Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanda Uzboýyň ugrundaky köl.
Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Ýel Uniwersiteti “2010-njy ýyl boýunça daşky gurşaw görkezijileriniň” hasabatyny taýýarlady. Oňa dünýäniň 163 ýurdy girip, Türkmenistan sanawda 157-nji orny eýeleýär.

Nebit-gaza baýdygyna garamazdan, töweregiň arassalygy boýunça Türkmenistan dünýäniň iň garyp ýurtlary - Merkezi Afrika Respublikasyndan, Angoladan hem ýer titremede weýran bolan Gaitiden biraz ýokarda.

Ýagdaýyň şeýle ýaramzlygyna köp sanly faktorlar: howanyň içden we daşdan hapalanmagy, pestisidleriň kadalaşdyrylmazlygy, suwuň zerur derejede elýeterli däldigi, onuň arassalanmazlygy, oba hojalygynda köp ulanylmagy we ş.m. sebäp bolýar diýip, hasabatda bellenýär.

Mark Lewi – Kolumbiýa Uniwersitetiniň ýanyndaky Ýer institutynyň Ýer ylymlary boýunça halkara maglumat alyş-çalyş merkeziniň başlygynyň orunbasary, Ýel Uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan “2010-njy ýyl boýunça daşky gurşaw görkezijileriniň” awtorlarynyň biri. Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew taýýarlanan hasabat barada onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Mark, bu hasabaty ýaýratmak bilen öňde goýan maksadyňyz barada gürrüň berseňiz?


Mark Lewi: Biz bu hasabatda dünýä döwletleriniň ekologiýa boýunça alyp barýan işleriniň netijeliligini, ençeme möhüm görkezijileri derňemek bilen, şol ýurtlary deňeşdirmäge synanyşdyk. Ýagny, biz anyk işleri durmuşa geçirmek boýunça haýsy döwletlerde öňegidişligiň bolandygyny we haýsy ýurtlarda onuň entek doly derejede amala aşyrylmandygyny anyklaşdyrmagy maksat edindik.

Azatlyk Radiosy: Siz “ençeme möhüm görkezijileri” deňeşdirendigiňizi aýtdyňyz. Olar haýsy görkezijiler?


Mark Lewi – Kolumbiýa Uniwersitetiniň Ýer ylymlary boýunça halkara maglumat alyş-çalyş merkeziniň başlygynyň orunbasary
Mark Lewi:
Biz bu hasabatda ekologiýa meseleleri boýunça giň gerimdäki iki möhüm görkezijä üns berdik. Bir tarapdan, biz adamlaryň hal-ýagdaýyna täsir edýän ekologiýa meselelerine seretdik. Ýagny, şäherlerde howanyň hapalygynyň we suwuň arassalygynyň derejesi biziň üns merkezimizde boldy.

Beýleki bir tarapdan bolsa, biz ekologiýanyň ýagdaýyna täsir edýän meseleleriň toplumyna seretdik. Bularyň arasynda tokaýlary gorap saklamak, balykçylyk, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler bar.

Azatlyk Radiosy: Mark, siz bu hasabaty taýýarlanyňyzda maglumatlary nireden aldyňyz?


Mark Lewi: Maglumatlaryň ählisi diýen ýaly halkara guramalaryndan alyndy. Biz bu hasabatda Birleşen Milletler Guramasy, Azyk we oba-hojalyk guramasy, Bütindünýä Banky ýaly ençeme halkara guramalaryň maglumatlaryndan peýdalandyk.

Haçan-da biz zerur maglumlatlary alyp bilmedik ýagdaýymyzda, özümize gerek materillary ylmy-barlag guramalaryndan aldyk. Soňra biz elimizdäki maglumatlaryň hilini gözden geçirmek we tassyklatmak üçin, ilki olary dünýäniň öňde baryjy ylmy-barlag guramalaryna ugratdyk.

Ýöne, bu hasabatdaky maglumatlaryň aglabasy halkara guramalardan alyndy.

Azatlyk Radiosy: Siziň hasabatyňyzda Türkmenistan iň erbet görkezijileri bolan döwletleriň hatarynda, ýagny 163 döwletiň arasynda 157-nji ýerde goýlupdyr. Türkmenistana şeýle ornuň berilmeginiň sebäpleri näme?

Mark Lewi: Türkmenistan ortaça dereje bilen deňeşdirilende diňe birnäçe görkeziji boýunça öňegidişlik gazandy. Ýöne munuň bilen baglylykda aglaba meseleler boýunça netijelilik pes.

Türkmenistanda tokaýlara gözegçilik oňat, ýagny men Türkmenistanda onçakly bir baglaryň bardygyny çak edemok, ýöne baglaryň çapylmagynyň derejesi pes. Bu juda gowy zat. Şeýle-de senagat pudagynyň netijeliligi, ýagny karbon gazlarynyň çykmagyna gözegçilik halkara derejede kabul edilen ortaça görkezijiden gowy netije görkezdi.

Ýöne, muňa garamazdan, galan görkezijileriň aglabasy ortaça derejeden pesde. Mysal üçin, suwuň ulanylşyny agzap bolar. Azyk we oba-hojalyk guramasynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Türkmenistan öz ygtyýaryndaky akar suwlardan gereginden has artyk suw harçlaýar.

Beýleki bir mesele, ýurtdaky ähli senagat pudagynda alnyp barylýan işlerde howa goýberilýän kömürturşy gazyň umumy derejesiniň ýokarydygyny aýdyp bolar. Regiondaky beýleki döwletler we girdejisi Türkmenistan bilen deň derejedäki dünýäniň beýleki ýurtlaryna seredeniňde, kömürturşy gazynyň howa goýberilişi juda ýokary bolup galýar.

Ilatyň arassa agyz suwuny erkin ulanmasynyň derejesi hem kabul edilen halkara normalardan juda pes. Regiondaky ýurtlarda we girdejisi Türkmenistan bilen deň derejedäki dünýäniň beýleki döwletlerinde içmek mümkin bolan suwy ilatyň 80% töweregi erkin ulanyp bilýär. Emma, BMG-niň maglumatyna görä, Türkmenistanda bu görkeziji 55%-e golaý. Bu bolsa arada juda uly tapawudyň bardygyny görkezýär.
Ruhabat etrabyndaky ýag kärhanasynyň açylyşyndan, 17-nji maý 2010-njy ýyl.
Ýurduň ähli welaýatdyr etraplarynda haýsydyr bir gurluşygyň düýbi tutulanda ýa-da gurluşygy tamamlanan binanyň açylyşy bilen bagly dabaralarda döwlet baştutanynyň gatnaşmagy Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri däbe öwrüldi.

Bu dabaralar paýtagtda häli-şindi gaýtalanmak bilen, okuwçyny okuwdan, işgäri işinden çetleşdirdi, ýa bolmasa ilatyň erk-ygtyýaryny elinden almagyň bir mysalyna öwrüldi. Aşgabatly ýaşaýjy Enebaý daýzanyň aýtmagyna görä, her bir açylyş dabarasyna barmaly mekdep okuwçylary daňdan sagat 4-de 5-de turup, dabara gitmek üçin şaýlaryny tutup ugraýarlar.

Mekdebiň golaýragynda ýaşaýan okuwçylar awtobusa garaşmak kynçylygyndan halas bolsalar-da, mekdepden uzagrakda ýaşaýan çagalary ene-atalary awtobus duralgalaryna çenli ugratmaly bolýarlar. Mekdep formasynda geýinmeli çagalar daň çigregine üşäp, awtobusyň gelerine garaşyp durýarlar.

Çagalarynyň howpsuzlygyny alada edýän ene-atalar hem ukudan galýarlar. Işlemeýän öý hojalykçy ene-atalar gündiz ýatyp, dem-dynç alyp bilýärler. Emma işe gitmeli ene-atalar hem daňyň süýji ukusyndan galyp, uzakly gün iş sagadynyň gutarmagyna sabyrsyz garaşýarlar. Beýle ýagdaýda hem ene-atalar horlanýar, hem çagalar.

Çagalaryň öňünde garaşylmaýan negatiw ýagdaýlar hem ýüze çykýar. “Howdan” ýaşaýyş jaý massiwindäki mekdepleriň birinde okaýan gyz agtyjagynyň başyna düşen ýagdaý barada hem ýatlap, Enebaý daýza şeýle gürrüň berdi: «Mekdep öýümize golaý bolansoň, özi gider diýip, nobatdaky açylyş dabarasyna gitmeli agtyjagymy gapydan çykaryp ugratdym. Kellämi ýassyga goýanyma 10-15 minut geçmänkä gapy batly-batly kakyldy. Gapyny açanymdan agtyjagym ýüzüni ak tam edip öýe kürsäp girdi. Onuň näme diýýändigine zordan düşündim. Görüp otursam, daňdanyň ümüş-tamşynda 15 ýaşly agtyjagymy bir näkes erkek kişi kowalan bolsa nätjek. Hernä çöregimiz bitin eken, agtygym gaçyp, özüni zordan öýe atypdyr. Şondan bäri men ony hiç bir dabara göýbermejegimi mekdep direktoryna kesgitli aýtdym».

Saglyk pudagynyň işgärleri

«Açylyş dabaralarynyň hiç birisini hem biri-birinden pes goýar ýaly däl. Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasy bolsa has hem mahabatly boldy» diýip saglyk pudagynyň işgäri Mähri gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä bu açylyşda iň bir horluk çeken işgärler saglyk pudagynyň işgärleri bolupdyr.

Çandybil şaýolunyň ugrunda düzülen janly koridoryň agramly bölegi saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bolmak bilen, Mähriniň özi gijeki nobatçylykdan soň bu dabara ugradylypdyr. Günortan sagat 15-de başlanjak açylyş dabarasy üçin ir ertirden aýak üstünde duran saglyk pudagynyň işgärlerine köýnekleriniň üstünden diňe ak halat, başlaryna ak başgap geýmek görkezme berlipdir.

Baharyň howasy hoştap bolsa-da, günüň öýläne agmagy bilen, howa çigrekläp, dagyň eteginde gurlan ýoluň boýuna düzülen adamlary gagşadyp başlapdyr. Agşam sagat 20 töweregi feýrwerkler asmana atylýança ýoluň gyrasyndaky arça tokaýlygynyň içine birnäçe gezek ogrynça girip-çykyp, olar zerur hajatlaryny berjaý etmeli bolupdyrlar. Uludygyňa-kiçidigiňe seretmezden, hatda zeruriýetiňe hem rugsat berilmeýänliginden nalap, käbir zenanlaryň ýoluň ýakynyndaky taşlanan äpet turbalaryň içine girip, biraz ýylynandyklaryny, agşam sagat 22-de zordan özlerini öýe atandyklarny hem ol sözüniň üstüne goşdy.

Paýtagtyň ägirt özgertmelere eýe bolýandygyny, her bir taýyn binanyň, her bir amala aşyrylýan işleriň ýaşaýjylaryň bähbidi üçin ähmiýetiniň bardygyna buýsanýandyklaryny aýtmak bilen, edilýän işleriň mazasynyň halkyň aňyna ýakymly ornamagy üçin ilata häzirki berilýän jebri-jepadan el çekilmelidigni açylyş dabaralaryna gatnaşýanlaryň her biri aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG