Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

2009-njy ýyldan soň, Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasynyň Türkmenistandan satyn alýan gazy çürt-kesik azaldy.

Aşgabatda 3-nji türkmen-ors ykdysady forumy geçýär. 28-30-njy sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän bu ykdysady duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň, Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň, şeýle-de Orsýetiň Söwda-senagat palatasynyň gurnamagynda geçirilýär.


Aşgabatda geçirilýän 3-nji türkmen-ors ykdysady forumy “Regionara hyzmatdaşlygyň täze derejesi – Orsýetiň we Türkmenistanyň halklarynyň täze durmuş derejesi” şygary astynda amala aşyrylýar. Forumyň guramaçy taraplarynyň biri bolan Orsýetiň Söwda-senagat palatasynyň resmi maglumatyna görä, duşuşyk regionlar arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek temasyna bagyşlanýar, kiçi hem orta biznes wekilleriniň arasyndaky aragatnaşyklara üns berilýär.

Aşgabatdaky duşuşyga Orsýet tarapyndan ýurduň birnäçe regionlaryndan bolan we oba hojalygyna, gaýtadan işleýji, azyk hem ýeňil senagata degişli kärhanalaryň we guramalaryň wekilleriniň gatnaşýanlygy habar berilýär. Bu barada Aşgabatdaky foruma gatnaşýan Orsýetiň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti, Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara komissiýanyň agzasy Aleksandr Rybakowa salgylanmak bilen Söwda-senagat palatasynyň informasion agentligi habar berýär.

Birinji türkmen-ors ykdysady forumy 2007-nji ýylda Aşgabatda, ikinjisi 2009-njy ýylda Moskwada geçirilipdi. Rybakowyň sözlerine görä, türkmen-ors ykdysady forumynyň birinji duşuşygy aragatnaşygy ýola goýup, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçiluk beren bolsa, ikinjisi nebit-gaz, transport, aragatnaşyk we söwda ugurlaryndan maslahat geçirilip, proýktleriň öňe sürülmegine şert döredipdi.

Haryt dolanyşygy

Türkmenistan Orsýet bilen öz ykdysady ýaranlygyna daşarky syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýanlygyny we öz daşary söwda dolanyşygynda Orsýetiň öňdebaryjy ýurtlaryň biridigini yglan edýär. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky ykdysady foruma gatnaşyjylara eden ýüzlenmesinde aýdyldy.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, 2011-nji ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 milliard 644 million dollara ýetipdir. 2009-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 milliard 547 million dollardan aşypdy. Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, bu sanyň aglaba bölegi gaz söwdasynyň paýyna düşüpdi. Şol ýylky haryt dolanyşygynyň gaz söwdasyndan başga galan bölegi 1 milliard 247 million dollardan ybarat bolupdy.

Orsýetli ykdysady bilermen, Orsýetiň ýokary ykdysady mekdebinden Andreý Suzdaltsewiň pikirine görä, Türkmenistanyň yglan edýän şu günki görkezijjisi 2009-njy ýylyň aprel aýynda türkmen-ors gaz söwdasynyň möçberi çürt-kesik çäklendirilensoň, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ozalky derejesine ýetmedik hem bolsa, taraplaryň ony dikeltmäge çalyşýanlygyny görkezýär.

Regionlar bilen hyzmatdaşlyk

Resmi maglumatlarda soňky ýyllarda Orsýetiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynda region derejeside has uly äktiwligiň göze ilýänligi bellenýär. Türkmenistan bilen has aktiw gatnaşyk alyp barýan regionlaryň arasynda Orsýetiň Sankt-Peterburg, Tatarstan we Astrahan regionlary agzalyar.

Andreý Suzdaltsew Orsýetiň kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlyk ugrunda has aktiw hereket edip başlanlygyny belleýär. Onuň pikirine görä, ors şirketleri bu ugurdan Hytaýyň, Ukrainanyň we Belarusyň şirketleri bilen bäsdeşlikde yza galmak islemeýärler hem öz senagat önümleri üçin Türkmenistanda öňden bäri bar bolan bazaryny elden bermän, has-da giňeltmäge çalyşýarlar.

Orsýet tarapy Aşgabatdaky forumda öňe sürüljek teklipleriň we rekomendasiýalaryň ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ösüşine hyzmat etjegine umyt baglaýar. Emma çäräniň guramaçylaryndan forumda garalýan meseleleriň we oňe sürülýän teklipleriň nämelerden ybaratdygyny anyklap bolmady.
Aýdogdy Gurbanow (çepde) kompozitor Aman Agajykowyň “Sona” operasynda Annanyň rolunda. Çeşme: Türkmen-sowet ensiklopediýasy. 8-nji tom, 376-njy sahypa.
Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyklaryň çäginde klassyky saz sungatyna bolan üns belli bir derejede artýar. Golaýda Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji gezek Wena balynyň geçirilmegi, Wenanyň dünýä belli simfoniki orkestriniň Aşgabatdaky çykyşy muňa mysal bolup biler.

Mundan sähel wagt öň Türkmenistanda uly saz toparlary hem balet teatry işleýärdi. Soňra Opera we balet teatrynyň ýapylmagy, fortepianoda saz çalmagyň gadagan edilmegi professional sungata agyr zarba urdy. Ýogsam bolmasa geçen asyryň ortalarynda kemala gelen professional aýdym-saz medeniýeti halkyň söýgüsini gazanmagy başarypdy. Milli kompozitorlar, ençeme sazandalar hem belli aýdymçylar ösüp ýetişdi. Olar türkmen milli aýdym-saz sungatynyň täze bir ugruny döretdiler. Bu ugurda belli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowyň hem öz orny bar.

Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanow 1933-nji ýylda Kaka etrabynyň öňki Lenin adyndaky daýhan birleşiginde dünýä inýär. Onuň çagalyk hem ýetginjeklik döwri 30-40-njy ýyllaryň ýowuz döwründe geçýär. Ol 1948-nji ýylda doly däl orta mekdebi tamamlap, bäş ýyllap kolhozda işleýär. Ol ýer sürýär, orak orup, döwek döwýär, mal-gara bakyp, çopançylyk edýär.

Aýdogdy 1953-nji ýylda Türkmen döwlet sazçyklyk uçilişesine okuwa girýär. Uçilişäniň solfejio mugallymy Silwia Semýonowna Şteýnberg Aýdogdynyň mylaýym, örän ýakymly sesini halap, oňa aýratyn üns berýär. Silwia Semýonowna Aýdogdyda geljekki özboluşly opera aýdymçysyny görýär we onuň bilen irginsiz işleýär. Ol tejribeli mugallym Aýdogdynyň sesiniň liriki tenordygyny kesgitleýär we ony düzgüne salýar. Aýdym aýdanyňda nähili dem almalydygyny, nähili hereket etmelidigini, diksiýa, ýagny sahna diliniň üstünde nähili işlemelidigini öwredýär. Oňa opera artistiniň diliniň arassa, anyk we örän düşnükli bolmalydygyny düşündirýär.

Ýaşlykda zähmetde bişişen Aýdogdy okuwa erjellik bilen girişýär hem uçilişäni gowy tamamlaýar. Sazçylyk uçilişesinde okan ýyllarynda Türkmen Döwlet Opera we Balet Teatrynyň köpçülik sahnalarynda, ýagny horda çykyş edýär. Bu bolsa Aýdogdynyň teatr sungaty bilen has ýakyndan tanyşmagyna we ussatlygyny kämilleşdirmegine ýardam edýär.

Aýdogdy Gurbanow 1958-nji ýylda Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky Döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. 1963-nji ýylda konserwatoriýany üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Opera we Balet Teatrynda solist bolup, döredijilik işine başlaýar.

Onuň güýçli hem ýakymly liriki tenor sesi bolansoň, opera aýdymçylarynyň arasynda esasy orny eýeleýär. Operalarda esasy gahrymanlaryň obrazlaryny döredýär. Olardan “Şasenem we Garypda” Garybyň, “Leýli we Mežnunda” Mežnunyň hem Kömegiň, “Zöhre we Tahyrda” Tahyryň, “Kemine we kazyda” Daňataryň hem Keminäniň obrazlaryny üstünlikli ýerine ýetirýär. Aýdogdynyň döreden ol obrazlary halkyň söýgüsine mynasyp bolýar.

Bu klassyky opera spektakllaryny görmek üçin ýurduň dürli künjeklerinden Aşgabada ýörite gelerdiler. Ol belli operalar halkyň söýgüli spektakllaryna öwrülip, ahlak taýdan arassalygy ündäp, ýaş nesil üçin özboluşly merkdebe öwrüldi.

Aýdogdynyň mylaýym, gulaga ýakymly, örän milli türkmen sesi bilen birlikde, atristlik ussatlygy-da birkemsiz kämilleşdi. Ol “Magtymguly” operasynda Magtymgulynyň, “Abadan” operasynda Batyryň, “Sonada” Annanyň, Üzeýir Gajybekowyň “Arşin mal alan” operettasynda Askeriň obrazlaryny döretdi. S. Rahmaninowyň “Aleko” operasynda Alekonyň, I.P.Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegin” operasynda Lenskiniň obrazlaryny türkmen sahnasyna çykaryp bildi. Žanrlary boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanýan bu obrazlar şowly çykypdy.

Kinorežissýor Alty Garlyýewiň “Aýgytly ädim” filminde Artygyň “Aýna” diýen aýdymyny aýtmagy Aýdogdy Gurbanowa uly abraý getirdi. Oba ýerlerinde daýhanlaryň, çopanlaryň bu aýdyma hiňlenýändiklerine gabat gelinýärdi. Bu bolsa onuň döredijiliginiň halk köpçüliginiň aňyna däl, eýse ganyna siňendiginiň subutnamasydy.

Aýdogdy halkyň hak artisti hem hakdan içen aýdymçy saýylýar. Aýdogdy Gurbanowa 1965-nji ýylda ”Türkmenistanyň at gazanan atristi” diýen hormatly at berildi. 1977-nji ýylda bolsa ol ”Türkmenistanyň halk artisti” diýen ýokary hormatly ada mynasyp boldy. Ol konsert programmalary bilen Wengriýada, Bolgariýada, Fransiýada, Türkiýede we ençeme daşary ýurtlarda türkmen aýdym-saz sungatyny dünýä jar etdi.

“Türkmenistanyň halk artisti” Aýdogdy Gurbanow soňky wagtda Türkmen döwlet milli konserwatoriýasynda ýaşlara sapak berýär. Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly günlerde halka hyzmat eden, täze medeniýeti döreden şeýle aýdymçylaryň atlary-da tutulsa, gowy bolardy diýip, ýerli intelligensiýa wekilleri hasaplaýarlar.

Halmyrat Gylyçdurdyýew Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG