Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Şu ýylyň ikinji çärýeginden başlap, ýurduň ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, orunbasarlary üçin ýörite kompýuter sowatlylygy boýunça tölegli kurslar öz işine başlady.

Kompýuter sowatlylygy boýunça kurslar üç aý dowam edip, onuň ahyrynda okuw geçýän ýolbaşçylara ýörite sertifikatlar gowşurylar. Kurslar ýolbaşçylar üçin amatly şertlerde geçirilýär. Okuwlar sagat altydan soň başlap, ýolbaşçylaryň iş ýagdaýyna laýyklykda guralýar.

Ýurduň ýolbaşçy wezipesinde işleýänleriň kompýuterden sowatly bolmalydygy hakynda şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow aýdypdy.

Şol mejlisde prezident ýakyn geljekde ýurtda Hökümet elektron ulgamyny döretmeklik we bu ulgama geçmeklik göz öňünde tutulýandygyny mälim edipdi. Prezidentiň aýtmagyna görä, Hökümet elektron ulgamyna geçilmegi kagyz görnüşindäki resminamalar dolanyşygyny ep-esli derejede azaltmaga, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa, çözgütleri kabul etmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, şeýle hem işdäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.

Prezidentiň şol mejlisde beren tabşyrygyna laýyklykda, kompýuteri özleşdirmek boýunça okuwlar tamamlanandan soň, olara gatnaşan ýolbaşçylar ýörite synagdan geçiriler. Eger ýolbaşçy synagdan geçip bilmese, onda ol başga işe geçiriler.

Kompýuter sowatlylygy boýunça kurslara gatnaýanlaryň aglabasy kompýuterden asla baş çykaryp bilmeýärler. Ýöne olaryň arasynda bu ugurdan sowatlylary hem bar, emma kursy tamamlandygy baradaky degişli sertifikatyň bolmagynyň wajyplygy sebäpli, olar hem okuwa mejbury ýazylmaly bolýarlar.

Kompýuter sapaklarynda ýolbaşçylara, esasan, “Microsoft office” programmalary öwredilýär. Kursuň soňky aýynda internet boýunça sapaklaryň hem geçiljekdigi barada aýdylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Aşgabatdaky "Ärtogrul gazy" metjidi (Surata düşüren: Jim Fitzgerald)

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Dini azatlyklar boýunça halkara komissiýasy özüniň ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Bu hasabatda dünýä döwletleriniň arasynda dini azatlyklara çäklendirme girizýän döwletler bellenilip geçilýär. Bu hasabatda “has uly alada bildirilýän” döwletleriň arasyna Türkmenistan hem düşdi.

Birleşen Ştatlaryň Dini Azatlyklar boýunça halkara komissiýasy amerikan hökümetiniň garaşsyz edarasydyr. Ol Birleşen Ştatlaryň prezidentine, Döwlet sekretaryna we Kongresine alnyp barylýan daşary syýasatda dini azatlyklar meselesiniň nä derejede möhümdigi barada tekliplerini hödürleýär.

ABŞ-nyň Dini azatlyklar boýunça halkara komissiýasynyň başlygy Leonard Leo bu hasabat barada şeýle gürrüň berdi: “Biz her ýyl özümiziň ýaýradýan hasabatymyzda Döwlet sekretaryna dini azatlyklar boýunça “has uly alada bildirilýän” döwletleriň sanawyny hödürleýäris. Bu döwletlerde dini azatlyklar üçin şertler gözgyny bolup durýar. Biziň ýaýradan bu hasabatymyzda “has köp alada bildirilýän” döwletler diýlip bellenilen ýurtlaryň arasynda Türkmenistan hem bar”.

2011-nji ýyl boýunça hasabatda nygtalmagyna görä
, Türkmenistanda dini azatlyklary berjaý etmek boýunça gödek kemçilikler we hökümet yzarlamalary dowam edýär. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2007-nji ýylda amala aşyrlan reformalara garamazdan, ýurtdaky kanunçylyk binýady we alnyp barylýan syýasat halkara derejede kabul edilen kadalary, hususan-da dini azatlygy bozýar.

Öňki awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň mundan dört ýyl ozal aradan çykandygyna garamazdan, Türkmenistanda howpsuzlyk güýçleriniň hasaba alynan we alynmadyk dini toparlary yzarlamagy we başga sütemler entegem dowam edýär diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanyň Baş kanuny dini azatlyga, deňlige kepil geçýär. Emma 2003-nji ýylda kabul edilen dini kanun Konstitusiýanyň öňe sürýän kepilligine ters gelýär. Bu kanunda dini toparlary hasaba almak üçin bulaşyk şertler kesgitlenen we hasaba alynmadyk toparlara iş alyp barmak gadagan edilýär. Şeýle-de hasaba alnan dini toparlar çäre geçirmek üçin hökümetden rugsat almaga mejbur.

123 sany dini jemgyýet

Aşgabatda ýerleşýän "Aleksandr Newski" adyndaky rus prawoslaw kelisesi, 2010-njy ýyl.
Berilýän maglumata görä, 2010-njy ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanda 123 sany dini jemgyýet hasaba alnypdyr. Bularyň arasyndan 100-si sünni we şaýy musulmanlary, 13 sanysy ordokos hristiýanlary, galanlary bolsa, baptistler, ellinjiler, Hare Krişna, Ýedinji gün, ýagny adwentistler, Täze resullyk, Bahai we Beýik perwerlik jemgyýetleri.

Türkmenistandan Norwegiýa çykyp gaýdan Batyr atly baptist ýurdy terk etmeginiň sebäplerini şeýle düşündirdi: “Meniň pikirimçe, muňa nämäniň sebäp bolandygy hemmeler üçin aýdyňdyr, hemmeler üçin bellidir. Sebäbi diňe bir baptistler däl, başga dinlerden bolan adamlar-da yzarlanmalaryň, kynçylyklaryň pidalary bolup, ýurdy taşlap gitmäge mejbur galýarlar”.

Türkmenistandaky dini meselelere döwlet tarapyndan bellenilýän Dini işler boýunça geňeş gözegçilik edýär. Geňeşiň düzüminde hökümet resmilerinden, Sünni musulmanlaryň we ortodoks hristiýanlarynyň wekillerinden daşga dini toparlaryň wekilleri ýok.

Türkmenistandaky musulmanlar döwlet tarapyndan bellenilýän ymamlaryň ýeterlik dini biliminiň ýokdugyndan hem zeýrenýärler. Ýurtda dini kitaplaryň çap edilmegi we getirilmegi hem döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanýar.

Birleşen Ştatlaryň Dini azatlyklar boýunça halkara komissiýasynyň başlygy ýaýradylan hasabatyň üsti bilen öňde goýlan maksatlar we umytlar barada şeýle gürrüň berdi: “Biz bu hasabaty Amerikanyň prezidentine, Döwlet sekretaryna we Kongrese ýolladyk. Bu hasabatda türkmen hökümetiniň amal etmegine maslahat berilýän ençeme şertler bar. Olaryň arasynda belli bir şertler içinde dini kanuna üýtgetmeleri girizmek, ýagny has erkinräk kanunlar, şeýle-de halkara adam hukuklary boýunça kanunlara laýyklykda parahat dini toparlara hiç hili pägelçilik bermezlik ýaly rekomendasiýalar bar”.

Bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Dini işler boýunça geňeşinden maglumat almak başartmady.

Dini azatlyklar boýunça hasabatda “has uly alada bildirilýän” döwletleriň arasyna Demirgazyk Koreýa, Eýran, Pakistan, Yrak, Hytaý, Saud Arabystany we Özbegistan hem girýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG