Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabat şäheri, 2010-njy ýyl.
Merkezi Aziýada we beýleki postsowet ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda-da şu ýyl ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenýär.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary garaşsyzlyk eýýamynda ýurtda her jähtden görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň bolanlygyny aýdýarlar. Eýse, Türkmenistanda ençeme ýyl ýaşan amerikan diplomaty bu ýagdaýa nähili baha berýär?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Maýkl Kotter bilen söhbetdeş boldy. Ol 1995-1998-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bolup işläpdi.

Azatlyk Radiosy: Siz ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine 1995-nji ýylda bellenipdiňiz. Türkmenistana barmazdan ozal bu ýurt hakda näme bilýärdiňiz?

Maýkl Kotter: Men Aşgabada barmazdan ozal, 1995-nji ýylyň fewral aýyndan başlap oktýabr aýyna çenli Döwlet departamentinde bolup, Türkmenistan barada bilýän maglumatymy artdyrmaga çalşypdym. Şol döwürde ABŞ-nyň hökümet we hususy kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçisi bilen duşuşypdym. Ýagny, şol döwürde Türkmenistan barada käbir zatlary öwrenmäge mümkinçiligim bolupdy.

Azatlyk Radiosy: 1995-nji ýyldaky paýtagt ýadyňyzdamy? Şol döwürdäki Aşgabady suratlandyryp beräýseňiz?

Maýkl Kotter 1995-1998-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bolup işläpdi.
Maýkl Kotter: Aşgabat şol döwürde kiçijik şäherdi. Şol wagt şäherde käbir täze binalar hem gurlupdy. Elbetde, onuň sany häzirki döwürde gurlan binalar bilen deňeşdirilende juda ujypsyzdy. Gaz eksporty bilen bagly ýurda nagt pul girip başlansoň, türkmenler täze binalary gurup ugradylar.

Biz ilçihana açanymyzda, howpsuzlyk taýdan göwnejaý bina tapyp bilmän, wekilhanamyzyň ýerleşjek binasyny özümiz gurdurypdyk. Şeýle-de biz şäheriň günortasynda ýaşaýyş merkezini hem saldyrdypdyk.

Azatlyk Radiosy: Sizi Aşgabada baranyňyzda haýsydyr bir geň galdyran zat bolupmydy?

Maýkl Kotter: Meni geň galdyran zatlardan biri, Aşgabadyň aeroportynyň owadanlygy bilen baglydyr. Meniň pikirimçe, şol döwürde Aşgabadyň aeroporty öňki sowet giňişliginde ýerleşýän ýurtlar, şol sanda Moskowanyň aeroportlary bilen deňşdirilende-de, iň owadanlaryndan biridi. Aşgabadyň özi örän kiçi we gowy şäherdi.

Azatlyk Radiosy: Siz prezident Saparmyrat Nyýazow bilen birinji gezek haçan duşuşypdyňyz?

Maýkl Kotter: Ilçi hökmünde Türkmenistana baramsoň, ikinji hepdede duşuşypdym.

Azatlyk Radiosy: Birinji duşuşykdan soňra, Nyýazow sizde nähili täsir galdyrypdy?

Maýkl Kotter: Bu örän gyzykly. Haçan-da men Aşgabada baranymda, prezident Nyýazow doly awtoritar lider bolup, ýurt dolulygyna onuň kontrollygyndady. Soňra onuň “Türkmenbaşy” adyny saýlamagy, Türkiýe respublikasynyň düýbüni tutujy Atatürke meňzejek bolmagy bilen baglydyr. Sebäbi Atatürke hem türkleriň kakasy diýen at berlipdi.

Şeýle-de, şol döwürde Nyýazow we onuň hökümeti uly problemalar bilen ýüzbe-ýüzdi. Sebäbi şondan öň hiç haçan Türkmenistan diýlen bir ýurt bolmandy. Türkmenistan SSR-i diýlen ýurt bardy, ýöne ol hem ruslar tarapyndan döredilipdi. Ruslar şol regiona gelmezden ozal, Günbataryň standartlarynyň nukdaýnazaryndan aýdylanda, hiç haçanam hakyky manyda türkmenleriň bir ýurdy bolmandy.

Sowet döwründen ozal tire-taýpalardan ybarat dürli hanlyklar bolup, olar daşary ýurtlulara garşy bileleşen hem bolsalar, öz aralarynda hyzmatdaşlyk etmezdiler. Onsoň garaşsyzlykdan soňra Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolan ilkinji problemasy hakyky manyda bir türkmen döwletini döretmekden ybarat bolup, ilkibaşda Nyýazow şol meselä üns berýärdi.

Ýöne meniň ýurdy terk eden döwürlerimde eýýäm onuň şahsyýet kulty döredilip ugrapdy.

Aýdylmaly başga bir zat hem, şol döwürlerde onuň suraty şäheriň her ýerinde asylgy dur diýip, käbir adamlar Nyýazowy tankyt ederdiler. Emma şol regionlerda ýaşan adamlar onuň o diýen geň galarlykly ýagdaý däldigini bilýärdiler. Sebäbi prezidentiň suraty asylan regionda başga şäherlerem köpdi. Şonuň üçin Türkmenistanda bolýan şol waka görlüp-eşidilmedik zat däldi.

Azatlyk Radiosy: Nyýazow ABŞ barada nämeler bilýärdi?

Maýkl Kotter: Onuň ABŞ baradaky maglumaty juda çäklidi. Günbatarlylaryň Türkmenistana baryp görmeýşi ýaly, türkmenler hem, şol sanda türkmen liderleri hem Günbatara o diýen sapar etmändiler.

Türkmenistana garanda özbekleriň Günbatar barada maglumaty köpräkdi, sebäbi Daşkent Merkezi Aziýanyň merkezi diýlip hasaplanýardy. Şeýle-de, türkmenler bilen deňeşdirilende, Orsýetiň armiýasynda we Sowet Soýuzynyň merkezi häkimiýetinde işlän özbekleriň sany köpdi.

Türkmenleriň Günbatar bilen gatnaşyk boýunça tejribesiniň bolmazlygy Aşgabat üçin uly problemalary-da döretdi. Sebäbi, haçan-da Türkmenistan halkara bazarlary bilen gatnaşyk gurup başlanda, uly düşünişmezlikler peýda boldy. Meselem, biz “Transhazar” gazgeçirijisini gurmak barada tagalla edip başlanymyzda, prezident Nyýazow bilen uly düşünişmezlikler ýüze çykdy. Sebäbi Nyýazow gazyň halkara bazarlarda nyrhynyň nähili kesgitlenýänligine göz ýetirip bilmeýärdi. Ol haýsydyr bir proýekte gatnaşmak üçin türkmen gazyna özi baha keserdi we ol nyrh hakykata asla bap gelmezdi.

Netijede Türkmenistan hiç bir proýekte gatnaşmady, “Transhazar” gazgeçirijisi şu wagta çenlem gurulmady. Meniň pikirimçe, şeýle ýagdaýlar sebäpli Türkmenistan henizem Günbatar bazaryna gaz akdyryp bilmän gelýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidenti we hökümet ýolbaşçylary bilen işleşeniňizde haýsydyr bir ýatdan çykmajak ýa sizi geň galdyran wakalara-da duş geldiňizmi?

Maýkl Kotter: Ýok, duşuşyklarymyz, aramyzda gozgalan tema gönükdirilip, juda gysga bolardy. Ýöne aýdylmaly bir zat, häzirki döwürde ýagdaýyň nähilidigini bilemok, emma şol döwürlerde karar kabul etjek ministrleri tapyp bolmazdy.

Haçan-da biziň türkmen hökümeti bilen gepleşmeli haýsydyr bir teklibimiz ýa proýektimiz bolsa, ilkinji tapgyrda ministrlikler bilen işleşmäge synanyşardyk. Eger şol tagallardan hiç hili netije çykmasa, ýagny ministrlikler şol proýektler boýunça haýsydyr bir karar kabul edip bilmese, men prezident bilen duşuşmaly bolýardym.

Azatlyk Radiosy: Käte-käte siz prezident Nyýazowyň halamaýan temalaryny hem gozgamaly bolansyňyz, şeýle ýagdaýda ol nähili reaksiýa görkezerdi?

Maýkl Kotter: Demokratiýa we adam hukuklary, elbetde, kyn temalardy. Şeýle temalara ol, umuman, siz Türkmenistandaky ýagdaýlary bileňzok diýip, jogap bererdi. Ol täze döredilen we dartgynly regionda ýerleşýän Türkmenistanyň esasy maksadynyň ýurduň durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdygyny aýdardy. Bu diňe Nyýazowyň öňe sürýän pikirleri däl, Merkezi Aziýada ýerleşýän beýleki ýurtlaryň liderleri hem şeýle pikirleri orta atardylar.

Şol döwürlerde meni alada goýýan käbir zatlar bardy. Meselem, Nyýazow belli-belli sözlere ýiti reaksiýa bildirerdi. Şol sözler we söz düzümleri demokratiýa ýa adam hukuklarydy. Eger şeýle sözlere ABŞ döredijilikli çemeleşen bolsady, biz has gowy iş alyp baryp bilerdik. Meselem, biz ýerli häkimiýetlere köpräk ygtyýar berilmeginiň merkezi hökümete getirjek bähbitlerine has köp üns berip bilerdik. Bu hem öz nobatynda halk arasynda demokratiýanyň ösmegine ýol açardy. Aýtjak bolýan zadym, biz Türkmenistanda göz öňünde tutýan maksadymyzy hödürlemekde o diýen döredijilikli çemeleşip bilmedik.

Beýleki tarapdan, Nyýazowyň özi hem ýurduň nähili döwürden geçýänligi we onuň ugrunyň haýsy tarapa gönükdirilenligi barada aç-açan maglumat bermezdi.

Azatlyk Radiosy: Haçan-da onuň halamaýan temalaryny gozganyňyzda ol gaharlanýardymy?

Maýkl Kotter: Ýok, men diňe Ministerler Kabinetiniň ýygnagyna telekanallarda seredenimde, Nyýazowy juda gazaply ýagdaýda görýärdim. Ol geplände ministrler aýaga galardy. Ol ministrlere käýýärdi. Emma biziň duşuşyklarymyz juda gowy ýagdaýda, diplomatik dilde aýdylanda juda aç-açan ýagdaýda geçerdi. Umuman aýdylanda, biz öz pikirimizi aýdardyk we hiç hili ylalaşyga gelmän, ýygnagymyz gutarardy.

Azatlyk Radiosy: Siz prezident Nyýazowyň ömürlik prezident boljakdygyny şol mahal göz öňüne getirip bilýärmidiňiz?

Maýkl Katter: Hawa, onuň ömürlik prezident boljagy şol wagtam bellidi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alaly bäri aradan 20 ýyl töweregi wagt geçdi, ýurtdaky ösüşler we yza gaýdyşlyklar barada siz näme aýdyp biljek?

Maýkl Kotter: Iň ullakan özgerişliklerden biri Nyýazowyň aradan çykmagydyr. Şeýle-de 90-njy ýyllarda Owganystanda bolan çaknyşyklar, regionda ýerleşýän beýleki ýurtlar ýaly Türkmenistana hem öz täsirini ýetirdi. Şol bir wagtyň özünde-de Eýranyň Günbatar bilen gatnaşygynyň dartgynly bolmagy hem Türkmenistana ýaramaz täsirini ýetirdi.

Öňki döwürler bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň öz ýerasty baýlyklaryna bolan kontrollygy häzirki döwürde birneme artdy. Eýrana we Hytaýa gaz akdyrýan turbalar işläp dur. Onsoň Türkmenistanyň “Gazproma” bolan garaşlylygy öňküsi ýaly däl. Emma Türkmenistandan dolanalym bäri, meniň bu ýurtda bolup geçen wakalar hakda o diýen maglumatym ýok. Ýagny, ýer reformasy baradaky tagallalaryň häzirki ýagdaýyny bilemok.

90-njy ýyllaryň ortalarynda Türkmenistanyň saglyk we magaryf pudaklarynda dürli kynçylyklar bardy. Sebäbi şol wagtlar ýokary bilimli adamlar, hususanam etniki ruslar ýurdy terk edýärdiler. Şol sektorlar boýunça hökümet halkyň talabyny o diýen ödäp bilmeýärdi. Men olaryň häzirki döwürde näderejede gowulaşanlygyny bilemok.

Ýurtda magaryf pudagy täsin döwürleri başdan geçirdi. Meniň Türkmenistanda bolan wagtlarym ors dilindäki kitaplary türkmençä geçirmek prosesi dowam edýärdi. Bu ugurda nähili ösüşler boldy, bu barada mende o diýen maglumat ýok.
Aşgabadyň köçelerinde, 2011-nji ýylyň sentýabr aýy.
Soňky ýyllarda paýtagtyň köçelerini giňeltmekde, şäher ýollaryny dünýä standartlaryna gabat geler ýaly derejä ýetirmekde köp işler edildi. Iki gapdallaýyn ýollaryň arasy güller, dürli dekoratiw agaçlar, suw çüwdürimleri bilen bezelýär.

Köçelere aýratyn üns berilýändigine seretmezden, merkezi köçeleriň dürli sebäpler bilen häli-şindi ýapylmagyndan döreýän maşyn dyknyşyklary dowam edýär. Maşynlaryň aşa dyknyşygy ir sagat 6-dan soň başlanyp, çatryklaryň dört tarapyndan berilýän maşyn signallarynyň uzyn-uzyn sesleri adamlary bimaza edýär.

Aşgabatly pensioner Pirli aga bu ýagdaýyň indi on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýändigini gürrüň berýär:

—Soňky üç-dört ýyldan bäri köçelerň häli-şindi ýapylmagy bilen döreýän kynçylyklardan uly-kiçi, maşynly-pyýada bezgek boldy. Ertiri-agşamy ýok, iň bir gatnawly köçeler ýapylýar. Awtoulaglar öz marşruty bilen hereket edip bilmeýärler. "Belet maşynym" diýip münen awtobusyň seni şäheriň haýsy künjünden çykarjagy belli däl — diýip, Pirli aga aýdýar.

Bir ýyldan gowrak wagt bäri rekonstruksiýa edilýän Bitarap Türkmenistan şaýolunyň abatlaýyş işlerini Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk baýramyna çenli tamamlamak üçin, bu şaýoluň ugrunda işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Bitarap Türkmenistan şaýoly şäheriň merkezinden, ozalky prezident köşgüniň öňünden, Atabaýew köçesinden başlanyp, günorta uzap gidýär. Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygyndan ýokarky böleginde alnyp barylýan rekonstruksiýa işleriniň tamamlanyp, köçäniň gatnawynyň açylmagyna ýaşaýjylaryň sabyrsyz garaşýan wagty, köçäniň Atamyrat Nyýazow şaýolundan aşaky bölegi hem ýapyldy.

Pirli aganyň aýtmagyna görä, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna taýynlyk görmek maksady bilen geçirilýän bu çäreleriň netijesinde, ozalky Sahy Jepbarow, häzirki Garaşsyzlyk şaýolunyň, Atabaýew köçeleriniň hem, merkezden geçýän aralyklary indi bir aýa golaý wagt bäri ýapyk.



Awtoulaglaryň gatnawlary bolsa, ýeke-täk açyk köçe bolan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň paýyna düşýär. Ir sagat altydan soň sagat dokuza çenli, öýlän 16-dan agşam sagat ýigrimä çenli işe barýan, işden gaýdýan maşynly ýaşaýjylar, köçäniň çatryklarynda birnäçe wagtlap durmaly bolýarlar.

Il arasynda “Gyzyl Haç” diýlip atlandyrylýan hassahana bilen Türkmenbaşy şaýoly aralykda bäş çatrygy öz içine alýan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda yzy üzülmeýän maşyn hatarlaryny swetaforlar geçirip ýetişmeýärler. Ol çatryklara ertir-agşam ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri kömege gelýärler.

Esasy köçe bolan Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky awtoulaglary ugrukdyrýan ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlarynyň hereketlerini haýal görüp, kejigýän sürüjiler, ýanaşyk köçeleriň ugrunda, öz maşynlarynyň signallaryna bat berip, adamlaryň rahatlygyny bozýarlar.

Atabaýew köçesi bilen Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda, “Oguzhan” köşkler toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň binasynyň ulanylmaga berilmegi bilen, Atabaýew köçesiniň köşkleri jemleýän böleginde awtomobil hereketi hem, ýaşaýjylaryň hereketi hem çäklendirildi.

Haýsydyr bir ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi bilen, bu köçe öz ýanaşyk köçeleri bilen ýapylýar. Şeýle ýokary derejeli myhmanlar bolsa paýtagta günde-günaşa diýen ýaly gelýärler.

—Aşgabat şäheri ösdi-ulaldy. Köpetdagyň eteginde ozal ýaýylyp ýatan boş meýdanlar hem, ekerançylyk meýdanlary hem häzir şäheriň iň bir ösen künjegine öwrüldi. Döwlet apparatyna degişli köşkleri, administratiw jaýlary ilatyň gündelik durmuşyna päsgel bermez ýaly, özbaşyna bir boş ýerden gurup, ol ýere özbaşyna ýol çekip, özbaşyna dikuçar gonar ýaly meýdança eden bolsalar oňat bolardy — diýip, Pirli aga öz pikirini aýan edýär.

Ýurt baştutanynyň daşary döwletlere sapary wagtynda halkara howa menziliniň ýapylmagy hem ýaşaýjylar üçin uly kynçylyklary döredýär.

—Her ýylda Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlygyň çäginde, ýollaryň ýapylmagy bilen ilatyň çekýän kynçylyklary artmasa, kemänok. Kösenýän halk baýramçylygyň lezzetini duýanok. Kime toý-baýram. Kime bolsa ýatdan çykmajak görgüçilik — diýip, Pirli aga aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG