Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ýakynda Bütindünýä Bankynyň hasabatyna aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletlerinde geçen ýyl azyk önümeleriniň bahasy 50%-den 100%-e çenli galypdyr.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde etiň we et önümleriniň bahasynyň gymmatlaýandygy äşgär duýulýar. Bu ýagdaý paýtagt Aşgabatda hem şeýle.

Türkmen mediasy ýurtda maldarçylyk pudagynyň ösýändigi barada yzygiderli habar berýän-de bolsa, etiň we et önümleriniň bahasynyň näme üçin ýokarlanýandygyna düşündiriş bermeýär.

Aşgabadyň ýaşaýjysy Annaguly aganyň pikirine görä, ýurduň paýtagtynda etiň bahasynyň ýokary galmagy soňky 10 ýylyň dowamynda şäherde we onuň eteklerinde hususy jaýlaryň, daçalaryň ýykylyp aýrylmagy bilen bagly. Hususy hojalyklar her ýylda iň bolmanda 4-5 sany toklyny idedip, maşgalanyň iýjek etini özlerinden diýen ýaly öndürýärdiler.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndan Aýgözel özüniň Aşgabat şäherine et daşaýandygyny gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, her günde Tagtabazardan Aşgabada ýolagçy otlusy bilen ep-esli goýun eti getirilýär. Ol indi bu iş bilen 15 ýyla golaý wagt bäri meşgul bolýandygyny aýdyp, soňky ýyllar etrabyň çäginde hem mallaryň bahasynyň gymmatlaýandygynyň sebäpleri barada gürrüň berdi.

Aýgözeliň maşgalasyndan üç adam, ýagny adamsy hem iki ogly «Türkmenmallary» assosiasiýasynyň öz obalaryndaky daýhan birleşigine degişli mallaryny kärendesine bakmaga alypdyr. Şertnama boýunça her ýylda ene goýunlardan alnan guzularyň 50 prosenti çopanlaryň haky bolmaly. Süriniň sany 1000 diýip kabul eden çopanlar ýolbaşçylarynyň edýän işlerine çydam edip bilmän, bir ýyldan soň sürini tabşyrmakçy bolupdyrlar. Hasaplaşyk geçende bir ýylyň dowamynda ýolbaşçylaryň iýen hasapsyz mallary çopanlaryň boýnuna atylypdyr hem-de olara zähmetine düşýän hak-heşdek üçin iň bir hor-homsy, özüni oňarmaýan, ownuk-uşak mallar berlipdir.

“Şundan soň biziň maşgalamyzda çopan bolmak islegi asla bolmady, ogullarym güzeran aýlamak üçin Aşgabatdaky gurluşyk firmalaryna işlemäge gaýtdylar” diýip, tagtabazarly Aýgözel aýdýar .

Aýgözeliň pikiriçe, öri meýdanlarynda mallaryň sanyny artdyrjak bolsaň, ilki bilen çopanlary höweslendirmeli, olaryň zähmetine hormat goýmaly, ýolbaşçylar ynsaply hem arassa bolmaly. “Häzirki wagtda sürülere meýdandan gelýän möjekler däl-de, ýolbaşçylar howp salýar. Onsoň sürüleriň sany neneňsi artsyn” diýip, Aýgözel nygtaýar.

Soňky wagtlarda bir kilogramy 8 manat 40 teňňeden dolanyp goýlan etler Aşgabadyň ähli azyk dükanlarynda peýda boldy. Ol etleriň Hindistandan getirilýändigini aýdýarlar. Emma häzirki wagtda paýtagty esasan etraplardan gelýän et bilen üpjün edýärler. Etraplaryň öri meýdanlarynda zähmet çekýän çopanlar öz hak-heşdeklerini doly alyp bilmeseler, soňy bilen bu işe-de höwesek adam tapylmaz diýen pikirler öňe sürülýär.

Ýakynda Bütindünýä Bankynyň hasabatyna aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletlerinde geçen ýyl azyk önümeleriniň bahasy 50%-den 100%-e çenli galypdyr.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
Soňky ýyllar Aşgabadyň merkezi köçelerine uly üns berilýär.

23-nji martda şäher merkezi bilen öňki Bekrewe şäherçesi bolan, häzirki Çandybil etrabynyň etrap merkezini birleşdirýän aýlaw ýolunyň açylyş dabarasy bolup geçdi.


Şäheriň köp zolakly täze ýolunyň umumy uzynlygy 12 kilometre barabar bolup, ini 80 metre golaý. Şeýle hem ugurdaş, eltiji we beýleki ýollar bilen halkalaýyn böleklerini hasaba alanyňda, ýoluň umumy uzynlygy 29 kilometr.

Çandybil şaýoly ulag hereketlerini dolandyrmagyň iň kämil enjamlary we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly döwrebap yşyklandyryş maglumat tablolary bilen üpjün edilipdir. Ýoluň ýanaşyk ýerleri gök zolaga bürenip, ýoluň bütin dowamynda salkynladyş we ýyladyş enjamlary bilen üpjün edilen duralgalar goýlupdyr.

Çandybil şaýoly Aşgabadyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn ýoluň bir bölegidir. Häzirki wagtda ýoluň beýleki uçastoklarynda hem gurluşyklar uly depgin bilen alnyp barylýar. Şäheriň gündogar bölegindäki Änew şäheriniň golaýyndaky halkalaýyn ýoluň ugurdaş köprüsiniň gurluşygy hem tamamlanyp barýar. Aşgabadyň üstünden ýurduň welaýatlaryna geçýän ýolagçylar üçin has oňaýly bu gara ýollar şäher ilaty üçinem hemmetaraplaýyn amatly.

Soňky ýyllar Aşgabadyň merkezi köçelerine uly üns berilýär. Ozalky dar köçeler giňeldilip, Atamyrat Nyýazow şaýoly, Bitarap Türkmenistan şaýoly, Garaşsyzlyk şaýoly şu günki günüň talabyna laýyk rekonstruksiýa edilmekden başga-da, Türkmenbaşy şaýoly, Garaşsyzlyk şaýoly, Bitaraplyk şaýoly şäheriň ösmegi bilen, paýtagtyň günortasyna tarap birnäçe kilometrlere uzalyp gitdi.

Suw çüwdürimleri, gök zolaklar köçeleri görke getirýär, ady agzalan köçeleriň ugrunda ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, birnäçe ýerasty geçelgeler hem guruldy. Şeýle gurluşyklara sarp edilýän serişdeler barada statistiki maglumatlar metbugat sahypalarynda çap edilmese-de, gurluşyklaryň döwlet gaznasyndan ägirt çykdajylara düşýändigi göze görnüp dur. Emma millionlap çykdaýjy edilip, ulanylmaga tabşyrylýan ýollaryň geregiçe hözirini görmek paýtagtyň ýaşaýjylaryna hemişe nesip edip duranok.

Şaher içinde gurulýan ýa rekonstruksiýa edilýän ýollaryň birnäçe wagtlap ýapylmagy bilen ýanaşyk köçelerde awtoulag dyknyşyklary emele gelýär. Şäher ilaty ol ýa beýleki köçäniň rekonstruksiýasynyň tamamlanyp, açylmagyna sabyrsyz garaşýarlar.

Açylyşdan soňky ýapylyş

Ýollar ulanylmaga berlensoň, uzak wagt geçmänkä ol täzeden ýapylýar. Munuň sebäpleri bolsa ol ýa beýleki ýoluň ugrunda ýerasty geçelgäniň göz öňünde tutulmandygy ýa bolmasa çatryklary giňeltmegiň zerurlygy bolup çykýar. Aýna ýaly ýalpyldap duran asfalt ýoly sanlyja günde agdar-düňder edip, täzeden rekonstruksiýa girişilýär. Şäher ilatynyň kösençlikleri täzeden başlanýar. Näçe mukdardaky serişdäniň sarp edilendiginiň hasabyny bilmese-de, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ilat köpçüligi agdar-düňder bolup ýatan köçäniň zaýa edilen asfaltyna, goparylan baglaryna baş ýaýkap geçýärler.

Soňky bir ýylyň dowamynda şäher içinde we şäheriň eteklerinde — ozalky Podwoýsk köçesiniň — häzirki Bitarap Türkmenistan şaýolunyň, Aşgabatdan Gökderä uzap gidýän janly tebigatyň muzeýine alyp barýan ýoluň, ýokarky Bagyryň üsti bilen Jülgäni Aşgabada birleşdirýän täze ýoluň, Andalyp köçesi bilen Ýunus-Emre köçesiniň çatrygynda gurulýan sowa ýollaryň kysmaty hem şeýle boldy.

Aşgabatly Oraz aga bu işe jogapkär adamlaryň ýol gurluşyklaryna başlamazdan ozal akylly-başly proýektler barada oýlanmandyklary üçin ýollaryň täzeden düzedilmeli bolýandygyny, ýollaryň şu ýagdaýa getirilmegine haýsydyr bir açylyş dabarasynyň hem sebäp bolýandygyny öňe sürýär.

Döwlet baştutany haýsydyr bir gurluşygy tamamlanan obýekti açmaly bolsa ol ýere barýan ýoly gyssagly ýagdaýda taýyn edýärler. Açylyş dabarasyndan uzak wagt geçmänkä bolsa ýollaryň talaba laýyk gurulmandygy mälim edilip, ýollary söküp başlaýarlar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG