Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ilçi Robert E.Patterson
Ýakynda Birleşen Ştatlaryň Kongresinde geçirilen diňlenişiklerden soň, öz kandidaturasy täze wezipä tassyklanan Robert E.Patterson Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirmek üçin şu gün Aşgabada bardy.

Şu gün hem Robert E.Patterson Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşykda Birleşen Ştatlaryň täze ilçisi türkmen prezidentine ynanç hatyny gowşurdy.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat wekili Wilýam Stiwens bu wakany tassyklap, şu gün Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly gürrüňdeşliginde şeýle diýdi: «Biz ilçi Pattersonyň Aşgabada gelmegine örän şat. Ol özüniň ynanç hatyny şu gün Türkmenistanyň prezidentine gowşurdy. Biz jenap Patterson bilen hyzmatdaşlyk etmäge höwes bilen taýýar. Onuň ýolbaşçylygy astynda biz Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklary mundan beýläk has-da ösdüreris diýip umyt edýäris».

Robert E.Pattersonyň ilçi wezipesinde işläp başlamagy bilen, türkmen-amerikan gatnaşyklarynda nähilidir bir täzeçe çemeleşmeleriň boljakdygy ýa bolmajakdygy barada soranymyzda, Wilýam Stiwens iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda düýpli syýasy özgerişlikler bolar diýip garaşmaýandygyny aýtdy.

«Men özara gatnaşyklarda nähilidir bir syýasy özgerişlikler bolar diýip garaşmaýaryn. Beýleki tarapdan, ilçiniň edil häzir gelip durşy. Biz ýagdaýyň nähili boljakdygyny indi göreris. Ýöne ilçi özüniň esasy planlary barada Senatda beren hasabatynda ýörite soglara jogap berip, jikme-jik durup geçipdi» diýip, Wilýam Stiwens öz garaýşyny mälim etdi.

Robert E.Pattersonyň häzirki ilçilik wezipesine üç ýyllyk möhlet bilen bellenendigini habar berilýär.

Ilçi Pattersonyň kandidaturasy bu wezipä şu ýylyň 3-nji martynda prezident Barak Obama tarapyndan hödürlenilipdi. 2011-nji ýylyň 14-nji aprelinde bolsa onuň kandidaturasy ABŞ-nyň Senaty tarapyndan doly tassyklanyldy, 26-njy aprelde-de ol ilçilik wezipesine kasam etdi.

Robert E.Patterson mundan ozal hem ýokary derejeli hökümet we diplomatik wezipelerde işläp geldi. Hususan-da, ol 1985-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentine işe geçenden soň ozalky SSSR-de, Merkezi we Gündogar Ýewropada, Demirgazyk Kawkazda, Orsýet Federasiýasynda we Gündogar Afrikada diplomatik wezipelerde işledi.

Soňky döwürlerde ol Keniýanyň Naýrobi şäherindäki amerikan ilçihanasynda Somaliýa meseleleri boýunça geňeşçi bolup işledi.

Mundan daşary, Robert E.Patterson Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasynyň syýasy we içerki meseleler boýunça bölümine, şeýle hem ABŞ-nyň Wengriýadaky, Ukrainadaky we Ermenistandaky ilçihanalarynyň syýasy bölümlerine ýolbaşçylyk etdi.

Pensilwaniýa ştatynyň Grinburg şäherinde doglan Robert E.Patterson «Rid» kollejinde bakalawr derejesini alan. Mundan daşary, ol Kolumbiýa uniwersitininden filosofiýa we gumanitar ylymlar boýunça magistrlik derejesini hem-de ABŞ-nyň Harby-deňiz kollejindenem magistrlik derejesini alan. Ol iňlis, rus, ukrain, wenger we nemes dillerini bilýär.
Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesenow
Aşgabadyň sudy anna güni Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesenowy şertli ýagdaýda azat etdi. 56 ýaşly Begdesenow kezzaplykda we para bermekde araçylyk etmekde aýyplanyp, Türkmenistanyň organ işgärleri tarapyndan 11-nji aprelde tussag edilipdi.

Şertli tussaglyk möhleti kesilip, gös-göni suduň zalyndan erkinlige goýberilen Bisenkul Begdesenowyň Almatyda ýaşaýan ogly Amir öz kakasynyň ýagdaýy we suduň netijesi barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Kakamyň ýagdaýy, umuman aýdylanda, gowy. Ol şertli ýagdaýda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şeýle-de ol, hamala, hökümete ýetiren zyýanyny tölemeli edildi”.

Bisenkul Begdesenowyň özüniň aýtmagyna görä, entek onuň elinde suduň çykaran resmi karary ýok. Bu karar diňe penşenbe güni oňa gowşurylar. Bisenkul bu barada şondan ozal kommentariý bermekden saklanýandygyny aýtdy.

Bisenkulyň Almatyda ýaşaýan ogly kakasynyň kanuny bozmandygyny belläp, adalaty diketlmek üçin hereket etjekdigini aýdýar: “Biz eýýäm Gazagystanda her dürli çäreleri gurnaýarys. Munuň bilen baglylykda biz şu gün metbugat-konferensiýasyny geçirdik. Ondan soň, dürli raýatlardan köpçülikleýin hat ýygnadyk. Bu hatlary biz Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentlerine ýollamakçy. Şeýle-de, biz suduň kararynyň üstünden şikaýat edip, hökmany ýagdaýda konstitusion edaralara ýüz tutarys”.

Bisenkul Begdesenowyň Almatyda ýaşaýan ogly Amir
Şu günki geçirilen konferensiýanyň dowamynda Gazagystanyň “Azat” syýasy partiýasynyň we Respublikan hereketiniň wekilleri, şeýle-de Bisenkulyň iki ogly çykyş edip, onuň ýagdaýy barada habar serişdelerine maglumat berdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara “Human Rights Watch” guramasy hem geçen aýyň ahyrynda ýaýradan beýanatynda Bisenkul Begdesenowyň syýasy sebäbe görä tussag edilen bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürüpdi.

Amir Begdesonow öz kakasyna ýöňkelýän aýyplamar aradan aýrylyp, tä adalat dikeldilýänçä, soňuna çenli göreşjekdigini aýdýar.

Bisenkul Begdesonowyň tussag edilmegi we onuň üstünden bolan sud diňlenişigi boýunça türkmen resmilerinden maglumat almak başartmady.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG