Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Milli parlamentdäki duşuşykda ýurduň ykdysady gurluşyny mundan beýläk-de özgertjek işler dogrusynda durlup geçildi.
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen milli parlamentiň dördünji çagyryşynyň deputatlarynyň arasynda duşuşyk boldy.

Duşuşygyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň ykdysady ösüşi barada hem durup geçdi. Ol ýurdy yzygiderli ösdürmek maksady bilen oňat şertler döredilen, bäsleşige ukyply ykdysdyýetiň nusgasynyň saýlanyp alnandygyny nygtap geçdi.

Berdimuhamedow, hususan-da, ýurduň ykdysady gurluşyny mundan beýläk-de özgertjek işler dogrusynda hem durup geçdi. Türkmen lideri ýurduň ykdysadyýetinde döwlet eýeçiliginden, käbir ugurlary hususy eýeçilige geçirmek, gymmatly kagyzlar bazaryny döretmek, döwlet ätiýaçlandyryş kompaniýalaryna bäsdeş başga kärhanalary hem döretmek ýaly çäreleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Görkezijiler tapawutly

Emma prezident Berdimuhamedowyň bu ruhybelent çykyşyna “Ykdysady azatlygyň indeksi – 2012” atly hasabat kölege salana meňzeýär. Düýbi ABŞ-da ýerleşýän “The Heritage Foundation” we “Wall Street Journal” gazetiniň dünýä ýurtlarynyň ykdysady azatlygynyň derejesi boýunça bilelikdäki çap eden täze hasabatynda 179 döwletiň arasynda Türkmenistan 168-nji orunda ýerleşdirildi.

Hasabatda ýurtlara ykdysady azatlygyň esasy dört ölçegi, ýagny kanunyň üstünligi, dolandyryşyň kämilligi, hökümetiň çäkliligi we bazaryň açyklygy kriterileri boýunça baha berlip, sanaw düzüldi.

Hasabatda Türkmenistana 43,8 bal berildi. Bu geçen ýylka görä, 0,2 görkeziji ýokarydyr. Hasabatda bellenişine görä, Türkmenistanyň görkezijileriniň gowulanmagyna ýurduň maliýe pudagyndaky öňegidişlik sebäp bolupdyr. Ýöne muňa garamazdan, Türkmenistanyň görkezijileri Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň düzüminde garalýan region we ol, umuman, dünýä derejesinde hem ortaça görkezijilerden örän pesde durýar.

Bar bolan kynçylyklar

“Ykdysady azatlygyň indeksi – 2012” hasabatynda Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ozalky baştutany Saparmyrat Nyýazowa görä ykdysadyýeti birneme azat etmek ugrunda käbir syýasaty alyp barandygy nygtalýar. Emma, muňa garamazdan, ýurtda henizem köp zadyň – ykdysadyýetiň we medianyň döwletiň berk gözegçiliginde galýanlygy-da bellenilýär.

Hasabata görä, Türkmenistanyň kanunçylygy baglaşylan şertnamalary we emläk haklaryny ýeterlik derejede dolandyryp bilmeýär. Kanunlar kämil däl, sudýalaryň hem ýeterlik derejede hünär taýýarlygy ýok we bu ugurda parahorluk juda ýaýran. Şeýle-de, hasabatda bellenişi ýaly, Türkmenistanda biznesi açmak we ony ýöretmek juda çäkli bolup galýar; mundan başga-da bar bolan kanunlaryň işleýşi hem kanagatlanarly däl.

Hasabatda öňe sürlen bu pikirleriň aglabasy bilen “Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň” Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Jon MakLoud hem ylalaşyp, Berdimuhamedowyň çykyşynyň saýlaw kampaniýasynyň çäklerinde edilen çykyşdygyny aýdýar.

“Elbetde, ol özüni uly-uly işleri edýän adam hökmünde görkezjek bolýar. Meniň pikirimçe, ýurtda hakyky syýasy oppozisiýanyň ýokdugy sebäpli, ol nähili bolanda-da saýlawlarda ýeňiş gazanar. Şonuň üçin-de beýle çykyşlara onçakly bir möhüm ähmiýetem bermeli dälmika diýýan” diýip, MakLoud belleýär.

“Ykdysady azatlygyň indeksi – 2012” hasabatynda Özbegistan 164-nji, Täjigistan 129-njy, Gyrgyzystan 88-nji, Gazagystan bolsa 65-nji orunda ýerleşdirildi. Hasabatda Gon-Konguň ykdysadyýeti 18 ýyl bäri dünýäde iň azat ykdysadyýet diýlip hasaplanyp gelinýär. Sanawyň iň soňunda, 179-njy orunda bolsa Demirgazyk Koreýa bar.
Prezident Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda orta bilimiň 9 ýyldan 10 ýyla ýetirilmegine oňyn baha berilýär. Emma ýurduň öz okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hiline köpler şübheli garaýarlar.
Çarşenbe güni Aşgabatda Mejlisiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň yzy bilen, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň öňünde giňişleýin çykyş etdi. Ol türkmen jemgyýetiniň dürli pudaklaryndaky meselelere degip geçip, ol ýurduň bilim pudagyny ösdürmek meselesi barada-da aýratyn durup geçdi.

Prezident Berdimuhamedow, hususan-da, bu giňişleýin çykyşynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň bilim derejesini dünýä ölçeglerine laýyk derejä götermelidigini nygtady:

—Biz milli kanunçylygymyzy ösdürmek we kämilleşdirmek bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerimiziň wezipesiniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bilim bermekden ybaratdygyny hiç wagt unutmaly däldiris.

Prezident Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda orta bilimiň 9 ýyldan 10 ýyla ýetirilmegine, ýokary bilimiň 4-5 ýyla ýetirilmegine, daşary ýurtlara hökümet programmalara boýunça ugradylýan studentleriň sanynyň birneme artdyrylmagyna oňyn baha berilýär. Emma ýurduň öz okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hiline köpler şübheli garaýarlar.

Özüniň eden çarşenbe güni eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýanyň ösýän häzirki şertlerinde ýurtda ussat hünärmenleri taýýarlamaklygyň gaýragoýulmasyz zerurlygyna-da ünsi çekdi:

—Bilim ulgamyny ösdürmäge üns bermeýän ýurt 21-nji asyrda pese düşer, ilkinji nobatda bolsa, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda örän yza galar. Şoňa görä-de, biz geljekde ýokary tehnologiýalara esaslanýan we düýpli ylmy barlaglary talap edýän önümçilikler üçin ýurdumyzyň ýokary we beýleki okuw mekdeplerinde ussat hünärmenleri taýýarlamalydyrys.

Emma, prezident Berdimuhamedowyň ýokary bilimiň hilini gowulandyrmak we ony dünýä ölçegleriniň derejesine ýetirmek barada edýän bu gürrüňlerine garamazdan, bu meseläniň öňünde böwet bolup duran käbir päsgelçilikleri aradan aýyrmakda düýpli bir işleriň edilmeýändigini aýdýanlar-da bar.

Mümkinçilikler we korrupsiýa

Her ýyl 110 müňden gowrak uçurymyň orta mekdebi tamamlaýan şertlerinde ýurduň öz ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň 5 müň töweregi bolmagy, ýokary okuw jaýlarynda parahorlugyň saklanyp galmagy iň köp agzalýan päsgelçilikleriň arasynda. Mysal üçin, talap edilýän parany töläp bilmän, Türkmenistanyň Halk-hojalygy institutyna okuwa girip bilmedik bir ýerli raýat bu ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi:

—Türkmenistanda men iki sapar okuwa girjek boldum, emma girip bilmedim. Sebäbi, o taýda, Halk-hojalygy institutynda 8 müňden 10 müň dollara çenli pul bermeli bolýar. Maňa-da 10 müň dollar bermeli diýdiler, emma ejem-kakam ol puly berip bilmediler. Onsoň bagtymy Orsýetde synamakçy boldum we Orsýete gaýtdym. Bärde-de, ynha, Hudaýa şükür, okuwa girdim.

Ýöne öz adynyň tutulmagyny islemedik başga bir türkmenistanly soňky wagtlar häkimiýetleriň döredýän kynçylyklary we ykdysady kynçylyklar sebäpli daşary ýurtlarda bilim almak meselesininem kyndygyny aýtdy. Ol, hususan-da, şeýle diýdi:

—Hökümetiň syýasaty barada aýtsam, bizde häzir daşary ýurda çykmak meselesini gaty gysýalar. Kyn ýagdaý. Diňe Türkiýe döwletine häzir wiza alman çykyp bolýar. Galan ýagdaýda sen wizany almak üçin iki-üç aý garaşmaly bolýan. Olam rugsat etseleler-ä edeni, rugsat etmeselerem ýene galýaň. Daşyna çykarmak ýa içine adam salmak meselesinde şu wagt Türkmenistan ýapyk döwlet. Biz iň kyn ýagdaýlary başdan geçirýäs.

2009-njy ýylyň tomsunda Gyrgyzystanda bilim alýan türkmenistanly studentleriň ýüzlerçesi tomus kanikulyndan soň Gyrgyzystana goýberilmändiler. Aradan iki ýyl geçip, 2011-nji ýylyň tomsunda hut şular ýaly gadagançylyk Täjigistanda bilim alyp ýören türkmenistanly studentlere garşy-da ulanyldy. Emma bu çäreleriň sebäbi barada ilata hiç hili maglumat berilmedi.

Şwesiýada ýaşaýan garaşsyz žurnalist Akmuhammet Welsapar bilim bilen baglanyşykly meseleleriň-de Türkmenistanda ýene syýasy reformalar we adam hukuklary meselesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belleýär. Ol bu barada şeýle diýýär:

—Okuw-bilim sistemasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyklykda ösmegi üçin hökmany suratda syýasy reformalar geçirilmeli, söz azatlygy bolmaly, daşarky dünýäniň tejribelerinden peýdalanmaly, türkmen okuwçylaram, studentlerem, alymlaram daşarky dünýä bilen gatnaşyk edip bilmeli.

Žurnalist Welsapar Türkmenistanda döwrüň talaplaryna laýyklykda bilimiň hilini ösdürmek we ýokary hünärli kadrlary ösdürip-ýetişdirmek baradaky planlaryň syýasy reformalardan üzňe amala aşyrylyp bilinmejekdigini nygtaýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG