Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

2008-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda O.Myradowanyň ölüminiň ýyl dönümine bagyşlayp Türkmenistanyň Pariždäki ilçihanasynyň içinde geçirilen protest aksiýasy wagtynda. Çepde: türkmen diplomaty, sagda: O.Myradowanyň dogany Annadurdy Hajyýew.

Bäş ýyl mundan ozal, 2006-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda graždan aktiwisti, Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edip başlan Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy.


Şonda Ogulsapar Myradowanyň jesedini gören dogan-garyndaşlary onuň teninde zorluk-sütemiň yzynyň bardygyny aýtdylar. Türkmen häkimiýetleri, halkara guramalarynyň çagyryşlaryna garamazdan, Myradowanyň ölümi bilen bagly häzire çenli-de garaşsyz derňew geçirenoklar.

Ýakynda “WikiLeaks” internet saýtynda Ogulsapar Myradowanyň ölümi bilen bagly goşmaça maglumatlar hem peýda boldy.

2006-njy ýylyň18-nji iýunynda Ogulsapar Myradowa bilen birlikde Sapardurdy Hajyýew we Annagurban Amangylyjow hem içalyçylykda aýyplanyp, tussag edilipdiler. Bu aktiwistler 2006-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda ýanlaryndan bikanun ýarag tapylanlykda aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildiler.

Fransuzlar oňaýsyzlyga düşdi

Şol wakadan kän wagt geçmänem, Fransiýanyň telekanaly Ogulsapar Myradowanyň, Sapardurdy Hajyýewiň we Annagurban Amangylyjowyň ýardam bermeginde «Galaksi-Press» agentligi tarapyndan Türkmenistan barada surata düşürilen dokumental filmi efire berdi. Bu filmde «Galaksi-Press» agentligi türkmenistanly bu üç aktiwistiň hiç hili kanuny bozmazdan, Türkmenistandaky adaty ýagdaýlar barada dokumental filmi surata düşürmäge ýardam berendigini görkezýär.

Ogulsapar Myradowa öz oglunyň toý gününde. Ashgabat, 2004.
Tussag edilmezinden öň, Ogulsapar Myradowa Azatlyk Radiosy bilen hem hyzmatdaşlyk saklap, käbir ýerli meseleler barada radioda az-owlak çykyş etmäge-de ýetişipdi.

“WikiLeaks” internet saýtynyň Türkmenistan bilen baglanyşykly ýaýradan soňky maglumatlarynda graždan aktiwistleriniň tussag edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowyň Fransiýanyň Türkmenistandaky işleri ynanylan wekili Henri Tomasini bilen duşuşyp, oňa faktlar bilen temmi berendigi aýdylýar.

Raşit Meredow Tomasininiň aktiwistleri fotokamera ýaly tehniki enjamlar bilen üpjün edendigini aýdypdyr. Maglumatda Tomasininiň başda muny ret edip, soňra Meredow oňa kesesinden ýaşyryn düşürilen suratyny görkezensoň, žurnalistlere zerur bolan enjamlary berendigini boýun alandygy aýdylýar we Meredowyň: “Bu ýer çagalar bagy däl” diýen sözleri getirilýär.

Şeýle hem Reşit Meredow Türkmenistanyň Fransiýa bilen özara gatnaşyklaryna sarpa goýýandygyny aýdyp, hut şol sebäpden Tomasinini “persona non grata” diýip yglan etmek planynyň ýokdugyny aýdypdyr.

“WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen amerikan ilçihanasynyň diplomatik hatlarynda fransuz hökümetiniň bu oýlanyşyksyz hereketi netijesinde türkmen aktiwistleriniň köpüsine abanýan howpuň has artandygy aýdylýar.

Hatlaryň birinde bu barada şeýle diýilýär: “Fransiýa türkmen aktiwistlerine şeýle enjamlary bermek bilen, onsuz hem paranoýa ýagdaýyndaky we daşary ýurtlularyň täsirlerinden howatyrlanýan was-was türkmen hökümetine meçew berip, günbatar ýurtlarynyň hem halkara guramalarynyň adam hukuklaryny hem söz azatlygyny öňe sürmek meselesinde Türkmenistanda alyp barýan işleri barada şübhe döretdi. Bu waka söz azatlygyny öňe sürmek boýunça hereket mümkinçiligini çäklendirdi”.

“Ol režimiň öňünde dyzyna çökmedi”

Ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki Fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa Ogulsapar Myradowanyň Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagyna protest hökmünde graždanlyk aktiwligini görkezendigini belledi.

“Belli bolşy ýaly, diktatorlyk režimler aktiw adamlardan howatyrlanýarlar. Şonuň üçin Ogulsapara toslama aýyplamalar ýöňkelip, ol tussag edildi. Ogulsapar bilen bir hatarda türkmen häkimiýetleri onuň doganyny hem üç çagasyny tussag etdiler. Ýöne, Ogulsapar ejizlemän, özüne ýüklenen hemme galp aýyplamalary ret etdi. Diktatorlyk režimiň öňünde dyzyna çökmedi. Şondan soň türkmen häkimiýetleri Ogulsaparyň ölendigini aýtdylar. Ogulsaparyň jesediniň öýüne ugradylmagyna gatnaşan daşary ýurt ilçihanasynyň işgäri merhumyň maňlaýynda palta ýaly ýiti demir zat bilen urlup salnan ýaranyň yzynyň bardygyny tassyklady” diýip, Täjigül Begmedowa ýatlaýar.

Täjigül Begmedowa bu bolan wakany yatlap, ýene şeýle diýdi: “Şol wagt biziň guramamyzam, adam hukuklary boýunça halkara guramalary-da, Ogulsaparyň öz çagalary-da merhumyň jesedini garaşsyz sud-medisina ekspertizasy barlamaly diýip, talap etdik. Emma häkimiýetler şeýle ekspertizany geçirmediler. Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýet başyna gelen Berdimuhamedowyň hökümeti hem Ogulsapar Myradowanyň ölümi boýunça garaşsyz derňew geçirmän gelýär”.

“WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen maglumatda Ogulsaparyň ölüminden 10 gün geçensoň, 24-nji sentýabyrda, ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri ynanylan wekiliniň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşyp, Ogulsaparyň jesedi boýunça geçirilen sud-medisina ekspertizasynyň netijeleri barada gürrüň edendikleri aýdylýar.

Raşit Meredow Türkmenistanyň hökümetine sud-medisina ekspertizasynyň
"Öz professional işlerini ýerine ýetirýärkä ölen žurnalistleriň hormatyna 2008-nji ýylda Parižiň etegindäki Baýe şäherinde açylan ýadygärlik daşynyň ýüzüne Ogulsapar Myradowanyň hem ady ýazyldy".

netijelerini ýaýratmagyň kanuny taýdan gadagandygyny aýdypdyr. Amerikan ilçihanasynyň wekili bolsa kanuny taýdan Ogulsaparyň dogan-garyndaşlaryndan rugsat alyp, ekspertizanyň netijelerini ýaýratmagyň mümkindigini ýatladypdyr. Emma Meredow bu teklibi hem ret edýär.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekili özlerinde Ogulsaparyň jesediniň suratynyň bardygyny aýtdy diýlip, “WikiLeaks” internet saýtynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Häkimiýetler henizem dymýarlar

Şunlukda, üç çaganyň enesi Ogulsapar Myradowanyň ölüminiň sebäpleri barada bu wakadan bäş ýyl geçensoň hem türkmen häkimiýetleri hiç hili düşündiriş bermeýärler.

2008-nji ýylda, metbugat gününe gabatlanylyp, öz professional işlerini ýerine ýetirýärkä ölen žurnalistleriň hormatyna Parižiň etegindäki Baýe şäherinde açyk muzeýde açylan ýadygärlik daşynyň ýüzüne türkmenistanly ene Ogulsapar Myradowanyň hem ady ýazyldy. Öldürilen žurnalistleriň hatyrasyna olaryň atlarynyň ebedileşdirilýän ýeri bolan Waşingtonyň Newseum muzeýinde hem Ogulsapar Myradowanyň suratydyr ady bar.

Aktiwistlerden beýleki ikisi, her biri ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Sapardurdy Hajyýew bilen Annagurban Amangylyjow heniz hem türme tussaglygynda galýarlar.

Adam hukuklaryny goraýjy Amnesty International, Human Rights Watch we «Serhetsiz reportýorlar» ýaly halkara guramalary olaryň ikisinem syýasy tussag hasaplaýarlar.

BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler baradaky iş toparynyň geçen ýylyň ahyrynda ýaýradan beýanatyna görä, Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň tussag edilmegi Adam hukuklary boýunça ählumumy Jarnamanyň 9, 10, 11, 19 we 20-nji maddalarynyň hem-de Graždan we syýasy hukuklar boýunça halkara Konwensiýsyanyň 9, 14, 19, we 22-nji maddalarynyň bozulandygyny aňladýar.
"Dini guramalaryň agzalarynyň ençemesiniň Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilenligi barada hem maglumat bar..."

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2010-njy ýylyň iýul we dekabr aýlarynyň aralygyny öz içine alýan täze hasabatynda, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, Türkmenistan we onuň goňşulygynda ýerleşýän ýurtlarda dini azatlyklaryň ýagdaýyna giňişleýin syn berilýär.


Hasabatda aýdylyşyna görä, dini azatlyklar boýunça öz raýatlaryny yzarlaýan we olara basyş görkezýän ýurtlardan birem Türkmenistandyr. Hasabatyň Türkmenistan baradaky böleginde hökümetiň ýurtda hasaba alnan we alynmadyk dini guramalaryň agzalaryna garşy dürli çäklendirmelerden peýdalanýanlygy we olary yzarlaýanlygy bellenilýär.

Tussag edilenler hem bar…

Hasabatda geçen ýylyň iýuly bilen dekabr aýlarynyň aralygynda Türkmenistanda diňe bir dini guramanyň hasaba alnanlygy we ençemesiniň bu baradaky arzalarynyň ret edilenligi nygtalýar.

Dini azlykdaky toparlaryň dürli ýanamalar we çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygy aýdylýan hasabatda şeýle guramalaryň agzalarynyň ençemesiniň Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilenligi barada hem maglumat bar.

Hasabatda Türkmenistanda dini kemsitmelere sezewar edilýän toparlaryň arasynda esasanam Iýegowanyň şaýatlarynyň ýagdaýy hakda gürrüň edilýär. Aýratynam bu hasabat taýýarlanýan döwründe Iýegowanyň şaýatlaryndan azyndan 18 adamyň tussaglykda saklananlygy görkezilýär.

Şeýle-de hasaba alynmadyk dini guramalaryň agzalaryna ýygnanyşmaga rugsat edilmeýänligi we olara ýurtda dini maglumatlary ýaýratmaga we çap etmäge hem mümkinçilik berilmeýänligi aýdylýar.

Hasabatyň Türkmenistan baradaky böleginde, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, umuman aýdylanda, dini azatlyklar boýunça birneme oňyn özgerişligiň hem bolanlygy, emma yzarlamalaryň öňküsi ýaly dowam edenligi bellenilýär.

Özbegistan - aýratyn alada dörediji

Türkmenistanyň goňşusy Özbegistan barada aýdylanda, bu ýurtda hem ýagdaý Türkmenistanyňkydan o diýen bir tapawutly däl. Hatda bu hasabatda Özbegistan aýratyn alada döredýän sekiz ýurduň arasyna goşulypdyr.

Döwlet sekretarynyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça kömekçisi Maýkl Pozner bu barada eden çykyşynda Özbegistan hakda durup geçip, şeýle diýdi: «Bu ýurtda musulmanlar üçin hökümet tarapyndan rugsat edilmedik metjitlerde dini meseleleri gozgamak bikanun hatda howply bolup durýar, şonuň ýaly sebäpler boýunça Özbegistanyň ady bu sanawa girizildi» diýip, belledi.

Hasabatda Türkmenistan we Özbegistan bilen bir hatarda Merkezi Aziýada ýerleşýän Täjigistan hakynda-da giňişleýin maglumat berlip, bu ugurda, esasanam, hökümetiň dini hereketleri çäklendirmek boýunça soňky döwürlerde kabul eden kararlary barada gürrüň edilýär.

Hasabatda aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna Merkezi Aziýadan diňe Özbegistan girip, onuň bilen bir hatarda bu sanawda Eýranyň, Hytaýyň, Demirgazyk Koreýanyň, Saud Arabystanynyň, Birmanyň, Eritreýanyň we Sudanyň ady tutulýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG