelýär. Bir görseň, CD-DVD dükanlarynda pornowideolary satan dükan eýelerini jenaýat jogapkärçiligine çekýärler, pornowideolarda düşen türkmenistanlylara berk çäre görýärler, emma ýurtda jelepçilige garşy welin ýokary derejede iş alnyp barylmaýar.

Paýtagtyň «100 fontan» diýlip atlandyrylýan bazarynyň çäklerinde, myhmanhanalaryň öňünde günüň islendik wagtynda bozuk zenanlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bolýar. Özi hem bu babatda hukuk goraýjy edaralar hiç bir çäre görmeýäne meňzeýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG