Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Soňky ýyllarda çaga dogrulýan öýlerde, çaga dogurmaga gelýän enelere hökmany salynýan salgytlaryň artýandygyny hem eneler aýdýarlar.
Süýji arzuwlar bilen perzende garaşýan ýaş eneler çaga dogrulýan öýleriň bosagasyndan ätleýänçäler özlerine näçeräk çykdajynyň garaşýandygy barada pikir hem etmeýärler.

Soňky wagtlar çaga dogurmaly ýaş eneleriň hossarlary tarapyndan çaganyň dünýä inmeli wagtyna 1-2 aý galandan eýýäm çaga dogurtmagy öz üstüne alyp biljek lukmanyň gözlegine çykylýar.

38 ýaşly, aşgabatly zenan Maýsa bu ýagdaýyň emele gelmegini çaga dogrulýan öýlerde işleýän lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň bilim derejeleriniň pesliginden, tejribesizliginden, galyberse-de, olaryň öz işine jogapkärçiliksiz çemeleşmeklerinden görýär. Ol tötänden çaga dogrulýan öýlere gelen enelere geregiçe kömek berilmeýändigini aýdýar.

Bölüm müdiri ýa bolmasa bu ugurdan tejribeliräk lukmanlaryň biri bilen gepleşip barmasaň, ýa bolmasa hossarlaryň gapyda durup, çaga dogurtmaga jogapkär lukmanyň göwnüni tapmasa, geregiçe kömek alyp bilmeýän eneleriň pajygaly ýagdaýa düşýänleriniň az bolmaýandygyny gündelik durmuşda görmek bolýar.

Maýsanyň aýtmagyna görä, şeýle gepleşikler 200-250 amerikan dollaryna düşýär. Hiç bir gepleşiksiz baran halatynda hem eneler 100-150 amerikan dollar möçberinde pul çykarmaly bolýarlar.

Şeýle möçberdäki pul bolsa sosial taýdan pes maşgalalarda ýok diýseň hem bolýar. 400-500 manat aýlyk bilen işleýän ýaş eneler çaga dogurmaly döwri üçin döwlet tarapyndan berilýän tölegli dekret otpuskasyna çykanlaryndan soň, öz otpuska pulunyň hasabyna ýaşamaly bolýarlar. Olar tygşytlan puluna dünýä injek çaga üçin egin-eşik, arlyk taýynlamaly bolýarlar.

Maşgalabaşysy işli, aýlyk-günlükli bolan maşgalalar dünýä täze inmeli çaganyň hysyrdylary üçin kän bir kynçylyk çekmeýärler. Emma maşgalabaşynyň işsiz galýan wagtlary, köp ýagdaýlarda bolsa dürli sebäplere görä eneleriň atasyz çagany dünýä inderýän halatlary hem bolýar. Şeýle eneler bolsa çaganyň dünýä inmegi bilen döreýän çykdajylaryň öňünde durup bilmeýärler.

Soňky ýyllarda çaga dogrulýan öýlerde, çaga dogurmaga gelýän enelere hökmany salynýan salgytlaryň artýandygyny hem eneler aýdýarlar. Maýsa hem munuň hakykatdygyny tassyklaýar. Onuň aýtmagyna görä, 2-3 gün çaga dogrulýan öýde bolýan ene her biriniň bahasy üç manat bolan iki bölek el süpürilýän kagyz salfetkany, bir gap suwuklandyrylan sabyny hökmany suratda lukmanlaryň eline bermeli.

Goýbermän saklaýarlar

Ýaş ene çaga dogrulýan öýe ýerleşen wagty bir bölek salfetkany eltip bermeli. Edil şol wagt iki bölek salfetkany getirmäge mümkinçiligi bolmadyk eneleriň hossarlary, ikinji bölek salfetkany getirip berýänçäler olary çaga dogrulýan öýden öýlerine goýbermän saklaýarlar. Ene bilen çaganyň yzyndan maşynly gelen hossarlaryndan şol zady getirmegi talap edýärler. Eneler utanjyna “getir” diýlen zatlary hossarlaryna getirdip, lukmanlara berýärler.

Emma eýýäm öýüne göýberilen enäniň näme üçin ikinji bölek kagyz salfetkany çaga dogrulýan öýde goýup gaýtmaly bolýandyklaryna eneler göz ýetirip bilmän, öýlerine gaýdýarlar. Şeýle ýagdaý Aşgabat şäheriniň on birinji mikroraýonynda ýerleşýän, “Eneleri we çagalary goramagyň ylmy-barlag hassahanasynyň” çaga dogrulýan bölümine ýüz tutýan eneleriň köpüsiniň başyndan geçýär.

Çaga dogrulýan öýe barýan her bir ene özi üçin hem, çaga üçin hem gerek bolaýjak ähli däri-dermanlary, pamyk, zelýonka, bir gezek ulanylýan medisina elliginiň on jübütini we başga-da ýüze çykýan ähli zerur enjamlary eltmeli bolýarlar. Çaga dogrulýan öýde dogurmaga baran eneler hem, olaryň dogurýan çagasy hem öz egin-eşiginde bolmaly. Çaga üçin arlygy, köýnegi hossarlar wagtly-wagtynda ýetişdirip durmaly.

“Şeýle ýagdaýda çaga dogrulýan öýe barmagyň näme zerurlygynyň bardygy hem düşnüksiz. Irki döwürlerdäki ýaly, her kim öz öýünde göbek eneleriň hyzmatyndan peýdalansalar, maşgala gaznasyna has ýeňil düşerdi” diýip, Maýsa janygýar.

Ýöne bir sebäp bilen çaga öýde dünýä inäýse-de, çagany enesi bilen çaga dogrulýan öýlere alyp barmalydygyny, çaganyň dünýä inendigi barada çaga dogrulýan öýüň tassyknamasy bolmasa, soňra çaga dogluş hakyndaky şahadatnamanyň berilmeýändigini hem eneler aýdýarlar.

“Ynsanperwer kömekler” diýlip, daşary döwletlerden ugradylýan däri-dermanlar, medisina enjamlary bilen birlikde keselhanalara bir gezek ulanylýan rezin ellikleriň hem gelýändigi we olaryň keselhanalara paýlanyp berilýändigi barada maglumatlar bar. Emma çaga dogrulýan öýlerde onuň ýoklugy sebäpli, bu ýere gelýän eneleriň hemmesini ony dermanhanalardan satyn alyp getirmäge mejbur edýärler.

Soňky ýyllarda paýtagtda hem-de welaýat merkezlerinde döwrebap, “Ene mähri” hassahanalary guruldy. Olar dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Eneler üçin döwletiň aladasynyň artýandygy duýulýar. “Ene mähri” hassahanalaryna çaga dogurmaga barmak islegi her bir enede bar.

Emma häzirki wagtda sosial taýdan pes maşgalalar, töleg hyzmatlary ýokary bolan “Ene mähri” hassahanalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeýärler. Olar ozaldan bar bolan, hyzmat ediş derejesi pes bolan çaga dogrulýan öýlere ýüz tutmaly bolýarlar.

Maýsanyň pikiriçe, gözegçilik, talap güýçlendirilip, täze gurlan “Ene mähri” hassahanalarynyň tölegleri elýeter bolsa, eneleriň arasynda ýüz berýän deňsizlik hem aradan aýrylardy. Munuň üçin döwletde serişde ýeterlik.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
“Türkmentel-2011” atly halkara sergisinde, 14-nji sentýabr.
Geçen hepde Aşgabadyň Sergi köşgünde “Türkmentel-2011” atly halkara sergisi geçirildi. Sergi zalynyň iki gatynda 100-e golaý ekspozisiýalar ýerleşdirildi.

5-nji gezek geçirilýän halkara sergisine Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Orsýetiň, Türkiýäniň, Litwanyň, Hytaýyň we beýleki käbir daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň we firmalarynyň pawilionlarynda häzirki zaman aragatnaşyk tehniki serişdeleri ýerleşdirildi.

Dürli görnüşdäki rasiýalar, aragatnaşyk antennalary, mobil telefonlary, kompýuterler, gözegçilik wideokameralary, elektron kassa apparatlary, GPS kabul edijileri, kabel önümleri we şuňa meňzeş aragatnaşyk tehniki serişdeleri we informasion tehnologiýalar bu serginiň esasy eksponatlary boldy. Bu tehniki serişdeleriň köpüsine türkmen bazarynda hem duş gelmek bolýar.

Sergi zalynda Türkmenistanyň döwlete degişli hem-de hususy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň-da pawilionlary bar. Döwlete degişli kärhanalaryň ählisi diýen ýaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýärler.

“Türkmenpoçtanyň”, “Türkmentelekomyň”, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlaryndan müňlerçe türkmenistanlylar peýdalanýarlar. Sergä tomaşa etmäge gelen, 36 ýaşly Berdi “Altyn asyryň” täze nyrhynyň dörändigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Sergide paýlanýan bukletleriň arasynda “Altyn asyryň” täze “Tygşytly” atly nyrhynyň bukleti hem bar eken. Bu nyrh boýunça ähli giriş jaňlar 2 teňňe. “Altyn asyryň” pawilionynda oturan wekilinden bu nyrh barada soradym. Ol “Altyn asyryň” ilata hyzmat edýän işgärleriniň köpüsine mahsus bolan jogaby berdi. Ýagny, hiç zat bilmeýändigini aýtdy. Häzire çenli maňa “Altyn asyryň” diňe bir tarifi mälim. Bu täze tarif barada öň hiç hili bildiriş ýokdy.



Sergä gatnaşan türkmen hususy kärhanalarynyň pawilionlaryndaky informasion tehnologiýalarynyň hem-de aragtanaşyk tehniki serişdeleriniň köpüsini türkmenistanlylar gündelik durmuşlarynda ulanýarlar. Bu tehniki serişdeleriň hiç birinde “Türkmenistanda öndürilen” diýen ýazgy ýok. Türkmenistanda şeýle tehnologiýalaryň we tehniki serişdeleriň entek öndürilmeýändigine bu sergi hem şaýatlyk edýär. Ýöne, muňa garamazdan, ýurtda aragatnaşyk we informasion tehnologiýalar halk hojalygynda giňden ulanylýar. Şu ýyl Türkmenistan elektron hökümet ulgamyny girizmek hem-de özüniň emeli hemra aragatnaşygyny döretmek boýunça anyk ädimler etdi.

Sergide bu ugurlar boýunça hem ekspozissiýalar bardy. Mysal üçin, Orsýetiň “Газпром космические системы”, Britaniýanyň “Hermes” kompaniýalary hemra aragatnaşygy boýunça tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny hödürleýärler. Litwanyň “Satgate”, “Alna grup” kompaniýalary öz pawilionlarynda elektron resminama dolandyryş sistemalary bilen tanyşdyrdylar.

“Türkmentel-2011” halkara sergisiniň çäginde “Türkmenistan we dünýä informasion-telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahaty hem geçirildi. 14-nji sentýabrda açylan we üç günläp dowam eden halkara sergisi 16-njy sentýabrda öz işini tamamlady.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG