Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Berdimuhamedow Rumyniýanyň hökümet resmileri bilen salamlaşýar, Buharest, 2011-nji ýylyň 12-nji maýy.
Rumyniýanyň prezidenti Traýan Baseskunyň çakylygy boýunça çarşenbe güni Türkmenistanyň prezideni Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň paýtagty Buhareste bardy.

Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän hökümet delegasiýasynyň hatarynda Türkmenistanyň başga-da ýokary derejeli resmileri bar.

Çarşenbe güni Buharestiň aeroportunda Rumyniýada okaýan türkmen studentleri prezident Berdimuhamedowy “Arkadaga şöhrat!” diýen şygarlary gygyrşyp garşy aldylar.

Energiýa üns merkezinde


Saparyň ilkinji güni Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Bakonsçi Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi. Gepleşikde iki ýurduň ykdysady we energiýa hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alşylandygy habar berilýär.

Çarşenbe güni Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan press-relizinde rumyn tarapynyň, aýratynam, Türkmenistanyň «Nabukko» we «AGRI» gaz proýektlerine gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi.

Prezidentler Berdimuhamedow (çepde) bilen Basesku Buharestdäki duşuşykda, 12-nji maý.



Buharestde çap edilýän «Romania Libera» atly gündelik gazetiň baş redaktory Sabina Fati şu gün döwlet liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen rumyn kärdeşi Traýan Baseskunyň geçiren özara gepleşiklerinde-de «Nabukko» gaz proýekti bilen baglanyşykly meseläniň esasy üns berlen meselelerden biri bolandygyny aýtdy.

“Gepleşikleriň gün tertibindäki iň möhüm meselelerden birem ‘Nabukko’ bilen baglanyşykly mesele boldy. Iki ýurduň prezidentleriniň 2009-njy ýylda geçiren gepleşiklerinden soň, ‘Nabukko’ proýekti bilen bagly mesele Rumyniýa üçinem, Türkmenistan üçinem möhüm mesele bolup durýar. Ýöne bu gepleşikleriň ähli tehniki jikme-jikligi barada iki ýurduň diplomatlarynyň ýaýratjak resmi beýanatlarynda mälim ediler” diýip, Sabina Fati Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Maslahata ýygnandylar

«Romania Libera» gündelik gazetiň baş redaktory Sabina Fati şu gün iki ýurduň prezidentleriniň geçiren gepleşikleriniň yzy bilen Türkmenistan bilen Rumyniýanyň delegasiýa agzalarynyň hem Buharestde özara maslahata ýygnanandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň delegasiýasy özara maslahatda, Buharest, 12-nji maý.



Bu maslahatda iki ýurduň resmileri Rumyniýa bilen Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada pikir alyşýarlar. Ýöne bu maslahatda-da Türkmenistan bilen Rumyniýanyň energiýa sektoryndaky hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalarynyň aýratyn üns merkezinde durýandygy habar berilýär.

Prezidentler Berdimuhamedow bilen Baseskunyň häzirki duşuşygy olaryň döwlet liderleri hökmünde geçiren üçülenji duşuşygydyr. Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň aprelinde Rumyniýa sapar edenden soň, 2009-njy ýylyň iýulynda Rumyniýanyň prezidenti Basesku Aşgabada sapar edip, Berdimuhamedow bilen gepleşik geçiripdi.

Şol gepleşiklerde-de iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň täze ugurlary, aýratynam, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşyklarynyň ugurlary kesgitlenilipdi.

Rumyniýada dowam edýän häzirki ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde türkmen-rumyn hyzmatdaşlyklaryna degişli käbir täze dokumentlere-de gol çekiler diýlip garaşylýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etisalat» kompaniýasynyň Dubaýda geçirilen Tehnologiýa hepdeligindäki sergisi, 2009-njy ýylyň 21-nji oktýabry.
Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etisalat» kompaniýasynyň müdirliginiň başlygy Hasan Umran Al-Şamisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýakynda Türkmenistanda boldy. Dünýäniň telearagatnaşyklar bazarynda öňdebaryjy kompaniýa bolan «Etisalatyň» Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýändigi barada habar berilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde «Etisalatyň» wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda arap işewürleriniň türkmen bazarynda telearagatnaşyk pudagynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirendikleri, şeýle hem bu pudakdaky baý tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklary barada aýdylýar.

1976-njy ýylda düýbi tutulan bu kompaniýa häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli internet-prowaýderi bolmak bilen, dünýäniň iň uly mobil kompaniýalarynyň biri hasaplanýar. 2006-njy ýyla çenli «Etisalat» Birleşen Arap Emirliklerinde ýeke-täk telearagatnaşyk we internet-prowaýderi bolup gelipdi. Häzirki wagtda «Etisalat» Ýakyn Gündogar, Aziýa we Afrika döwletleriniň 18-sinde aragatnaşyk hyzmatlaryny alyp barýar. Onuň hyzmatlaryndan 100 milliondan gowrak müşderi peýdalanýar.

MTS-den soň...

Geçen ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň çäginde MTS-iň hyzmatlarynyň togtadylmagy netijesinde, «Altyn asyr» öýjükli kärhanasy ýurduň çäginde ilata mobil hyzmatyny berýän ýeke-täk kärhana bolup galypdy. MTS-iň işiniň togtadylmagy netijesinde 2 milliondan gowrak abonent mobil hyzmatyndan kesilipdi. Şol sebäpden kuwwaty pes bolan «Altyn asyr» öýjükli kärhana az salymyň içinde munça mukdardaky müşderileri mobil hyzmaty bilen üpjün etmekden juda ejiz geldi.

Şu ýylyň 4-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudaklaryna garaýan wise-premýer N.Şagulyýewe ýurtda döwlete degişli bolmadyk özbaşdak işleýän öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň pesinden üçüsiniň döredilmelidigi barada görkezme beripdi. Şol kompaniýalaryň dünýäniň belli aragatnaşyk kompaniýalary bilen bilelikde döredilmelidigini we onda türkmen kompaniýalarynyň paýynyň 50 göterimden köp bolmalydygy barada Berdimuhamedow tabşyryk beripdi.

Berdimuhamedow täze dörediljek öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň atlarynyň ählisine milli atlaryň dakylmalydygyny öňe sürmek bilen, mysal hökmünde «Galkynyş» diýen ady getiripdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG