Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ýohan Bihr: "Gynansak-da, Türkmenistandaky we Özbegistandaky diktaturalar sowet döwründäkiden özgermedi, gaýta has aýylganç boldy. Olaryň esasy maksady gitdigiçe özgerýän dünýäden çetde galmak".
25-nji ýanwarda “Serhetsiz reportýorlar” guramasy “Metbugat azatlygynyň indeksi 2012” atly ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda dünýädäki metbugat azatlygynyň geçen ýyldaky ýagdaýyna syn edilýär we žürnalistlere garşy edilen basyşlar barada habar berilýär. “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň jemi 179 ýurt bounça düzen bu hasabatynda Türkmenistan 177-nji orunda ýerleşdirilipdir. Azatlyk Radiosy “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň täze hasabaty barada guramanyň Ýewropa we postsowet döwletleri boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Bihr bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Bihr, bu ýylky hasabat nämedir bir zatlar bilen özalkylardan tapawutlanýarmy? Onuň nähili aýratynlyklary bar?

Ýohan Bihr: Hawa, aýratynlyklar bar. Olar arap döwletlerindäki demokratik tolgunyşyklara degişli boldy. Bu ýurtlardaky ýagdaý biziň täze hasabatymyza hem täsir ýetirdi. 2011-nji ýyl žurnalistlere garşy güýçli repressiýalar bilen tapawutlandy. Soňky ýylyň dowamynda tutha-tutluklar öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetdi. Bu ýagdaý ýurtlaryň metbugat azatlygynyň ýagdaýlaryna berlen baha hem täsir ýetirdi.

Azatlyk Radiosy: Dünýä ýurtlarynyň metbugat azatlygy bilen bagly ýagdaýlaryna nämeler esasynda baha berilýär?

Ýohan Bihr: Berlen baha iki sany faktora esaslanýar. Birinjisi metbugat azatlygynyň umumy ýagdaýyna degişli, ýagny ol döwletleriň metbugata ýetirýän täsirine we senzuranyň derejesine esaslanýar. Ikinji faktor, ýylyň netijelerine, ýagny ýylyň dowamynda žurnalistleriň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly wakalara esaslanýar.

Azatlyk Radiosy: Guramaňyz žurnalistleriň aktiwlik derejesine baha berýärmi? Aýdaly, žurnalistleriň has aktiw işlemegi bilen olara garşy repressiýalaryň köpelmeginiň arasynda baglanyşyk barmy?

Ýohan Bihr: Bu zatlar biri-biri bilen örän baglanyşykly. Repressiýalar žurnalistleriň aktiwligi bilen deň derejede artýar. Biz muňa arap ýurtlarynda köp syn etdik. Geçen ýyl žurnalistleriň köçelerde ozalkysyndan has köp işlän ýyly boldy. Şeýle işler arkaly žurnalistler bolup geçýän wakalaryň içinde işlemegiň örän ähmiýetlidigini görkezdiler.

Azatlyk Radiosy: Metbugat azatlygynyň Merkezi Aziýa regionyndaky, şol sanda Türkmenistandaky ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz? Özgerişlik barmy?

Ýohan Bihr: Merkezi Aziýada ýagdaý ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende, belli bir derejede kadalaşdy diýip bolar. Meselem, Gyrgyzystanda 2011-nji ýylda ondan ozaky ýyl bilen deňeşdirilende ýagdaý gowulandy. Sebäbi, 2010-njy ýylyň syýasy öwrülişikleri we soňra ýurduň günortasynda bolan gandöküşikli çaknyşyklar ýurduň metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça bahalara-da ýaramaz täsirini ýetiripdi.

Ýurduň häzirki ýagdaýy entek kadaly bolmasa-da, ozalkysyndan ganymatlaşdy. Bu regionda bolan esasy özgerişlik. Özbegistan bilen Türkmenistanda, gynansak-da, uly bir özgerişlik bolmady. Emma bellemeli zat hem bar. Ol hem bu ýurtlarda häkimiýetleriň internete bolan ünsüniň artanlygydyr.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda internet bilen bagly nähili täzelikler boldy?

Ýohan Bihr: Türkmenistanda ýylyň dowamynda bolan gyzykly bir waka adamlaryň belli bir derejede informasion üzňelikden çykmagy başarandyklaryna degişli bir waka boldy. Men Abadandaky partlamalar bilen bagly ýagdaýy göz öňünde tutýaryn. Şonda ilkinji gezek Türkmenstanyň raýatlary ýurtda bolan wakalar, ýagny Abadandaky partlamalar barada dünýä habar bermegi we partlamalaryň ýetiren zyýanyny görkezmegi başardylar.

Häkimiýetler muny ýaşyrmagy başarmadylar. Emma türkmen häkmiýetleriniň muňa bildiren reaksiýasy olaryň ýagdaýa çynlakaý üns berenligini görkezdi. Şonda “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň internet saýty petiklendi, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýew ejir çekdi.

Azatlyk Radiosy: Tutuş regionda-da, Türkmenistanda-da metbugat aztalygynyň üpjün edilip başlanmagy üçin nähili mümkinçilikler bar? Siz oňyn özgerişleriň alamatlaryny görýärsiňizmi?

Ýohan Bihr: Gynansak-da, gussa batmaga sebäp has köp. Türkmenistandaky we Özbegistandaky diktaturalar sowet döwründäkiden özgermedi, gaýta has aýylganç boldy. Olaryň esasy maksady gitdigiçe özgerýän dünýäden çetde galmak.

Metbugat gözegçiligi tutuş ýurda gözegçiligiň esasy guraly bolup hyzmat edýär. Azat metbugat we azat habar serişdeleri bolmasa, demokratiýa ugrunda göreşmek we bar bolan problemalary häkimiýetleriň dykgatyna ýetirmek örän kyn bolýar.

Emma, muňa garamazdan, geçen ýylyň dowamynda türkmen raýatlary öz ýurdunda bolan ýagdaýlar barada dünýä habar bermegi başardylar. Bu bolsa Türkmenistan ýaly örän ýapyk ýurt üçin iňňän wajyp ädim we ol umytlaryň döremegine esas berýär.
M.Mamatşoýew: “Eger dalaşgärler G.Berdimuhamedowa bäsdeş bolmak kararyna gelen bolsalar, onda, goý, olar onuň kemçiliginiň nämedigini, haýsy meselede ýalňyşýandygyny aýtsynlar”.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, şu ýylyň 12-nji fewralynda geçjek prezidentlik saýlawlaryna resmi taýdan hasaba alnan dalaşgärler güýçli depginde saýlaw kompaniýasyny alyp barýarlar. Eýsem, saýlawlara görülýän bu taýýarlyklar Türkmenistanda käbir demokratik prinsipleriň özleşdirilýandigini aňladyp bilermi? Şu mesele barada Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere Täjigistanda çap edilýän garaşsyz “Aziýa plýus” gazetiniň baş redaktory Marat Mamatşoýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Marat, şu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda geçjek prezidentlik saýlawlarynda resmi taýdan hasaba alnan sekiz dalaşgär bäsleşmekçi. Siz şu täzelige nähili baha berýärsiňiz?

Täjigistanda çap edilýän garaşsyz “Aziýa plýus” gazetiniň baş redaktory Marat Mamatşoýew.
Täjigistanda çap edilýän garaşsyz “Aziýa plýus” gazetiniň baş redaktory Marat Mamatşoýew.
M.Mamatşoýew: Meniň pikirimçe, ol dalaşgärleriň aglabasynyň hakyky dalaşgärler däldigi belli. Olar diňe “göz üçin” hasaba alnan dalaşgärler. Men hakyky dalaşgäriň diňe häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdygyny anyk aýdyp biljek. Galanlary ýöne bir san.

Azatlyk Radiosy: Siz nämeden ugur alyp, şeýle pikir edýärsiňiz?

M.Mamatşoýew: Men bu saýlawlar bilen bagly ýagdaýlary internet saýtlaryndaky maglumatlar arkaly yzarlaýaryn. Mysal üçin, men bu saýlawlara hakyky dalaşgär bolmaga synanyşan zenan barada maglumatlary okadym. Emma oňa şeýle mümkinçilik berilmändir.

Azatlyk Radiosy: Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, prezidentlik saýlawlarynda bäsleşjek dalaşgärler ýurduň dürli welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşýarlar. Siziň pikiriňizçe, olaryň bu saýlaw kampaniýalarynyň saýlawlaryň erkin we adalatly geçimegine kömek etmegi mümkinmi?

M.Mamatşoýew: Hut şeýle praktika biziň ýurdumyzda-da boldy. Täjigistandaky soňky prezidentlik saýlawlarynda bäsleşen üç dalaşgäri häkimiýetler hödürläpdiler.

Şeýle dalaşgärleriň ilatyň arasynda edýän wagzyny möhüm zat hökmünde kabul edip bolmaz. Mysal üçin, bizdäki soňky prezidentlik saýlawlarynyň öňýanyndaky kampaniýada dalaşgärleriň birinden eger siz Emomaly Rahmona bäsdeş bolsaňyz, bu onuň syýasatyna garşydygyňyzy aňladýarmy diýip soranymyzda, ol bu soragyň özünden gorkup, derrew özüni aklamaga başlapdy. Şeýle dalaşgäriň “ýokardan” bellenendigini bilmek üçin ony bäş minutjyk diňlemegiň özi ýeterlik.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky prezident saýlawlaryna gatnaşýan käbir dalaşgärleriň pikiriçe, bu saýlawlarda sekiz dalaşgäriň bäsleşmegi ýurtda demokratiýanyň esasy prinsipleriniň berjaý edilýändigini aňladýar. Siziň pikiriňiz?

M.Mamatşoýew: Eger olar bu saýlawlaryň demokratiýanyň esasy prinsiplerine laýyk geçjekdigini görkezmekçi bolsalar, onda, goý, olar Türkmenistan üçin nähili alternatiw işleri etmek isleýändiklerini aýtsynlar. Eger olar häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa bäsdeş bolmak kararyna gelen bolsalar, onda onuň kemçiliginiň nämedigini, haýsy meselede ýalňyşýandygyny aýtsynlar.

Meniň pikirimçe, ýedi dalaşgäriň bulary aýtmaga bogny ysmasa gerek. Çünki biz Merkezi Aziýada prezidentleriň saýlawlarda özlerine bäsdeş boljak dalaşgärleri özleriniň belleýändiklerini we dalaşgär bolmaga ylalaşanlaryň käbiriniň saýlawlardan soňra repressiýa duçar bolýandyklaryny gowy bilýäris.

Biz Özbegistanda şeýle ýagdaýyň bolandygyndan habarly. Şoňa görä, bu ýurtlarda saýlawlara köp dalaşgäriň gatnaşmagy asla demokratiýanyň alamaty däl. Saýlawlar barada erkin diskussiýalaryň bolmagy hakyky demokratiýanyň alamaty. Bu zatlary Türkmenistanda görmedim. Meselem, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň haýsy-da bolsa bir meseläni erkin diskussiýa edýändigini görmedim.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, adam hukuklary boýunça halkara guramalary tarapyndan yzygiderli tankytlanýan Türkmenistanda ýa-da Özbegistanda hakyky demokratik saýlawlaryň geçirilmegini nähili gazanmak mümkin?

M.Mamatşoýew: Biziň regionymyzyň halkynyň saýlawlary özleriniň geçirmelidigine düşünmegi zerur. Şol saýlawlar Amerika ýa-da Ýewropa gerek däl.

Belki, günbatar ýurtlaryň öz bähbitleri üçin biziň regiondaky saýlawlary tankytlaýan bolmaklary mümkin. Biziň halklarymyz – türkmenler, täjikler, özbekler we gazaklar bu saýlawlaryň öz durmuşlaryny ösdürmek üçin hakyky mehanizmdigine doly düşünen halatynda, haýsy-da bolsa bir üýtgeşiklige garaşyp bolar. Bu meselede bize ne elita, ne Günbatar – hiç kim kömek edip bilmez.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG