Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek ilat ýazuwy bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý fondunyň hasaba alynjakdygy habar berilýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2 ýyldan gowrak wagt mundan ozal, 2009-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda eden çykyşynda ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagyny ýuwaş-ýuwaş ýola goýmagy wise-premýerlere tabşyrypdy. Ol bu meseläni uzaga çekdirmän ýakyn wagtyň içinde çözmelidigini aýdypdy.

Prezidentiň uzaga çekilmän çözülmeli diýen meselesi, ynha, indi iki ýyldan gowrak wagt bäri çözülmän gelýär.

55 ýaşly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde öz hususy jaýynyň häkimiýetler tarapyndan ýykylyp, ýerine order boýunça hökümet jaýynyň berlendigini gürrüň berdi. Şeýle hem ol hususy jaýynyň ýerine hökümet jaýynyň berlendigine düşünmeýändigini, bu mesele bilen bagly dürli döwlet edaralaryna ýüz tutandygyny, emma ygtybarly jogap alyp bilmändigini aýtdy.

Kanun kabul edildimi?

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýaşaýyş jaýlarynyň hususylaşdyrylmagy bilen bagly ýagdaýyň özgermeýändigini, bu mesele bilen bagly kanunyň hem kabul edilmändigini aýdýar.

Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýew 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Aşgabat Şäher sowetiniň deputaty bolandygyny, şonda serişde ýetmezçiligi sebäpli jaýlarda remont işlerini geçirmekde kynçylyk çekip, Aşgabat Şäheriniň häkimi Saryjaýew bilen bilelikde jaýlaryň hususylaşdyrylmagy baradaky kanuny taýynlap, teklip edendiklerini ýatlaýar.

“Biziň teklip eden kanunymyz kabul edilenden bir ýyl geçensoň, Ýokary Sowetiň deputatlary hem şeýle kanuny kabul etdiler. Şol döwürde Türkmenistany terk edip gidýän adamlaryň sany köpeldi. Men ýaşaýyş jaý bazaryny döretmegi teklip etdim. Ýöne bu teklibimi kabul eden bolmady. Soňra köp wagt geçmänkä Nyýazow jaýlaryň hususylaşdyrylmagy baradaky kanuny hem ýatyrdy. Indi bolsa beýleki goňşy ýurtlardan tapawutlylykda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň bazary ýok. Jaýlary alyp-satmakda salgydyň tölenip-tölenmeýänligi hem belli däl” diýip, Hajyýew aýdýar.

Şu ýylyň ýanwarynda türkmen metbugatynda çap edilen maglumatda 2012-nji ýylda ýurtda geçiriljek ilat ýazuwy bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý fondunyň hasaba alynjakdygy, bu prosesiň elektron usul bilen geçiriljekdigi aýdyldy.

Tama bar


Bugaýewiň aýtmagyna görä, häzir Türkmenistanda diňe goçüp gidýän adamyň durumyny alyp bilenlere jaýyny hususylaşdyrmaga rugsat berilýär. Ol 2012-nji ýylda ilat ýazuwy geçirilensoň, ýaşaýyş jaýlar hasaba alnyp, adamlarda jaýlaryň hususylaşdyrylmagy baradaky kanunyň kabul ediljekdigi hakda tamalarynyň bardygyny aýdýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň aýdanlary näme sebäpden ýerine ýetirilmeýär diýen sowala Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bilermenler Türkmenistanda reformalary amala aşyrmak meselesinde köp kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, bu meselede esasy problemanyň ýurdy dollandyryş usulyndadygy bilen ylalaşdylar.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ählumumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkan ýurtlary boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Artýom Ulunýan Turkmenistandaky ýagdaýy özgertmek üçin ýurduň jemgyýetçilik-syýasy sistemasynda düýpli reforma geçirmegiň zerurdygyny aýdýar. Ýöne bilermen şeýle reformalary geçirmäge häkimiýet başyndakylaryň taýýardygyna şübhelenýär.

Ykdysatçy Hajyýew Türkmenistanda ýurduň dolandyryş usulynyň gurluşyny doly özgertmelidinini, ýurdy dollandyrmakda dolandyryşyň administratiw usullaryndan el çekip, döredijilik inisiatiwasyna ýol açmalydygyny nygtaýar.
23-nji martda Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasynda täze duralgalar köpçülige görkezilipdi.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi Glonass-GPS monitoring ulgamyny girizmek üçin tender yglan etdi.

Tenderde görkezilen iki lotdan görnüşi ýaly, Awtomobil ulaglary ministrligi paýtagtda hereket edýän 825 sany jemgyýetçilik awtobuslary hem-de 300 sany taksi-awtomobiller üçin monitoring, nawigasiýa we gözegçilik edýän Glonass-GPS ulgamyny satyn almak isleýär.

23-nji martda Çandybil şaýolunyň açylyş dabarasynda täze duralgalar köpçülige görkezilipdi. Bu döwrebap duralgalar salkynladyş we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilip, olarda GPS ulgamy hem hereket edýär. Täze duralgalaryň GPS ulgamy barada Berdimuhamedow daşary ýurt diplomatlaryna hem gürrüň beripdi.

GPS ulgamy hereket edýän döwrebap duralgalar häzir diňe täze açylan Çandybil şaýolunyň ugrunda goýlan. Jemgyýetçilik awtotransportlarynda Glonass-GPS monitoring ulgamynyň giriziljek bolunmagy Türkmenistan üçin täzelikdir.

Glonass-GPS monitoring ulgamy transportlaryň marşrutlaryna doly gözegçilik edýän ulgamdyr. Ol islendik ulagyň nirede ýerleşýändigini, onuň näçe ýol geçendigini takyk görkezýär. Bu ulgam arkaly sürüjileriň awtoulaglary öz bähbitlerine peýdalanmagy aradan aýrylýar. Ulaglar alnyp gaçylaýan ýagdaýynda Glonass-GPS monitoring ulgam arkaly ony tiz tapmak başardar.

Häzirki wagtda Aşgabatda dürli-dürli marşrutda hereket edýän awtobuslar ýeterlik bar. Olaryň gatnawyndan paýtagtlylar kän bir nägile bolmaýarlar. Emma döwlet derejesinde geçirilýän köpçülikleýin çärelerinde paýtaglylary daşaýan awtobuslar marşrutlaryndan aýrylýarlar we çärä gatnaşyjylaryň hyzmatyna berilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG