Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Habar serişdeleri türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli lybasly, ahalteke bedewine atlanyp, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygyny ýazýar.
24-nji aprelde türkmen bedewiniň baýramy Türkmenistanyň her bir künjünde uly dabara bilen bellenildi. Şol gün ýurduň dört welaýatynda täze aýlawlaryň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen bedewiniň baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Şu ýyl bu baýram 24-nji aprele gabat geldi. Eger türkmen bedewiniň hormatyna geçirilýän öňki baýramçylyklar ýöntemje görnüşde geçirilen bolsa, onda bu ýylky dabara ýurduň iň bir naýbaşy baýramçylyklarynyň biri ýaly bellenildi.

Gözellik bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Öwlüýäguly Şeripowa degişli bolan Hanbegler diýen dor bedew ýeňiji boldy.
Ýurduň mediasy eýýäm hepdäniň başyndan bedewleriň waspyny ýetirip başlady. 23-nji aprelde bolsa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirildi. Bu gözellik bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Öwlüýäguly Şeripowa degişli bolan Hanbegler diýen dor bedew ýeňiji boldy. Bedewiň eýesine “Toyota Land Cruiser” kysymly täze awtoulag baýragy gowşuryldy.

Gözellik bäsleşiginiň netijesi yglan edilmezden ozal Berdimuhamedowa birnäçe bedew sowgat edildi. Aşgabat şäheriniň hem-de bäş welaýatyň ilatynyň adyndan welaýat hem-de şäher häkimleri, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew, Türkmenistanyň atşynaslarynyň adyndan ussat seýis, at gazanan atşynas I.Agamyradow prezidente bedew sowgat etdiler.

Her welaýatda bir aýlaw


Türkmen bedewiniň baýramy bellenilýän günde, ýagny 24-nji aprelde Berdimuhamedow Aşgabadyň atçylyk sport toplumyna bardy. Ol ýerde teleköpri arkaly, ýurduň dört welaýatynda, ýagny Daşoguz, Lebap, Balkan, Mary welaýatlarynda täze aýlawlaryň açylyşyna ak pata berildi.

Daşoguz, Lebap, Balkan, Mary welaýatlarynda gurlan täze aýlawlaryň her biriniň münberleri 3 müň orunlykdyr. Her bir medeni sport toplumynda VIP-zolak, şeýle hem dabaralary geçirmek üçin ýörite meýdançalar we pawilýonlar göz öňünde tutulandyr. Her bir aýlawyň athanalary atlaryň 200-si üçin niýetlenilendir. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamak we olara ideg etmek üçin ähli şertler dörediler.

Bahasy 80 million ýewro barabar bolan Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumy şu gezekki baýramçylyga ýetişmänsoň, onuň açylyş dabarasy soňa goýuldy. 83 gektar territoriýada gurulýan bu toplumy «Etkin» türk firmasy bina edýär.

Aýlawyň tomaşaçylar üçin münberleri 7 müň orunlykdyr. Aýlawyň tapawutly aýratynlygy adatça iki sany däl-de, eýsem üç sany aýlawynyň bolmagyndadyr. Açyk we ýapyk kysymdaky päsgelçilikli meýdanlar, 900 orunlyk amfiteatr, şeýle hem weterinariýa gözegçiliginiň we laboratoriýanyň binasy, doping-gözegçiligi geçirmek üçin korpus aýratyn gurlup, enjamlaşdyrylýar.

Diňe bedew wasp edilmedi

Türkmen bedewiniň baýramy gününde ýurduň prezidentiniň hem at çapmak ussatlygy wasp edildi. Ýekşenbe güni Berdimuhamedowyň at üstünde görkezýän başarnyklaryny beýan edýän 10 minutlyk wideofilm ýurduň ähli kanallarynda birbada görkezildi we ol film döredijilik işgärleridir atşynaslar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da Berdimuhamedow 23-nji aprelde Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde at çapyp, tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Ýurduň prezidentiniň şol günki at çapyşy ýerli mediada arşa göterildi. Hususan-da milli telewideniýede döredijilik işgärleri ýurt baştutanynyň bu ukybyna ýokary baha berdiler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Yssyda, sowukda açyk bazarlarda uzakly gün oturyp, söwda edýän zenanlaryň sowuklamadan, agyr ýükleri götermeden sanalgy ýylda saglyklary ýitýär.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň netijesinde edara-kärhanalaryň ýapylmagy sebäpli işsiz galan ilatyň eklenjiniň agramly bölegi zenanlaryň gerdenine düşüpdi.

Erkek kişileriň köpüsiniň Türkiýe, arap döwletleri ýaly daşary döwletlere iş gözläp gidenleri köp boldy. Bu babatda zenanlar hem pes oturmadylar. Daşary döwletlere iş gözlegine gidip, gazanç edip gaýdyp gelýän zenanlar hem bar. Daşary döwletlerde durmuşa çykyp ýa bolmasa ymykly işe ýerleşip, yzyna dolanmaýan türkmen zenanlary hem kän.

Işsizligiň artan ýyllary mekdeplerde mugallyma bolup işleýän zenanlar, saglygy saklaýyş ulgamynda, saklanyp galan edara-kärhanalarda ýa bolmasa gurulýan dokma fabriklerinde işleýän zenanlaryň eklenç aladalary birneme ýeňilräk bolupdy.

Emma ýurtda azyk önümleriniň bahasynyň birsydyrgyn ýokarlanmagy, puluň hümmetiniň gaçmagy netijesinde aýlyk-günlükli maşgalalar hem ykdysady kynçylyklary duýman galmadylar. Şol sebäpli elleri diplomly zenanlardan hem daşary döwletlere iş gözlegine gidenleri kän boldy. Soňky ýyllar bilim hem-de saglygy saklaýyş ulgamlarynda işleýän işgärleriň aýlyklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen maşgala eklenji biraz ýeňilleşdi.

Ýurtda soňky ýyllarda açylan ençeme dokma, ýüplük fabrikleri we beýleki kärhanalar ýurduň aýal-gyzlaryny belli bir derejede iş orunlary bilen üpjün edip başlady. Emma paýtagt Aşgabatdan we onuň töwereklerinden başga ýerler iş orunlary üçin oňaýly däl. Her etrapda gurulýan dokma fabrikleri ýa kärhanalar işsiz ilatyň belli bir bölegini iş bilen üpjün etse-de, işsizleriň sany on müňlerçe bolany üçin, gurulýan kärhanalar deňizden damja suw alynýana meňzeýär.

Çig mal serişdesi bolan pagtany özünden öndürýän Mary welaýatynyň köp ilatly Ýolöten, Murgap etraplarynda şu güne çenli dokma fabrikleri hem gurulman gelýär. Şeýle-de dokma fabriklerinde işleýän zenanlar aýlyklarynyň möçberiniň örän azlygy barada aýdýarlar.

Daşary döwletlere iş gözlegine giden zenanlary hasaba almanyňda-da, ýurduň welaýatlarynda işsizlikden kösenýän zenanlarymyz sanardan köp. Iş tapmaýan zenanlaryň aglabasy bir welaýatdan başga bir welaýata dürli harytlary, gök önümleri, et-süýt önümlerini daşap, söwda-satyk bilen maşgalasyny eklemek üçin billerini berk guşap, ýola çykdylar.

Mary welaýatyndan Ogulnaryň aýtmagyna görä, ýurtda zawod-fabrikleriň gurulýandygyna, telekeçiligi ösdürmäge üns berilýändigine seretmezden, işsiz ilatyň iş üpjünçiliginde göze ilip duran üýtgeşme duýulmaýar.

Söwda-satyk

Zenanlaryň ençemesi ozalky ýaly Aşgabada, Balkan welaýatynyň şäherlerine we etraplaryna gidip, ownuk söwda bilen gazanç etmäge çalyşýarlar. Güzeran üçin öý-öwzaryny, çagalaryny taşlap, söwda-satyk bilen başga welaýatlara gidýän zenanlaryň arasynda dürli ýaşdaky aýal-gyzlar bar.

Gelinleriň köpüsi ýaş çagalaryny öýde, işsiz adamsyna ýa bolmasa gaýynyna, kä halatlarda kämillik ýaşyna ýetmedik, ulurak ýaşly çagalaryna goýup gidýärler.

Erkek kişileriň çagalara gözegçilik etmek ýaly işleri öz üstlerine alyp, başga welaýatlara söwda-satyk etmäge gitmeýändikleriniň özüne ýetik sebäpleri bar. Erkek kişiler başga şäherlere baryp, söwda işi gutarýança kireýine jaýlarda ýaşap başlaýarlar. Polisiýa işgärleri, salgyt gullugynyň işgärleri dürli sebäpler bilen olara azar berýärler.

Erkek kişiler kä halatlarda gadagan edilen ýerlerde tötänden çilim otlaýsa, bir hepdelik gazanjyny polisiýa işgärlerine berip, öýlerine boş gaýtmaly bolýarlar. Bu ýagdaýlardan baş alyp çykmakda zenanlar birneme ugurtapyjyrak bolýarlar.

Ýolagçy otlularynda haryt salnan sumkaly zenanlara ýa-da baran ýerlerinde kireýine jaýlarda ýaşaýan zenanlara erkek kişilere garanda ýumşagrak daralýar. Şol sebäpden gazanç etmek aladasyny zenanlar öz boýunlaryna alýarlar. Hepdeläp, aýlap öýüni, balasyny taşlap gidýän zenanlaryň çagalary bolsa ene mährinden, ene terbiýesinden mahrumlykda ösýärler.

Köp çagaly maşgalalarda enäniň mydama öýde bolman, gazanjyň ugrunda ylgap ýörenligi üçin okuwyna, sapaklaryna ýetişmeýän, çilim, nas çekmek ýaly ýaramaz endikleri kiçilikden öwrenip, saglyklaryna zyýan ýetirýän çagalary görmek bolýar. Ýaşajyk gyzlar ene terbiýesinden uzakda galýarlar. Ýaňy kämillige ýetişip barýan gögele gyzlaryň zaýalanyp, göwreli bolýan faktlary ýa bolmasa özlerine mynasyp bolmadyk, aýaly bilen aýrylyşan, ýa neşe belasyna sezewar bolan adama gaçyp durmuşa çykýan wagtlary seýrek bolmaýar.

Bu kynçylyklaryň üstesine, gazanç ugrunda ylgap ýören zenanlar öz saglyklaryny-da ýitirýärler. Yssyda, sowukda açyk bazarlarda uzakly gün oturyp, söwda edýän zenanlaryň sowuklamadan, agyr ýükleri götermeden sanalgy ýylda saglyklary ýitýär. Soňky ýyllarda 35-50 ýaş aralygyndaky zenanlaryň aýak agyrydan, böwregi ýa beýleki organlarynyň sowuklamasyndan ejir çekmeýäni örän az. Agyr ýükleri götermeden önelgesiz bolýan ýaş zenanlar hem ýok däl.

Türkmenistanyň prezidenti soňky geçiren döwlet maslahatlarynyň birinde zenanlar baradaky aladalary artdyrmak hakda aýdyp geçdi. Eneler öz ojagyndan örüp, çaga terbiýesi bilen meşgul bolarlary ýaly, welaýatdyr etraplarda iş orunlarynyň döredilmeginiň döwlet maksatnamasynyň zerurlygyny, döwlet tarapyndan çagalara berilýän kömek pullarynyň çagalar 12-13 ýaşaýança uzaldylyp, onuň möçberiniň çagalary iýdirmäge-geýdirmäge, okuw esbaplaryny edinmäge doly ýeter ýaly möçberde artdyrylmagynyň zerurlygyny, etrapdyr obalarda iş orunlary ýeterlik bolar ýaly, uly we kiçi telekeçiligiň ösdürilmeginiň gaýra goýulmasyzdygyny ildeşlerimiz aýdýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG