Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Mollanyýazowyň programmasynda Türkmenistanda telekommunikasiýa düzümini ösdürmek, interneti elýeterli etmek we has-da kämilleşdirmek hakda gürrüň edilýär.
Türkmen metbugaty 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak prezident saýlawlaryna sekiz dalaşgärden ýene-de bir kandidatyň – “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” edarasynyň dolandyryjysy Gurbanmämmet Mollanyýazowyň saýlawlaryň öň ýanyndaky programmasyny çap etdi.

Gurbanmämmet Mollanyýazowyň programmasynda nebit-gaz pudagyny ösdürmek, nebit-gaz toplumynda täze desgalary gurmak we ýangyç serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek bilen ilatyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar.

Mollanyýazow 12-nji fewralda geçiriljek saýlawlara gatnaşýan kandidatlardan öz saýlaw programmasy bilen türkmen metbugatynda çykyş eden üçünji dalaşgärdir. Mundan ozal häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Kakageldi Abdyllaýew hem öz çykyşlarynda, umuman aýdylanda, nebit-gaz we şuňa meňzeş biri-birine çalymdaş teklipleri öňe sürdüler.

Mollanyýazowyň türkmen metbugatynda 12-nji ýanwarda çap edilen programmasynda ýurduň bilim, saglygy saklaýyş, medeniýet, dokma senagaty, döwlet durmuş üpjünçilik pudaklary ýaly ugurlary ösdürmek barada gürrüň edilýär.

Şeýle-de ol öz programmasynda ekin ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, maldarçylygy hem guşçulygy ösdürmek işlerine hem uly üns berjekdigini wada edýär.

Gurbanmämmet Mollanyýazow 2012-nji ýylda gurluşyk toplumynyň kärhanalarynyň kuwwatyny 2011-nji ýyl bilen deňeşdirende birnäçe esse ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlaryny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny hem nygtaýar.

Demir ýol we awiasiýa ulgamyny ösdürmek, ähli welaýat merkezlerine we dünýäniň köp döwletlerine ýolagçy howa gatnawynyň sanyny artdyrmak onuň programmasynyň jümmüşindäki meseleleriň biri. Mollanyýazowyň programmasynda Türkmenistanda telekommunikasiýa düzümini ösdürmek, interneti elýeterli etmek we has-da kämilleşdirmek hakda gürrüň edilýär.

Şeýle-de ol halka gazyň, suwuň, elektrik energiýasynyň, benziniň mugt beriljekdigini, durmuş we ulag hyzmatlary üçin iň pes tölegleriň saklanjakdygyny, aýlyklaryň, pensiýalaryň we studentleriň stipendiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň bolsa dowamly köpeldiljekdigini aýdýar.

Ol oba ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw arassalaýjy desgalary, suw geçirijileri gurmak planlarynyň bardygyny aýdyp, munuň oba durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmakda we ilatyň saglygyny berkitmekde uly rol oýnajakdygyny aýratyn belleýär.

Daşary ýurt synçylary 12-nji fewralda geçiriljek saýlawlarda Berdimuhamedowyň ýene bir gezek 5 ýyl möhlet boýunça aňsatlyk bilen saýlanjakdygyny çak edýärler. Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahat beriji topary saýlawlaryň erkin we adalatly geçiriljekdigine şübhelenýändigi zerarly Türkmenistandaky prezident saýlawlaryna gözegçileri ibermegi maslahat bermeýär.
“Birleşen Özbek demokratik koalisiýasy” atly oppozisiýa bileleşiginiň lideri Muhammet Salih
Şu ýylyň 12 nji fewralynda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlarda 8 sany dalaşgär bäsleşýär. Olar häzir ýurduň dürli welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşýarlar we öz maksatnamalary barada gürrüň berýärler.

Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary baradaky pikirini bilmek üçin, Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere daşary ýurtda döredilen “Birleşen Özbek demokratik koalisiýasy” atly oppozisiýa bileleşiginiň lideri Muhammet Salih bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Muhammet Salih, Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlarynda bäsleşjek 8 dalaşgär resmi taýdan hasaba alyndy. Bu saýlaw we dalaşgärler barada siz nähili pikirde?

Muhammet Salih: Olar [häkimiýetler] eger erkin saýlawlara ýol berseler, häkimiýetden gitjekdiklerini bilýärler. Çünki halk olaryň kimdigini bilýär. Olar özleri üçin ilatyň aglabasynyň ses bermejekdigini hem bilýär. Şonuň üçin-de olar saýlawlara nätanyş dalaşgäriň gatnaşmagyna garşy bolýarlar. Netijede olar özlerine ýakyn adamlary dalaşgär edýärler we ýurdy dolandyrýan prezident ýeňiji bolan bolýar. Aslynda bular öňünden ylalaşylan zatlar. Biziň regiondaky liderler geçen 20 ýylda galp saýlawlar ýa-da referendumlar geçirip, özleriniň prezidentlik möhletini uzaltdylar.

Azatlyk Radiosy: Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, prezidentler Berdimuhamedow ýa-da Karimow prezident saýlawlaryna köp dalaşgäriň gatnaşmygyna ýol bermek bilen Günbatara we halkara guramalaryna gowy görünmek isleýärler. Siz nähili pikirde?

Muhammet Salih: Günbatar bu zatlara ynanmaýar we olaryň “oýun oýnaýandyklaryny” bilýär. Ýöne bu liderler Günbatara “Serediň, bizdäki saýlawlarda başga dalaşgärler hem bäsleşýärler. Olar ähli mümkinçilikden peýdalanyp bilýärler. Görşüňiz ýaly, halk olara ýeterlik ses bermeýär” diýýärler. Emma olar saýlawlary galplaşdyrýarlar we oppozisiýa üçin berlen sesleri ýok edýärler. Meselem, men Karimowa bäsdeş bolanymda, biz halta-halta galp býulletenleri tapdyk we olary Amerikadan, Fransiýadan gelen synçylara görkezdik. Ýöne olar Özbegistanyň “içki işlerine goşulmakçy däl” diýen pozisiýany eýelediler. Emma häkimiýetler saýlawlary galplaşdyrdylar. Merkezi Aziýa döwletlerinde şeýle oýun häzirem dowam edýär.

Men prezident Berdimuhamedowyň erkin saýlawlar geçirjekdigine ynanmaýaryn. Goý, ol özüne 10 bäsdeş taýýarlasyn. Barybir men onuň demokratik saýlawlar boljakdygyna ynanmaýaryn. Entek daşary ýurtlardaky Nurmuhammet Hanamow ýaly oppozisiýa liderleri bu saýlawlara gatnaşýança, men ýurtdaky saýlawlaryň erkin boljakdygyna ynanmaýaryn. Şol sanda Günbataram bu saýlawlaryň demokratik boljakdygyna ynanmaýar. Emma Günbataryň Türkmenistanda syýasy we ykdysady bähbitleriniň bolmagy mümkin. Şonuň üçin-de, Günbataryň özüni Berdimuhamedowyň “oýnuna” ynanýan ýaly edip görkezmegi bolup biljek zat. Emma Günbataryň bu “ikiýüzliligi” bize hiç bir peýda getirmez. Günbataryň “Saýlawlary adalatly geçiriň. Ýogsa-da, bizi aldamaň” diýip, açyk aýtmagy gerek.

Azatlyk Radiosy: Günbatar Orsýetde geçirilýän saýlawlary açyk tankytlaýar. Ýöne ol näme üçin Türkmenistandaky ýa-da Özbegistandaky köp galplyklaryň bolandygy aýdylýan saýlawlary tankytlamaýar?

Muhammet Salih: Hut şu hem meseläniň gyzykly ýeri. Günbatar Orsýeti açyk tankytlaýar. Emma Özbegistandaky ýa-da Türkmenistandaky ýagdaý ony kanagatlandyrýar. Ol Türkmenistan we Özbegistan näme etse etsin diýýär. Emma Günbatar Orsýetiň öňünde berk talaplary goýýar. Günbataryň “Türkmenistanyň we Özbegistanyň nebit-gaz baýlyklary bar. Bu ýurtlarda biziň geosyýasy bähbitlerimiz bar. Olaryň liderleri diktator we olar öz “oýunlaryny” oýnabersinler. Biz olara “göz ýummaly” diýen syýasaty ýöredýän bolmagy mümkin. Arap dünýäsindäki wakalar biziň ýurtlarda hem bolmasa, hiç zat üýtgemez. Bize ne Günbatar, ne Orsýet, ne-de Hytaý kömek eder.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG