Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (çepde) bilen “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller Sankt-Peterburgda geçirilen ykdysady forumda, 2010-njy ýylyň 20-nji iýuny.
Orsýetiň gaz monopoly “Gazprom” kompaniýasynyň “Transowgan” gaz proýektine goşulmagy mümkin. Bu habar Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň geçen hepde Moskwada ors kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen geçiren duşuşygyndan soň ýaýradylan beýanatda öňe sürüldi.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari geçen hepde Moskwada rus kärdeşi Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy,
Beýanatda “Gazpromyň” nähili manyda bu proýekte goşulmak isleýänligi we onuň proýektiň geljegine, ýagny onuň amala aşyrylmagyna nähili pozitiw täsirini ýetirjekdigi hakda o diýen köp maglumat berilmeýär.

Kanadanyň Karlton Uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça departamentiniň professory Robert Kutleriň aýtmagyna görä, “Gazpromyň” bu proýekte goşulmak isleginiň ençeme sebäbi bar: “Orsýet bir gezek Hindistana ýüzlenip, biz hem bu proýekti gaz bilen üpjün edip bileris diýipdi. Haçanda TOPH baradaky bu diskussiýalar möwjäp başlanda, Orsýet bu proýekte goşulmak islegini beýan edip başlady”.

Uzynlygy 1,680 kilometr boljakdygy aýdylýan TOPH proýekti Türkmenistanyň Döwletabat gaz ýataklaryndan başlanyp, türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we ondan soňra-da Hindistana akdyrar. Proýektiň deslapky taslamasyna görä, bu gazgeçirijiden her ýyl 27 milliard kubometr töweregi gaz akdyrylar. Gaz turbadan doly güýjünde akyp başlansoň, onuň ýarsynyň Pakistana we galanynyň-da Hindistana akdyrylmagyna garaşylýar.

Ýöne onlarça ýyldan bäri bu plan hakda gepleşikleriň geçirilýändigine garamazdan, bu ugurda gol goýlan käbir ylalaşyklar bolaýmasa, henize çenli iş ýüzünde gazanylan o diýen takyk üstünlik göze ilenok. Onuň bir sebäbi Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlary bolsa, beýleki sebäbi – Hindistan bilen Pakistanyň arasynda dowam edýän ynamsyzlykdyr. Şeýle-de bu proýekte maýa goýujylary çekmek işi hem henize çenli soraglygyna galýar.

Aşgabat islänok

Käbir habarlardan çen tutulsa, Orsýetiň bu proýekte aralaşmagyny Türkmenistan o diýen oňlap baranok. 2010-njy ýylyň oktiýabrynda Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Seçiniň ”Gazprom” bilen Türkmenistan Orsýetiň ”Transowgan” gaz proýektine goşulmagy boýunça ylalaşyk gazandylar diýen habaryny Aşgabat ret edipdi.

Aşgabadyň beýle pikire garşy çykmagynyň sebäpleri barada anyk maglumat berilmeýär, emma bu pozisiýa öz nobatynda Orsýetiň bu proýekte goşulmagyna Türkmenistanyň razy däldigini aňladýar.

Kanadaly professor Kutler, umuman aýdylanda, soňky döwürlerde Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda dartgynlygyň dowam edýänligini we munuň dürli sebäpleriniň bardygyny aýdýar. Şeýle-de, synçylaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan öz gaz eksportyny köp ugurly etmek barada alyp barýan tagallalarynda mümkin boldygyndan Orsýetiň territoriýasyndan sowa geçýän proýektlere ähmiýet berip gelýär.

Türkmenistanyň Orsýetiň TOPH proýektinde uly ornunyň bolmagyny islemezligi Aşgabadyň Moskwanyň monopol agalygynyň astyna düşmekden heder etmegi bilen bagly bolup biler diýip, synçylar aýdýarlar.

Kanadaly professor Kutleriň aýtmagyna görä, “Gazprom” bu proýekte goşulan halatynda hem Moskwanyň Türkmenistana ýetirjek täsiri o diýen güýçli bolmaz: “Meniň pikirimçe, Orsýetiň nukdaýnazaryndan garanyňda, onuň bu proýekte goşulmaga synanyşmagynyň maksady geosyýasy gazanç bilen bir hatarda onuň ykdysady taýdan Moskwa bähbitli bolmagydyr”.

Orsýetiň bu proýekte goşulmak isleginiň aňyrsyndaky sebäpler syýasymy ýa-da ykdysady, bu häzirlikçe anyk däl. Häzirki döwürde Orsýetiň bu proýekte goşulmagyna rugsat edilip-edilmejeginiň özi hem soragly. Şol bir wagtda “Transowgan” gaz proýektiniň başa baryp-barmajagy-da, eger bu planyň gurluşygy başlansa, onda onuň haçan tamamlanjagy-da sorag astynda.
Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky diktator Saparmyrat Nyýazowyň ölüminiň yzysüre häkimiýet başyna geçdi.
Hökümete degişli bolmadyk halkara “Crude Accountability” guramasy ýakynda “Türkmenistandaky reformalar: ýylmanan görnüş. Prezident Berdimuhamedowyň häkimiýetdäki dört ýylyna syn” atly hasabatyny ýaýratdy. Bu hasabatda Berdimuhamedow häkimiýete gelenden soň, türkmen hökümetiniň amala aşyrýan reformalary hem-de olara Günbataryň reaksiýasy hakda maglumat berilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky diktator Saparmyrat Nyýazowyň ölüminiň yzysüre häkimiýet başyna geçdi. Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurduň syýasy-ykdysady durmuşynda, adam hukuklary meselelerinde özgerişlikler amala aşyrylarmy ýa-da öňki diktator režiminiň ýoly dowam etdirilermi diýen ýaly soraglar Günbatary juda ýakyndan gyzyklandyrýar.

2007-nji ýylyň 11-nji fewralyndaky prezidenlik saýlawlarynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň baştutanlygyna geçenden soň, ýurtda giň möçberli reformalary amala aşyrmaga söz beripdi. Bu wadalar belli bir derejede iş ýüzünde durmuşa geçirldi. Ýagny, Türkmenistanda internetiň ulanylyşy açyldy, ýurduň içindäki hereket çäklendirmeleri hem belli bir derejede azaldy. Emma, käbir ekspertleriň bellemegine görä, bu diňe Günbataryň gözüni baglamak üçin edilýär.

“Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň” ýerine ýetiriji direktory Jon MakLaud Berdimuhamedowyň Türkmenistanda sosial we saglygy saklaýyş meseleleri boýunça käbir öňegidişlikleri gazanandygyny belläp, adam hukuklary babatda öňegidişlikleriň bolmandygyny aýdýar.

“Ol käbir ugurlar boýunça, şol sanda sosial üpjünçilik, saglygy saklaýyş, bilim ulgamlarynda belli bir reformalary amala aşyrdy. Bu ugurlarda, dogrudan hem käbir oňaýly özgerişlikler bar. Ýöne, beýleki pudaklara gezek gelende, ýagny adam hukuklary, demokratiýa boýunça göze ilýän özgerişler ýok. Şeýle-de men bu ugurlarda üýtgeşik bir özgerişlik bolaram öýdemok. Mysal üçin, onuň arada syýasy partiýalaryň açylmagynyň gerekdigi barada aýdanlaryna asla-da bil baglap bolmaýar” diýip, MakLaud aýdýar.

“Crude Accountability” guramasynyň ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, günbatar hökümetleri, halkara guramalary we maliýe gurluşlary prezident Berdimuhamedowyň “bular” ýaly reformalaryny oňaýly garşylap, türkmen hökümetine Nyýazowyň döwründäki bolan garaýyşlaryny üýtgedipdirler.

Şeýle-de, hasabatda nygtalmagyna görä, prezident Berdimuhamedow günbatarly liderleriň aladalaryna gulak asýandan bolup, olar bilen, hamana, ysnyşykly gatnaşyk gurýar diýen pikiri döredipdir.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG