Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

"Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň ekspozisiýasy çagalar üçin kitaplardan, taryhy, medeni we okuw kitaplaryndan şeýle-de G.Berdimuhamedow barada we onuň awtorlygyndaky eserlerden ybarat boldy".

Türkmenistanyň neşir önimleri soňky döwürde halkara sergilere has köp gatnaşdyrylyp ugrady. Moskwanyň şu ýylky kitap sergisinde bir türkmen kitaby hatda ýörite baýraga-da mynasyp boldy.


Moswada ýylda geçirilýän we halkara medeni hem biznes gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, şeýle-de Orsýetiň neşir önümlerini dünýä ýaýratmak maksadyna gönükdirilýän halkara kitap sergisiniň çäginde şu gezek 500-den gowrak dürli çäre geçirildi.

Şol çäreleriň ikisine, ýagny “GDA-nyň medeni mirasy” atly kitap sergisine we GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” atly 8-nji halkara konkursyna Türkmenistanyň neşir önümleri-de gatnaşdy.

Baýrak

“Kitap sungaty” konkursynyň jemleri boýunça “Çagalar we Ýaşlar üçin” diýen nominasiýada Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň “Galkynyşyň ak ganatly arzuwy” kitabyna ýörite baýrak gowşuryldy. Konkursyň esasy “Gran-pri” baýragy bolsa Orsýetde çapdan çykan Gazagystanyň atlasyna we Ukrainada neşir edilen taryh kitabyna berildi.

Bu halkara konkursyň žýuri toparynyň agzasy Galina Şetininanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ýeňijiler mazmun taýdan 7 topara bölünen kitaplara baha berýän GDA döwletleriniň wekillerinden düzülen halkara žýuri tarapyndan kesgitlenýär.

Galina Şetininanyň aýdyşyça, türkmen kitabyna “Çagalar we ýaşlar” nominasiýasyndan baýrak beren žýuri toparyna Türkmenistan tarapyndan ýurduň Orsýetdäki ilçihanasynyň medeniýet boýunça attaşe diplomaty gatnaşypdyr.

Türkmen kitaplary

Moskwanyň 24-nji halkara sergisinde Türkmenistan ýurtda çap edilýän örän köp neşir önümlerini görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň ekspozisiýasy çagalar üçin kitaplardan, taryhy, medeni we okuw kitaplaryndan şeýle-de G.Berdimuhamedow barada we onuň awtorlygyndaky eserlerden ybarat boldy.

Moskwadaky halkara sergä käbir günbatar döwletleriniň neşirýatlary hem
Elen Mela: “Meni geň galdyran zat, kitaplaryň üçden biriniň siziň prezidentiňiziň kitaplarydygy boldy”.

gatnaşdylar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Fransiýanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň kitap boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Elen Mela Türkmenistanyň neşir önümleriniň käbir täsin aýratynlygyna üns berendigini belledi.

“Meni geň galdyran zat, kitaplaryň üçden biriniň siziň prezidentiňiziň kitaplarydygy boldy. Kitaplaryň ählisiniň daşynda onuň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu meni geň galdyrdy, sebäbi Fransiýada beýle zadyň bolmagy mümkin däl” diýip, Elen Mela öz haýran galmasyny mälim etdi.

GDA sergisi

Moskwadaky halkara kitap sergisinde türkmen kitaplaryny “GDA-nyň medeni mirasy” atly kitap sergisinde-de görmek mümkindi. Guramaçylaryň sözlerine görä, bu sergi Orsýetiň kitap bileleşigi we GDA-nyň Gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara fondy tarapyndan amala aşyrylýan proýektiň başlangyjydyr.

Orsýetiň kitap Bileleşiginiň agzasy we Kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça merkeziniň başlygy Nelli Petkowanyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, bu sergi GDA döwletlerinde çap bolýan kitaplary tutuş regionyň okyjylarynyň dykgatyna ýetirmek maksady bilen döredildi. Onuň ýurtdan-ýurda göçmegi planlaşdyrylýar.

“GDA-nyň medeni mirasy” atly bu göçme sergi Moskwadan soň yzly-yzyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Belarusyň paýtagtlarynda görkeziler. Türkmenistanyň Döwlet neşir gullugynyň wekilleri serginiň bu bölümine bäş sany türkmen kitabynyň berlenligini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda teklipler bilen çykyş edýär. Nýu-Ýork. 23-nji sentýabr, 2009.

Geljek hepde BMG-niň Nýu-Ýorkda geçjek Baş Assambleýasynyň sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda regionara energetika dialogyny gurnamagy hem-de Hazar deňziniň tebigatyny goramak boýunça BMG-niň ekologiki forumyny geçirmegi teklip etmekçi.


Türkmenistan klimatyň özgermegi bilen bagly problemalary çözmek barada Aşgabatda BMG-niň regional merkezini döretmek baradaky inisiatiwany hem öňe sürmekçidigini mälim edýär. Eýsem, häzirki wagtda Türkmenistanyň bu inisiatiwalary teklip etmegine näme zerurlyk bar?

Orsýetiň strategik barlaglar institutynyň ylmy işgäri ,“Milli strategiýa problemalary” atly žurnalyň baş reaktory Aždar Gurdow munuň Türkmenistan uçin täze inisiatiwa däldigini aýdýar.

Emma energetika dialogyna zerurlyk bar

12-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşigi Hazar deňziniň tebigy gazyny Ýewropa akdyrmak maksady bilen Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşmak üçin gepleşiklere başlaýandygyny mälim etdi. Bu täzelige Orsýet bilen Eýran aladaly reaksiýa bildirdi.

Aždar Gurdow Ýewropa Bileleşiginiň bu ädimine guwanyp, dürli planlary düzmegiň zerur däldigini aýtdy: “Ýewropa Bileleşigi geografik ýerleşişi boýunça Kaspiý regionyndan uzakda ýerleşýär. Kaspiniň ýakasyndaky bäş döwlet bolsa, ‘Transkaspiý’ gaz proýekti boýunça bir ylalaşyga gelip bilmediler. Olaryň arasynda Orsýet, Eýran, Gazagystan ýaly syýasy, ykdysady, harby taýdan ösen, ýagny, Türkmenistan bilen Azerbaýjandan güýçli döwletler bar. Şonuň üçin bu proýekt ýakyn wagtda amala aşyrylar diýip bolmaz”.

“Transkaspiý” gaz proýektiniň gurluşygy barada Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gepleşik geçirjekdigini yglan edenden soň, Orsýetiň we Gazagystanyň prezidentleri Astrahanda duşuşdylar. Emma, şeýle-de bolsa, nebit-gaz meseleleri boýunça Azerbaýjanyň “Kaspiýan barrel” atly barlaglar merkeziniň direktory Ilhan Şabanow entek Gazagystanyň bu meselede belli bir pikir aýtmakdan saklanýandygyny aýtdy.

“Gazagystan gazy import edýän döwlet. Ol 25 milliard kubometr gaz öndürýär. Şeýle-de bolsa, Gazagystanyň sistemasy özlerini doly gaz bilen üpjün etmäge-de ýetenok. Ýone soňy bilen Gazagystanyň gazy eksport etmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda birinji orunda Orsýet dursa, ikinji orunda Hytaý durar. Emma Gazagystan gurulmagy planlanlaşdyrylýan ‘Transkaspiý’ gazgeçirijisinden peýdalanyp, gaz satmagy göz öňünde tutmaýar” diýip, Ilhan Şabanow belledi.

Kynçylykly taraplary

Eýsem, kaspiýaka döwletler bir ylalaşyga gelmedik ýagdaýynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistandyr Azerbaýjan bilen ylalaşyp, bu proýektiň gurluşygyna başlap bilerlermi? Ilhan Şabanow Ýewropa Bileleşiginiň bu ädiminiň hakyky syýasy ädimdigini öňe sürýär.

“Ýewropa Bileleşiginiň özi bu gaz geçirijini gurmaz. Azerbaýjanyň hökümeti-de gaz geçirijini gurmaz. Bu proýekt diňe hususy kompaniýalar tarapyndan amala aşyrylmaly bolar. Hususy kompaniýalar diňe ykdysady bähbit bolsa, şonda işi boýun alýarlar. Şonuň üçin bu proýektiň gurluşygy hakda gazet-žurnallarda ýazylýanlar diňe syýasy garaýyşlar we pikirlerdir. Bu ýagdaýda proýekt ýene-de 20-30 ýyl kagyz ýüzünde galar” diýip, Ilhan Şabanow öz pikirini öňe sürdi.

Orsýetiň Startegik barlaglar institutynyň işgäri Aždar Gurdowyň sözlerine görä, Hazar bilen bagly mesele milli kanunlar esasynda çözülmän, halkara kanunçylygy boýunça çözülmeli bolar, emma bu ugurda-da käbir päsgelçilikler bar: “1992-nji ýyldaky Halkara kanunçylykda deňiz hukuklary boýunça Halkara konwensiýa bar. Emma bu konwensiýanyň kadalary açyk denizleriň gatnaşyklaryny öz içine alýar, Kaspiý deňzi bolsa ýapyk basseýn. Ondan okeana çykýan bogazlar ýok. Eger-de bu meseläni çözjek ýeke-täk dokument bolmasa, bu döwletleriň arasynda Kaspiý boýunça gol çekilen dokumentler öz güýjünde galýar”.

Käbir analitikleriň pikiçe, Kaspiniň ýerasty baýlyklary bilen bagly meselerde-de bäş kaspiýaka döwleti özara ylalaşmasa, “Transkaspiý” gaz proýektiniň gurluşygyna başlap bolmaz. Käbir analitikler bolsa, bu proýektiň amala aşmagy üçin onuň kommersial proýekt bolmalydygyny aýdýarlar.

Aždar Gurdow “Eger-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan Ýewropa Bilelişiginiň puluna bu gaz geçirijini gurup başlasalar, Orsýet olara garşy sanksiýalary girizmäge mejbur bolar. Bu bolsa gurluşyga päsgel berer” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG