Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ýurduň milli telewideniýesinde Çarymyrat Amanowyň Türkmenistanyň prezidentinden ötünç sorap eden çykyşy görkezildi, 29-njy mart.

29-njy martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň baş prokurory Milli howpsuzlyk ministrliginiň işi boýunça geçirilen barlagyň netijeleri barada habar berdi. Şol barlaglaryň barşynda ministrligiň işinde kemçilikleriň ýüze çykarylandygy barada baş prokuror ýurduň prezidentine hasabat berdi.

Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde, 29-njy mart.
Ýurduň milli telewideniýesinde Çarymyrat Amanowyň özüniň gaty uly ýalňyşlygy goýberendigini aýdyp, özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirip bilmändigi üçin Türkmenistanyň prezidentinden ötünç sorap eden çykyşy görkezildi. Ýöne milli howpsuzlyk ministriniň näme sebäpden wezipesinden boşadylandygy barada ýurduň mediasynda takyk habar berilmedi.

Prezidentiň permany bilen milli howpsuzlyk ministri wezipesine ozal Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesinde işläp ýören Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýew bellenildi. Berdimuhamedow Ý.Berdiýewiň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolmagynda-da galýandygyny aýtdy. Berdimuhamedow täze bellenilen milli howpsuzlyk ministrine general-leýtanant harby adyny dakmak hakyndaky permana hem gol çekdi.

Şeýle hem Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesine Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti başga-da birnäçe harby atlary dakmak baradaky, şeýle hem welaýatlaryň prokurorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamlara gol çekdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Balkan welaýatynyň Magtymguly, öňki Garrygala etrabynyň Sakgar obasynyň ýaşaýjysy 80 ýaşly Amangelen Şapudakow.

Türkmenistanly graždan aktiwistleriniň berýän maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynyň Magtymguly, öňki Garrygala etrabynyň Sakgar obasynyň ýaşaýjysy 80 ýaşly Amangelen Şapudakow dereksiz ýitipdir.


Şapudakowyň obadaşlarynyň biriniň aýtmagyna görä, ol 7-nji martda polisiýa bölümine çagyrylandan soňra, yzyna dolanmandyr. Bu barada garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistandan gowşan maglumatlara görä, Magtymguly etrabynyň polisiýa bölüminiň nobatçylary Şapudakowyň polisiýa bölümine getirilendigini tassyklapdyrlar. Ýerli graždan aktwistleri ýaşulynyň öz ýaşaýan etrabyndaky bikanunçylyklar barada öz pikirlerini açyk aýdandygy sebäpli ýerli häkimiýetler bilen problemalarynyň bolanlygyny çak edýärler.

Ýakynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Şapudakow häkimiýetler bilen öz problemalary barada döwlet edaralaryna we halkara guramalaryna şikaýat etmek üçin fewral aýynyň başynda Aşgabada baranlygyny aýdypdy.

Türkmenistanly graždan aktiwistleri 80 ýaşly Şapudakowyň ruhy hassahana salnan bolmagynyň mümkindiginiň çak edýärler. Olar muny Magtymguly etrabynyň polisiýa bölüminiň bir nobatçysynyň hem tassyklandygyny habar berdiler. Emma soňra şol polisiýa bölüminiň başga bir nobatçysy bu habary ret edipdir.

Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin Türkmenistanda öz pikirini açyk beýan eden, aýratynam häkimiýetleri açyk tankytlan adamlary ýitirim etmek praktikasynyň heniz hem dowam edýändigini belledi.

Postsowet giňişliginde Türkmenistan öz pikirini açyk beýan etmäge synanyşýan adamlary ruhy hassahana ýerleşdirmek praktikasyndan el çekmän gelýän ýeke-täk ýurt bolup galýar. Bu barada adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar öz hasabatlarynda belläp gelýärler.

Ruhy hassahana çäresi

2006-njy ýyldan bäri azyndan üç adam, ýagny Gurbandurdy Durdykulyýew, Sazak Durdymyradow we Kakabaý Tejenow, öz pikirlerini we syýasy garaýyşlaryny açyk aýdanlygy sebäpli ruhy hassahana salnypdy.

Türkmenabat şäheriniň Jeýhun mikroraýonynyň ýaşaýjysy Kakabaý Tejenow öz ýaşaýan jaýynyň 20 ýyl bäri ýyladylmaýanlygyndan şikaýat edip, häkimiýetlere ýüz tutandygy üçin 2006-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenabat şäheriniň dälihanasyna salnypdy.

Häzir Orsýetde ýaşaýan Tejenow başyndan geçiren wakalary barada şeýle gürrüň berdi: “Biziň etrabymyzyň polisi ýanyma geldi we maşynyna mündürip, polisiýa bölümine eltdi. Ondan soň meni şäheriň ruhy hassahanasyna alyp gitdiler. Ol ýerde meni bir aýlap saklap, soň Boýnuzyn stansiýasynyň golaýyndaky ruhy hassahana ýerleşdirdiler”.

Tejenow Günbatar döwletleriniň we halkara guramalaryň türkmen häkimiýetlerine eden basyşlaryndan soňra, 2006-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda ruhy hassahanadan çykarylypdy we 2007-nji ýylda ýurdy terk edipdi.

Tejenowyň sözlerine görä, ol hiç ýere arz-şikaýat etmejegi we türkmen häkimiýetlerini ýazgarmajagy barada dilhaty berensoň, hassahanadan çykarylypdyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine jaň edip, Şapudakowyň ykbaly barada sorady, ministrligiň wekili ol hakda hiç hili maglumatynyň ýokdugyny aýtdy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky edarasynyň resmisi bolsa Şapudakowyň ykbaly barada kommentariý bermekden saklandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG