Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Täze kanun ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy partiýalaryň döredilmegi barada Mejlis tarapyndan kabul edilen ilkinji kanun hökmünde alamatlandy.
Sişenbe güni Türkmenistanyň Mejlisi “Syýasy partiýalar barada” täze bir kanuny kabul etdi. Munuň özi ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy partiýalaryň döredilmegi barada Mejlis tarapyndan kabul edilen ilkinji kanun hökmünde alamatlandy.

Şu günki güne çenli Türkmenistanda syýasy partiýalary döretmeklige we olary hasaba almaklyga degişli hiç hili ýörite kanun kabul edilmändi. Ýogsa, syýasy partiýalaryň döredilmegine rugsat berilýändigini ýurduň ozalky prezidentem, häzirki prezidentem kän agzapdylar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow baryp 2003-nji ýylda eden çykyşlarynyň birinde bu barada şeýle diýipdi:

—Bizde täze jemgyýet, topar döretmäge hakyň bar kanun esasynda. Köppartiýalylyga-da hakyň bar, partiýa döretmäge hakyň bar – kanunlarymyz bar. Döretsinler gaýratly adamlar.

Soňky ýyllar prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu temany yzygiderli diýen ýaly gozgap geldi.

Ýöne Abadan wakasynyň yzy bilen, nobatdaky gezek bu tema dolanyp gelende, Berdimuhamedow Türkmenistanda partiýalaryň sanynyň “esassyz ýagdaýda köpelmegini goldamarys” diýip, çykyş edipdi we ýurtda iki sany syýasy partiýanyň hem “ýeterlik boljakdygyny” nygtapdy. Şonda ol şeýle diýipdi:

—Ýurdumyzda köpsanly partiýalaryň esassyz köpelmegini goldamarys. Sebäbi, netijeli bäsleşigiň döremegi we halk bilen häkimiýetiň arasyndaky hakyky aragatnaşygy üpjün etmegi üçin bize netijeli işleýän iki partiýa hem ýeterlik diýip hasap edýärin.

Berdimuhamedowyň “partiýalaryň esassyz köpelmegini goldamarys” diýen sözüne alada bilen garaýanlar-da bar. Türkmenistanyň “Agzybirlik” Halk Hereketiniň lideri Nurberdi Nurmämmedow Türkmenistanda “Syýasy partiýalar” barada täze kanun kabul edilenden soň, häkimietleriň syýasatyny goldajak emeli partiýalaryň peýda bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar:

—Käbir goňşy ýurtlarymyzda edilişi ýaly, bizde-de emeli partiýalaryň gurnalmagy mümkin. Emma, şeýle partiýalar halkyň aladasy bilen bolmaz. Şol partiýalaryň gatnaşmagynda döredilen Mejlisiň hem halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy barada alada etmän, diňe döwlet ýolbaşçysynyň eden işini tassyklaýan gurama öwrüljegi belli. Bu zatlaryň halka-da, döwlete-de, ýurdumyza-da peýdasy bolmaz.

“Plan boýunça...”

Nurmämmedowyň bu pikiri bilen bosgunlykda hereket edýän “Respublika” oppozision partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamow hem belli bir derejede ylalaşýar. Ol syýasy partiýalar baradaky kanuny kabul etmekligiň şu çaka çenli uzaklaşdyrylyp, onuň geljekki prezidentlik saýlawlaryna kandidatlar hödürlenenden soň ara alnyp maslahatlaşylmagyny ýörite plan boýunça edilen iş diýip hasaplaýar. Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi:

—Ynha, görýänizmi, bir aýdan prezidentlik saýlawlary geçmeli. Ol kanuna bolsa Mejlisde ýaňy seredilipdir, oňa entek gol hem çekilenok. Saýlawlar geçensoň, bu kanunyň peýda bolmagy mümkin. Diýmek, onuň wagtynyň köpe çekdirilmegi şol kanun saýlawlara päsgel bermesin diýlip edilýän bolmaly meniň pikirimçe.

Türkmenistanda jemgyýetçilik guramalaryny hasaba almak barada 2003-nji ýylda başga-da bir kanun kabul edilen. Şol kanuna görä, raýatlara jemgyýetiň islendik bir ugry boýunça hökümete degişli bolmadyk garaşsyz guramalary döretmeklige rugsat berilýär. Emma käbir ýerli aktiwistleri bu kanuna garamazdan, jemgyýetçilik guramalaryny Adalat ministrliginde hasaba aldyrtmaklygyň henizem uly kynçylyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Şular ýaly ýagdaýlar Türkmenistanda syýasy partiýalar barada kanun gutarnykly kabul ediläýende-de, ol kanunyň iş ýüzünde nähili adalatly durmuşa geçiriljekdigini sorag astynda goýýar. Şeýle-de, Mejlisiň kabul eden bu kanuny taslamasynda syýasy partiýalary nähili şertler esasynda hasaba almaklygyň göz öňünde tutulýandygy-da häzirlikçe belli bolman galýar.

Emma, şeýle-de bolsa, oppozision “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow şeýle kanunyň kabul edilmeginiň, barybir, oňyn ädim boljakdygyny aýtdy:

—Bular ýaly kanun bolsa, nähilem bolsa, ony ulanyp boljak. Mysal üçin, biz ‘ynha, bizde şular ýaly kanun bar, biz şony ulanjak bolýas welin, hökümet mümkinçilik berenok’ diýip, nähilem bolsa, hökümete basyş görkezer ýaly, elimizde bir tutaryk boljak-da. Şoňa görä-de, ozaly bilen şu kanunyň çykmagy gerek.

Ýöne Mejlis tarapyndan kabul edilen bu täze kanunyň anyk nähili durmuşa geçiriljekdigini wagt görkezer.
“Çilim çek, çilim çek, Aşgabatdan gümüň çek.”

Garaşsyzlyk döwrüniň söňky ýyllarynda dörän çagalaryň bu sanawajy edil häzirki döwürde Türkmenistanda doly reallyga öwrülip barýar. Paýtagt Aşgabadyň köçelerinde çilim çekip barýan adama duşmak kyn.

Ýurtda 2000-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykan Türkmenistanyň prezidentiniň “Çilim çekmegi gadagan etmek hakyndaky” permany hereket edýär. Şol karara görä, awtoulagda hem çilim çekmeklik gadagan.

Şu ýylyň 6-njy ýanwarynda geçen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda bolsa, Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklandy.

Satuwy gadagan edilermi?

Kararyň tekstinde temmäki önümleriniň satuwynyň ýatyrylýandygy barada ýeke agyz söz ýok. Emma bu karardan soň ilat arasynda temmäki önümleriniň satuwynyň gadagan edilýändigi baradaky gürrüňler peýda boldy.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonynydaky kommersiýa dükanynyň eýesi 32 ýaşly Berdimyradyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreş gullugynyň işgärleri onuň dükanyna gelip, temmäki önümlerini witrinadan aýyrmagyny talap edipdirler:

—Olar gelip, çilimleri we kalýan çekmek üçin serişdeleri satmazlygymy talap etdiler. bu talaplaryny hiç hili kanun ýa-da başga bir resminama bilen delillendirmediler.

Ýurtda temmäki önümleriniň söwdasy bilen bagly problemalar geçen ýylyň tomsunda başlanypdy. Şonda çilim gytçylygy emele gelip, onuň netijesinde çilimleriň bahalary ýokary galypdy. 2-3 aýyň içinde islendik çilimiň bahasy 20 manatdan geçdi. Emma, güýzüň başynda çilimleriň gytçylygy birneme peselip, bahalar aşak düşdi.

Häzir çilimleriň ortaça bahasy, umuman alanyňda, 18 manat töweregi. Iň arzan çilimiň bahasy-da 10-11 manat. Emma 6-njy ýanwarda kabul edilen meýilnamadan soň ýene-de çilimleriň bahasynyň ýokary galmagyna garaşylýar.

Hökümet tarapyndan takyk düşündiriş berilmänsoň, bu kararyň netijesiniň nähili boljakdygy baradaky howatyrlanmalar, halk arasynda dürli myş-myşlaryň peýda bolmagyna sebäp bolýar.

Aşagabadyň Parahat mikroraýonyndaky dükanyň eýesi Berdimyrat bu barada şeýle diýýär:

—Öň neşe söwdasy giň gerim alan bolsa, indi temmäki önümleriniň kontrabandasynyň we bikanun söwdasynyň başlanmagy mümkin. Bu söwdanyň kriminallaşmagy ony neşekeşlik döwrüniňkä meňzeder.

Dürli garaýyşlar bar

Türkmen hökümetiniň häzirki çilimkeşlige garşy alyp barýan kampaniýasyny geçen asyryň 80-nji ýyllaryndaky Gorbaçýowyň arakhorluga garşy yglan eden şowsuz kampaniýasy bilen deňeşdirýänler-de bar.

Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny kabul etmek baradaky kararda ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemek, çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerini ulanýan adamlaryň saglygyny bejerip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak maksady bilen kabul edilýändigi aýdylýar.

Emma 2016-njy ýyla çenli karardaky aýdylýan netijeleri gazanmak üçin nähili çäreleriň geçiriljekdigi barada jikme-jik maglumat berlenok. Bu meýilnama barada ýerli metbugatda çap edilýän wagyz-nesihat äheňli makalalar hem juda umumy mazmunly matariallardan ybarat. Kararyň kabul edilmegi we bu barada ýeterlik maglumatyň berilmezligi bolsa, halk arasynda dürli garaýyşlaryň peýda bolmagyna getirýär. Käbir ýaşaýjylar plany goldaýanlygyny aýtsa, käbirleri oňa garşy çykýarlar.

Karary goldaýanlaryň biri, Aşgabadyň orta mekdepleriniň biriniň mugallymy Aşyr. Ol bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

—Eýýäm 4-5-nji klas mekdep okuwçylarynyň arasynda çilimkeşler bar. Çilim çekýän gyzlaryň sany hem artyp barýar. Şonuň üçin, çilimkeşligi ýok etmek boýunça alnyp barylýan radikal çäreleri doly goldaýaryn. Meýilnama boýunça çilimkeşleriň saglygyny bejermek çäreseniň barlygy bolsa çilimkeşlere zyýanly endiklerinden saplanmaga şans berýär.

Ýöne bu gadagançylyk we gadagançylygyň netijesinde ýurtda temmäki barada peýda bolan ýagdaýdan närazydygyny aýdýanlar hem bar. Mysal üçin, Aşgabadyň 35 ýaşly ýaşaýjysy Geldimyrat öz närazylygynyň sebäbini şeýle düşündirdi:

—Meniň kakam günde iki gap çilim çekýär. Öň onuň bu endigi meniň üçin günde 6 manada düşýärdi. Ýöne çilim gytçylygy başlanansoň, men oňa indi bir gap çilimi öňki iki gap çilimiň bahasyndan satyn alyp berýärin. Onuň özi işlänok.

Ýurtda çilimkeşlige garşy görülýän bu radikal çäreler, göräýmäge, netijesini berýän ýaly. Emma şol bir wagtyň özünde-de temmäkiniň gytçylygy onuň bikanun söwdasynyň ösmegine sebäp bolýar. Çilimiň bahasynyň gymmatlamagynyň bolsa käbir çilimkeşleriň dürli ot-çöplerden temmäki hökmünde peýdalanyp başlamagyna sebäp bolýanlygy aýdylýar.

Aslynda halkyň saglygy göz öňünde tutulyp ädilýär diýilse-de, bu gadagançylyk ahyr netijede halkyň saglygyna näderejede peýda ýa zyýan berer diýen ýaly dürli soraglary döredýär. Ýöne bu soraga häzirlikçe resmi derejede o diýen üns berilmeýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG