Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Okuwçylaryň oturýan ýerlerinde ähli netbuklary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge hiç bir mekdepde şert ýok.
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň birinji klasyna okuwa baran okuwçylaryň ählisine döwlet tarapyndan sowgat hökmünde netbuk berildi.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl ýurduň orta mekdeplerine jemi 100 müňe golaý çaga okuwa barypdyr. Olaryň ählisi üçin niýetlenilip satyn alnan netbuklaryň jemi bahasy 26 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Bilim ministrliginiň yglan eden tenderiniň ýeňijisi bolan Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy türkmen okuwçylary üçin öz netbuklaryny Türkmenistana getirdi.

Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň orta mekdepleriniň 1-nji klasynda okaýan okuwçylarynyň ählisini okuw kitaplary bilen birlikde şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün etmek meselesini öwrenmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.

Mekdep okuwçylaryna kompýuterleri şahsy bermek barada aýdylan-da bolsa, Bilim ministrligi tarapyndan netbuklaryň çagalara paýlanylyşynda şahsy diýlen zat ýok. Netbuklar okuwçylaryň öýlerine berilmän, diňe mekdepde saklanylýar.

Tomusky kanikulda orta mekdepleriň başlangyç klaslary okadýan mugallymlaryna sentýabra çenli hökmany suratda kompýuterden baş çykarmak tabşyrylypdy. Mugallymlaryň iki-üç aýlap ýörite kurslara gatnap okandyklaryna garamazdan, olaryň aglabasy kompýuterlerden asla baş çykaryp bilmeýärler. Bu ýagdaý diňe etrap, oba mekdeplerinde däl, eýsem paýtagtyň bilim ojaklarynda-da şeýle.

Netbuklaryň okuwçylara paýlanylyp berlenine on gün geçen-de bolsa, olaryň hatda gutusyndan çykarylman, klasdaky şkaflarda saklanylýan ýerleri hem bar.

Döwlet tarapyndan okuwçylara paýlanan netbuklaryň mekdeplerde ulanylyşyna diňe bir bilim müdirlikleriniň hünärmenleri däl, eýsem polisiýanyň işgärleriniň-de gözegçilik edýändiklerini mugallymlar gürrüň berýärler. Ýetginjekler bilen işleşmek boýunça polisiýanyň wekilleri mekdeplere ýörite aýlanyp, okuwçylara berlen netbuklaryň elmydama işledilen ýagdaýynda durmalydygyny maslahat berip gidýärler.

Bilim müdirlikleriniň hünärmenleri bolsa netbuklar sapaklarda işledilmese, onda mugallymlaryň işden boşadyljakdygyny duýdurýarlar.

Netbuklaryň sapaklarda elmydama işledilmezliginiň esasy sebäpleriniň biri onuň elektrik üpjünçiligi meselesidir. Okuwçylaryň oturýan ýerlerinde ähli netbuklary elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge hiç bir mekdepde şert ýok. Ýaňy ýedi ýaşan çaganyň oturýan ýerlerine uzyn simleri çekmekden howatyr edilensoň, direktorlar netbuklaryň energiýasy gutaransoň, olary aýratynlykda tok bilen doldurmagy mugallymlara tabşyrýarlar. Bu bolsa mugallymyň işiniň daşyndan ýene bir iş bolýar. Şonuň üçin olar netbuklary kän bir ulanmanlaryny kem görmeýärler.

Bilim ministrligi tarapyndan birinji klasyň okuw programmasynda ýörite netbuk üçin wagtyň bölünip berilmezligi-de, başlangyç klas mugallymlaryna sapaklary geçmekde kynçylyk döredýär. Sebäbi netbuklaryň açylyp-ýapylmagyna sarp edilýän wagt beýleki sapaklarda çagalara berilýän sowadyň täsirliligini kemeldýär diýip, mugallymlar aýdýarlar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
“Türkmen serhetçileri serhediň ýapykdygyny aýdyp, studentleri serhetden geçirmändirler. Başga hiç hili düşündiriş bermändirler".
Türkmen hökümeti Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentlerine öz okuwlaryny dowam etdirmek üçin ýurtdan çykmaga rugsat bermedi. Bu maglumaty Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary-da tassykladylar. Emma türkmen resmileri özlerinde bu hakda maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar.

Täjigistanyň Döwlet medisina institutynyň dekanynyň orunbasary, daşary ýurtly studentler bilen işleýän Akbar Ahrorowiç Urunow türkmenistanly studentleri serhetden geçirmeýändikleri barada maglumatyň şol studentleriň özlerinden gowşandygyny aýtdy.

“Türkmen serhetçileri serhediň ýapykdygyny aýdyp, studentleri serhetden geçirmändirler. Başga hiç hili düşündiriş bermändirler. Biz özümiziň Bilim ministrligimizden bu hakda soranymyzda olar bize “Bu türkmen häkimiýetleriniň karary, biz hiç zat edip bilmeýäris” diýdiler”.

Urunowyň sözlerine görä, Medisina institutyndan okuwyny dowam etdirmäge gelip bilmedik studentleriň sany 25-30 töweregi.

Türkmen studentleriniň Täjigistana goýberilmezligi barada anyk maglumat almak üçin Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasyna telefon etdi. Ilçihananyň işgäri özlerinde bu hakda maglumatyň ýokdugyny aýtdy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginden bolsa maglumat alyp bolmady.

Sadriddin Aýni adyndaky Täjigistanyň Döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň mugallymy Bahtiýor Muminow özlerinde Türkmenistandan köp studentiň okaýandygyny aýdýar: “Olardan sentýabrdan öňräk gaýdanlary serhetden geçip, gelip okap başladylar. Sentýabra galanlaryny bolsa serhetden geçirmändirler. Emma uniwersitetimiz şu wagta çenli bu hakda resmi maglumat ýaýratmady. Garaşsyzlyk baýramyndan soň hem gelmeseler, muny resmi suratda yglan ederler”.

Wagt berilýär

Täjigistanyň Medisina institutynyň dekanynyň orunbasary Akbar Urunow eger-de türkmen studentleri 12-nji sentýabra çenli gelip, galan ekzamenlerini tabşyrmasalar olaryň institudan çykaryljakdygyny mälim etdi: “Biz 12-13-nji sentýabra çenli garaşarys. Eger-de şoňa çenli gelip, galan ekzamenlerini tabşyrmasalar, biz olary institutdan çykarmaly bolarys. Sebäbi biziň öz programmamyz bar”.

2009-njy ýylda Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda, şeýle-de Bişkekdäki Merkezi Aziýa boýunça amerikan uniwersitetinde okaýan student ýaşlar, sebäbi düşündirilmezden, ýurtdan çykarylmandy. Şonda hem türkmen hökümeti özüniň bu karary barada hiç hili düşündiriş bermändi. Gyrgyzystanda okap ýören studentleriň bir bölegi dokumentlerini alyp, başga ýokary okuw jaýlaryna tabşyrmaga mejbur bolupdylar.

Urunow türkmen häkimiýetleriniň Täjigistanda okaýan we okamak isleýän türkmen ýaşlaryna ýol açyljakdygyna umyt edýär: “Biz türkmen hökümeti studentleri okuwyny dowam etdirmäge Täjigistana goýberer diýip, umyt edýäris. Sebäbi biziň Medisina institutymyzda 1-nji kursdan 6-njy kursa çenli türkmen studentleri okaýarlar”.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanyň orta mekdeplerini 110 müňden gowrak oglan-gyz tamamlady. Geçen ýyllarda diňe 5 müň çemesi oglan-gyz ýerli okuw jaýlaryna kabul edildi. Perzendi okuwa girip bilmedik ene-atalar ogul-gyzlaryna ýokary bilim bermek maksady bilen olary daşary ýurtlara, şol sanda goňşy respublikalara: Gazagystana, Özbegistana we Täjigistana okuwa iberýärler.

Türkmenistandan döwlet ýollanmasy bilen käbir ýaşlar Orsýete, Belarusa, Ukraina we beýleki daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna okuwa iberilýär. Häzir Ukrainada okap ýören türkmen ýaşlarynyň sany 5 ýarym müň, Belarusda okaýan türkmen studentleriniň sany bolsa 4,400-e golaý.

Häzirki wagtda Täjigistanyň ýokary okuw jaýlarynda 1000-den gowrak türkmen ýaşlary okaýarlar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG