Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

"Türkmenistanda täze şahsyýet kulty döredilýär, häzirki tagallanyň netijesiniň öňküden hem erbet bolmagy mümkin".
Türkmenistanda täze şahsyýet kulty döredilýär, häzirki tagallanyň netijesiniň öňküden hem erbet bolmagy mümkin. Bu pikir 4-nji maýda “Açyk jemgyýet” institutynyň Waşingtondaky merkezinde Türkmenistan hakda geçirilen ýygnakda aýdyldy. Pikiri “Crude accountability” guramasynyň ýolbaşçysy Keýt Woters öňe sürdi.

Wotersiň aýtmagyna görä, Türkmenistanda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowdan soňra käbir zatlar özgeren hem bolsa, olaryň aglaba bölegi göz üçin ädilen ädimler bolup, adam hukuklary we graždan jemgyýetçiliginiň ýagdaýy heniz hem öňküligine galýar.

“Crude accountability” guramasynyň wekili öz çykyşynda Türkmenistanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işleriniň hem gaty çäklendirilenligini belläp, hökümetiň Baş kanuna “üýtgetmeler girizdik” diýýän beýanatynyň aňyrsynda hem hakyky reforma diýlen zadyň asla ýokdugyny nygtady.

Din

Norwegiýada ýerleşýän “Forum 18” guramasynyň wekili Feliks Körleý bolsa dini azatlyklaryň ýagdaýy hakda gürrüň edip, Türkmenistanda bu ugurda çäklendirmeleriň barha güýçlenýänligini belledi: “Sistema barha güýçlenýär, dini hereketlere kontrollyk etmek sistemasy barha güýçlenýär. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri wyždan tussaglarynyň sany artdy. Häzirki döwürde türmelerde we lagerlerde saklanýan wyždan ýesirleriniň sany dokuz adama barabar”.

Körleý Türkmenistanda dini materiallaryň hem aşa çäklendirilenligini belläp, kitaphanalarda islendik dini kitaby tapyp bolmaýanlygyny, diňe hökümet tarapyndan çap edilmegine rugsat edilen kitaplaryň bazarlarda satylýanlygyny we olaryň senzuradan geçirilen kitaplardygyny belledi.

“Daşary ýurtlardan Türkmenistana barýan adamlardan hemme zatdan ozal dini kitabyň barmy diýip soralýar, gümrükde otyran wezipeli adamlary dini kitaplar beýleki ähli zatlardan köp gyzyklandyrýan bolmaga çemeli” diýip, Körleý ýygnakdaky çykyşynda belledi.

Türmeler


Norwegiýanyň “Helsinki komitetiniň” wekili Iwar Deýl hem ýygnakda çykyş eden ekspertlerden biri bolup, ol esasanam Daşoguzdaky aýallar türmesiniň ýagdaýy we şol türme hakda ýakynda çap edilen hasabat barada gürrüň etdi. Hasabat türmede oturyp çykan zenanlar we şol türmäniň häzirki tussaglarynyň garyndaşlary bilen geçirilen gepleşikler esasynda taýýarlanyp, Norwegiýanyň “Helsinki komiteti” tarapyndan çap edilipdi.

“Bu türme 700 tussagy saklamak göz öňünde tutulyp gurlupdyr, emma türmede saklanýan adamlaryň ortaça sany 2,300-2,500-iň aralygynda. Biz bu hasabaty Birleşen Milletler Guramasyna hem gowşurdyk. Şol türmede aýallar gynalýar we dürli zorluklara sezewar edilýär” diýip, Deýl belledi.

Şeýle hem Deýl bendileriň saglyk ýagdaýlarynyň we olaryň saglyk serişdeleri bilen üpjünçiliginiň hiliniň hem juda pesdigini belläp, Daşoguzda howanyň tomusda juda yssy we gyşda bolsa juda sowuk bolýanlygyny aýdyp, şeýle şertlere çydap bilmän özlerini öldürýänleriň hem köp bolýanlygyny belledi.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gözgynydygyna garamazdan, halkara jemgyýetçiliginiň bu ýurda o diýen üns bermeýänligi hem ýygnakda edilen çykyşlarda nygtaldy.

Emma “Crude accountibility” guramasynyň ýolbaşçysy Keýt Wotersiň aýtmagyna görä, bu ugurda soňky döwürlerde käbir üstünlikler hem gazanylypdyr. Ol bu mesele bilen bagly amerikan ýolbaşçylary bilen bir hatarda Türkmenistanda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleri bilen-de duşuşyklary geçirip, olary bu ýagdaýdan habarly etmäge synanyşýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň graždanlarynyň daşary ýurtlaryň ýokary we orta professional okuw jaýlarynda okap alan diplomlarynyň ykrar edilişiniň tertibine degişli permana gol çekdi.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri dolurak ulanmagyň we olaryň ukybynyň Watanyň peýdasyna sarp edilmeginiň zerurlygyny belledi. Bu barada resmi Aşgabat habar berdi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti ýurtda döwrebap bilim derejesine we ýokary derejeli professional kadrlara bolan talabyň ýyl-ýyldan artýanlygyny hem nygtapdyr.

Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek düzgüni baradaky permana soňky hökümet maslahatynda gol çekilenligi türkmen metbugatynda habar berildi. Şol bir wagtyň özünde-de bu prosesiň sentýabr aýyna çenli yza tesdirilenligi barada resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar hem gowuşýar.

Daşary ýurt diplomlaryna degişli täze düzgünler barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň özünden maglumat alyp bolmady.

Täze düzgün nähili bolar?

Graždanlaryň daşary ýurtlarda okap alan diplomlarynyň kabul edilmegi Nyýazow döwründe ýatyrylypdy. Soňky ýyllarda bu meselä ençeme sapar hökümet derejesinde garaldy. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň diplomlaryny ykrar etmek boýunça işleri barlamagyň zerurlygy nygtaldy. Emma taze düzgüniň mazmuny köpçülige mälim edilmedi.

Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts diplomlar meselesindäki kesgitsizligiň aladalary hasam güýçlendirýänligini belleýär.

“Bu täze düzgünleriň nähili boljagyny bilip bolsady, şonda men hasam begenerdim. Sebäbi täze düzgün barada anyk maglumat almak isleýänler muny şu çaka çenli anyklap bilmediler. Şonuň uçin adamlar täze karar näçe gowy bolsa-da, onuň gümürtik taraplarynyň ýene-de köp boljagyna we raýatlaryň öz diplomlaryny ykrar edip bilmejegine aladalanýarlar” diýip, Şabunts belleýär.

Şu günki gün Türkmenistanda diplomatlaryny ykrar etdirmekde ilkinji nobatda daşary ýurtlaryň hususy okuw jaýlaryny tamamlanlar ýa-da öz hasabyna okanlar kynçylyk çekýärler.

Emma Şabunts sowet döwründe diplomly bolan hünärmenleriň hem kynçylyklardan halas däldigini aýdýar: “Sowet döwründe Özbegistanda okap, diplomly bolan raýatlary örän kösändiklerini anyk bilýärin. Ýogsa, şol diplomlar bir döwletiň çäginde alnypdy”.

Şabuntsyň bellemegine görä, diplomlar resmi derejede ykrar edilip başlanan ýagdaýda-da türkmen raýatlary üçin öz ýurdunda işe ýerleşmek kyn. Muňa esasy sebäp bolýan zat - işsizlik we korrupsiýa.

Para-peşgeş we tanyş-bilişlik

Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy, synçy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, ýurtda diplomlary ykrar etmekde-de, işe yerleşmekde-de raýatlaryň hünär ýa bilim derejesi däl-de, esasan para-peşgeş we tanyş-bilişlik rol oýnaýar: “Halkara ykdysadyýetine, halkara hukuk gatnaşyklaryna degişli fakultetleri gutaran we bäş-alty dili bilýän hakyky bilimli adamlara ýol ýok. Sebäbi ýurtda korrupsiýa we tanyşparazlyk gidip otyr”.

Şu çaka çenli Türkmenistanda daşary ýurt diplomyny ykrar etdirmek isleýän raýatlar Bilim ministrliginiň ýörite komissiýasyna okan ugrundan we “Ruhnamadan” ekzamen tabşyrmalydy.

Şu günki gün daşary ýurtlarda bilim alanlar üçin Türkmenistanda, daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmeginden we işsizlikdir-parahorluk ýaly problemalardan başga-da böwetleriň bardygy aýdylýar.

Şeýle böwetleriň biri - ýurtda ençeme spesialistlere bolan talabyň ujypsyzlygydyr. “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň bellemegine görä, Türkmenistanda hususan-da psihologlara, sosiologlara, syýasaty öwrenijilere we žurnalistlere isleg bildirilmeýär.

Resmi maglumatlarda, 2010-njy ýylda ýurduň daşyna döwlet programmasy boýunça 2,700-e golaý adamynyň okamaga gidenligi aýdylýar. Emma daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýanlaryň sany barada resmi statistika berilmeýär.

Garaşsyz maglumatlarda daşary ýurtlarda özbaşdak okaýanlaryň onlarça müňdügi aýdylýar. Diňe bir Ukrainada 5,5 müň türkmenistanlynyň okaýanlygy ýakynda ukrain metbugatynda habar berildi.

Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da, Ýewropa döwletlerinde, Orsýetde, Belarusda, Türkiýede, Hytaýda, Malaýziýada we ýene ençeme döwletlerde ýokary bilim alýarlar. Olaryň arasynda aspirantura okuwlaryny dowam etdirýänler hem az däl.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG