Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

“Al-Jazeera” telekanalynyň žurnalisti Robin Forestier-Wolker
Ýakynda düýbi Katarda ýerleşýän “Al-Jazeera” telekanalynyň žurnalisti Robin Forestier-Walker Aşgabatda geçirilen halkara energiýa forumynyň çäklerinde Türkmenistanda saparda bolup, Türkmenistan barada birnäçe wideo reportaž taýýarlady.

Azatlyk Radiosy Robin Forestier-Walker bilen onuň Türkmenistana eden şol sapary bilen baglanyşykly ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap Forestier-Walker, Türkmenistanda bolanyňyzda ýurduň howpsuzlyk gulluklary size gözegçilik edip ýa siziň hereketleriňizi çäklendirip, nähilidir bir päsgelçilik döretmedilermi?

Forestier-Walker: Maňa belli bolşuna görä, bizi yzarlamadylar. Biz özümiziň nirä gitmekçidigimiz ýa näme etmekçidigimiz baradaky planlarymyz hakynda örän açyk gürrüň etdik. Megerem, biziň ol planlarymyzda olaryň ünsüni özüne çekjek zat bolmadyk bolsa gerek. Bu barada belli bir zat aýtmak kyn.

Meniň pikirimçe, olar biziň şol sapar eden ýerlerimizde bolup görmegimizi islän bolmaly. Sebäbi, olar bizi ol ýere çagyrdylar, ýagny, konferensiýa çagyrdylar. Şol konferensiýanyň çäklerinden daşarda hereket etmekligiň berk çäklendirilip-çäklendirilmeýänliginden meniň habarym ýok.

Biz syýahat kompaniýasyna bardyk, olar ýörite maşyn bilen bizi “Awaza”, Türkmenbaşy şäherine äkitdiler. Biz özümiziň şol maşynly syýahatymyzy ýolda saklanyp, daş-töwerekdäki zatlary surata düşürmek uçinem ulandyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häzirki häkimiýetleriniň syýasaty barada siziň garaýşyňyz nähili?

Forestier-Walker: Meniň umyt edişime görä, häzirki häkimiýetler ozalkylara görä az-owlak erkinräk garaýyşly. Tersine bolanlygynda, olar biziň daş-töwerekdäki ýagdaýlary surata düşürmegimize we ýurduň içinde erkin syýahat etmegimize ýol bermezdiler. Ýa-da, olar siziň häzirki geçirýän söhbetdeşligiňize reaksiýa bildirerler.

Ýöne biz özümizi ýene bu ýurda çagyrarlar we biz Türkmenistan barada reportaž taýýarlamagymyzy dowam etdireris diýip, umyt edýärin. Sebäbi Türkmenistan daşarky dünýä üçin maglumat ýetirilmeýän ýurt bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosy: Siz öz reportažlaryňyzdan birinde prezident Berdimuhamedowyň şahsyýet kulty barada-da gürrüň berýärsiňiz. Prezidentiň şahsyýeti bilen baglanyşykly bu ýagdaý sizde nähili täsir galdyrdy?

Forestier-Walker: Men şeýle zada garaşýardym. Ýöne onuň şahsyýet kulty Nyýazowyň şahsyýet kulty ýaly derejede çakdanaşa gözeilgiç däl. Sebäbi, öz reportažymda-da aýdyşym ýaly, men prezident Berdimuhamedow edil Nyýazowyň edişi ýaly, özüne altyn heýkel dikdirmek ýaly zatlar bilen başagaý däl diýen täsir aldym.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Berdimuhamedowyň suratlaryny hemme ýerde görmek bolýar. Meniň pikirimçe, ol özüni milli simwollar bilen baglanyşdyrmagy gowy görýär. Meniň düşünişimçe, ol “Türkmenistanyň atasy” däl-de, “Türkmenistanyň gahrymany” diýen rolda.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şu şahsyýet kultunyň saýasynda Türkmenistanyň adaty ilatynyň özüni duýşy nähili?

Forestier-Walker: Biz käbir adamlar bilen gürrüňdeş bolup gördük. Ýöne biz hemişe adamlar bilen nirede we nähili ýagdaýda gürleşmelidigi babatda örän ätiýaçly hereket etmeli bolduk.

Meniň gürrüňdeş bolan adamlarymdan biri Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda ýagdaýyň Nyýazow döwründäkiden birneme ýeňilleşendigini aýtdy. Ol muny indi ozalkylar ýaly her gün her dürli gadagançylyklaryň girizilmeýändigi bilen düşündirdi. Emma meniň başga bir gürrüňdeşim Nyýazowyň saýasyndaky durmuşyň häzirkiden has gowy bolandygyny aýtdy.

Umuman, bular ýaly awtoritar häkimiýetiň saýasynda ýaşamaklygyň näderejede kyndygy we agyrdygy barada anyk düşünje almak gaty kyn. Sebäbi adamlar bu barada asla gürrüň etmek islemeýärler.

Ýöne, şeýle ýagdaýda-da, resmilerden başlap, köçe süpürijilere çenli adamlaryň kyn şertlerde ýaşaýandyklaryny duýmak bolýar. Olara daşary ýurtly raýatlar bilen gürleşmegiňem kyndygyny, olaryň gorky we paranoýa astynda ýaşaýandyklaryny, olaryň erkin gürläp bilmeýändiklerini we öz kellelerindäki zady açyk aýdyp bilmeýändiklerini görmek bolýar. Adamlar bilen gürleşenimde, mende galan esasy täsir şu boldy.

Azatlyk Radiosy: Özüňiziň Türkmenistan barada taýýarlan şol tele-reportažlaryňyzdan soň, häkimiýetler sizi ýene Türkmenistana goýbererler diýip garaşýarsyňyzmy?

Forestier-Walker: Mende şeýle umyt bar. Eger häkimiýetler bu gürrüňdeşligi diňleýän bolsalar, meniň aýtjak zadym: Türkmenistanda bolup geçýän zatlar barada biz hemişe gowy zatlary aýdyp bilmeris. Ýöne, muňa garamazdan, daşary ýurt mediasy Türkmenistana hökman goýberilmeli. Ony ýurda goýbermezlik ony goýbereniňe görä has zyýanly netije berýär.

Fewral aýynda Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary geçirilmeli. Men Türkmenistana baryp, şol saýlawlar barada reportaž taýýarlamak isleýärin we ýurduň häkimiýetleri maňa şeýle etmeklige ýol bererler diýip, uly umyt edýärin.
Berdimuhamedow Dempartiýanyň, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary hem arkadaşlyk guramalarynyň adyndan saýlawlara kandidat hökmünde hödürlendi.
Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleri hasaba almak prosesi başlandy. Türkmen Döwlet habarlar gullugy 29-njy dekabrda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýurtda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna görkezilen kadidatlary resmi taýdan hasaba alyp, döwletiň ýokary kürsüsine dalaş etmeli üç kandidata resmi şahadatnamalary gowşurandygyny habar berdi.

Jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalardan hödürlenip, resmi hasaba alnan ilkinji dört kandidatyň arasynda Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary Rejep Bazarow, “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy Kakageldi Abdyllaýew, “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” edarasynyň dolandyryjysy Gurbanmämmet Mollanyýazow hem suw hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradow bar.

Hödürleýiş prosesi tamamlandy

Merkezi saýlaw komissiýasyna agzalaryň, saýlawlara gözegçilik etmeli milli synçylaryň hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda 29-njy dekabrda kandidatlary hödürlemek prosesiniň tamamlanandygy, jemgyýetçilik guramalary hem inisiatiwa toparlary tarapyndan jemi 14 kandidatyň hödürlenendigi, olaryň arasynda häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem bardygy habar berildi.

15-nji dekabrda Dempartiýany, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary hem arkadaşlyk guramalaryny öz içine alýan “Galkynyş” hereketiniň bilelikdäki maslahaty geçirilip, bu maslahatda prezidentiň karary bilen ol hereket ýatyryldy. Şondan soň Gurbanguly Berdimuhamedow Dempartiýanyň, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary hem arkadaşlyk guramalarynyň adyndan saýlawlara kandidat hökmünde hödürlendi.

Bu çäre “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanuna näderejede bap gelýär? Türkmen kanunçylygy bilen ýakyndan gyzyklanýan žurnalist, Aşgabatda ýaşaýan Aşyrguly Baýryýew bu soraga şeýle jogap berdi:

—“Galkynyş” hereketi ýatyrylandan soň syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik guramalaryň bilelikdäki mejlisiniň dowam etdirilmeginiň nähili kanuny esasy bar diýen sowal ýüze çykýar. Bu ýerde türkmen syýasy tehnologiýasynyň ýöntemligi göze dürtülýär. Eger-de “Galkynyş” hereketiniň işi dalaşgär hödürlenenden soň bes edilenliginde, ol depmehalal bolardy, belki-de ol sorag döredip durmazdy.

Agitasiýa işleri

“Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, kandidatlary hasaba almak we resmileşdirmek saýlawlara 45 gün galanda başlanýar hem 25 gün galanda tamamlanýar. Kanunyň 37-nji maddasyna laýyklykda prezidentlige kandidat resmi hasaba alanan gününden öz agitasiýa işine girişip bilýär we ol iş saýlawlara bir gün galanda tamamlanýar.

Milli kanunçylykda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda, şeýle-de köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmäge kandidatlaryň ählisine deň derejede mümkinçilikler kepillendirilýär.

“Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň” penşenbe güni geçirilen maslahatynda kandidatlaryň saýlawçylar bilen geçirjek duşuşyklarynyň wagty we ýeri meselesine seredildi.

Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawlara çenli galan wagtda öz saýlawçylary bilen ençeme gezek duşuşarlar, saýlawlaryň öň ýanynda öz programmalary bilen saýlawçylary tanyşdyrarlar diýip, resmi Aşgabat habar berýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG