Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

"Aşyk Çaňly hem onuň magşugy Bibi baradaky aýdymlar aýratyn tapawutlanýar. Munuň, belki-de, olaryň taryhy şahslar, hakyky wakalar esasynda döremegi bilen-de bagly bolmagy mümkin".
Türkmen klassyky edebiýatynda we halk döredijiliginde Bibi atly gyz bilen baglanyşykly ençeme eser bar. Olaryň köpüsi aýdyma öwrülipdir. Özem ol “Bibiler” biri-birinden gözel.

Ýöne, bularyň arasynda aşyk Çaňly hem onuň magşugy Bibi baradaky aýdymlar aýratyn tapawutlanýar. Munuň, belki-de, olaryň taryhy şahslar, hakyky wakalar esasynda döremegi bilen-de bagly bolmagy mümkin.

Aşyk Çaňlynyň magşugy Bibi baradaky aýdymlarynyň halk arasyna ýaýramagynda bagşy Nurberdi Guluň hem onuň şägirtleriniň aýratyn hyzmaty boldy.

Bagşy-aýdymçylar Çaňla degişli “Bibileri” öz many-mazmunyna laýyk, aýry-aýry heňlerde örän ussatlyk bilen aýdýarlar. Şeýlelikde, “Bibiler” il içinde uly meşhurlyga eýe boldy. Ikinji bir tarapdan, halk arasynda Aşyk Çaňlynyň magşugy Bibi meşhurlyk gazandy-da, ony döreden şahyryň kimdigi nämälim bolup galdy.

Aşyk Çaňly kim?

Edebiýatçy alym Allaberdi Oraztaganow “Arzuw” ýygyndysynda aşyk Çaňly, onuň ömri hem döredijiligi barada ýörite makala ýerleşdiripdir.

Ol makalada şeýle diýilýär: “Häzirki Gyzyletrek raýonyndan bolan aşyk Caňly 1823-1897/98-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçipdir. Ol 19-njy asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatynda yz galdyranlaryň biri. Öwez ogly Çaňly liriki şygyrlaryň we ‘Aşyk Çaňly we Bibi’ diýen poemanyň awtorydyr”.

“Aşyk Çaňly we Bibi” poemasy murapbag formasynda ýazylan iki ýüze golaý goşgy setirinden ybaratdyr. Bu poema Çaňly şahyryň özi bilen söýşüp, bagtly durmuş gurmagy wada edişen, soňra bolsa wadalaşylan güne bir gün galanda, bir baý ogluna satylyp, wadasyna wepasyz çykan Bibi diýen gyza bagyşlanan goşgulary öz içine alýar.

Aşyk Çaňlynyň käbir goşgularyny Esenguly raýonynyň Garadegiş obasynda ýaşaýan bagşylar Hajydurdy Ataýew we Amenberdi Weliýew, Gyzyletrek posýologynda ýaşaýan bagşy Nurberdi Gulow, Rejep Orazow we Söýün Ballyýew dagylar ýatdan bilýärler.

Bagşy Nurmämmet Omarow “Aşyk Çaňly we Bibi” diýen poemany şahyryň öz dilinden eşidip, ýat tutan eken. Arman, olar öz wagtynda doly ýazylyp alynmandyr. Bu poemadan bölekler Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunda-da bar.

Edebiýatçy alym Allaberdi Oraztaganow “Çaňly şahyryň agtygy, mugallym Tagandurdy Hudaýberdiýew Gyzyletrek raýonynda ýaşaýar” diýlip, öz makalasynda ýazýar.

Bibiniň biwepalygy

“Aşyk Çaňly we Bibi” poemasynyň mazmuny sada, ýöne juda gussaly. Sebäbi ol hakyky bolan wakanyň şahyrana beýany.

Poemanyň mazmunyna görä, Çaňly şahyr Çaloýuk obasyndan bolan Bibi diýen gyz bilen söýüşýär. Ýöne olara goş birikdirmek miýesser bolmaýar.

Çaňlynyň dädesi Öwez aga Eýran şasynyň 1836-njy ýylda Etrek-Garrygala töwereklerine eden çapawulçylygy zerarly Hywa göçmeli bolýar. Bibiniň maşgalasy bolsa, Gürgeniň Omçaly diýen ýerinde mesgen tutup, galýar. Ajy aýralygyň wagty ýetýär. Çaňly bilen Bibi ýene duşuşmagy wadalaşyp, aýrylyşýarlar.

Aradan ep-esli wagt geçip, aşyk Çaňly Hywadan gyr ýorgasy bilen Gürgene gaýdýar. Ol ýol boýy magşugyny ýatlap, oňa bagyşlap, şygyr düzüp gelýär.
Hywadan Gürgene dört günde ýeten ýorga aşyk-magşugyň wadalaşan ýerine ýetip ýykylypdyr-da, daljygyp, jan beripdir.

Çaňly sorag-ideg edip, on ýyllap zaryny çeken Bibisiniň başga birine durmuşa çykandygyny anyklapdyr. Şondan soň, şahyr hatda “beýle ýaman pis ekeniň” diýen sözleri-de dile almaga mejbur bolýar. Ol: “Maňa otly köýnek geýdirdiň, Bibi” diýibem jöwrenýär.

Soňky takdyr

Bibiden tamasy çykmadyk Çaňly gudraolumly Geňlik atly owadan, çeper gelne öýlenýär. Onuň bilen uzak durmuş sürýär. Çaňly 78 ýaşynda, Esenguly etrabynyň Garadegiş obasynda garrylyga ýetip, aradan çykypdyr.

Ýeri gelende aýtsak, Çaňly öz gelni Geňlige bagyşlabam goşgy düzüpdir. Asly şol obadan bolan, Türkmenistanyň halk artisti Rejepguly Kerimow ol aýdymy örän ussatlyk bilen aýdýardy. Arman, ol zehinli bagşy gaty ýaş aramyzdan gitdi.

Geňlige bagyşlanan şol aýdymyň sözleri şeýle:

Sekiz gatlak tekele bent üstünde,
Goýmak üçin alajakdym Geňligi.
Zerli-zerban ala ýorgan astynda,
Goýmak üçin alajakdym Geňligi.

Niçe wagtlar gezdim “Bibi ýaş” diýip,
Jellat gözi menden dilär paç diýip,
Egnime don geýip, başa täç diýip,
Geýmek üçin alajakdym Geňligi.

Şirin janda galdy ança puşmanym,
Arman boldy Bibä bir gowuşmanym,
Hoşwagt edip dostum, gynap duşmanym,
Köýmek üçin alajakdym Geňligi.

Habar aldym enesinden, özünden,
Sözleýberse dür döküler sözünden,
Ysgap ýaňagyndan, dişläp ýüzünden,
Doýmak üçin alajakdym Geňligi.

Aşyk arman çeker ýara ýetýänçä,
Şirin jany bir-birine gatýança,
Aşyk Çaňly, bu dünýeden ötýänçä,
Söýmek üçin alajakdym Geňligi.

Aşyrguly Baýryýew “Dewid Börk” adyndaky halkara amerikan baýragynyň eýesi, aşgabatly edebiýatçy we garaşsyz žurnalist. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Aşgabatly Berdi: "Mende iş ýok. Şonuň üçinem dalaşgärden işsizlere iş ýerlerini tapyp bermek, olara wagtlaýyn posobiýalary bermek ýaly meseleler barada sorajakdym. Emma müňa mümkinçilik hem bermediler".

Aşgabadyň köçelerinde 12-nji fewralyň Türkmenistanyň prezidentligine saýlawlar günidigini ýatladýan bildirişleri, hemmeleri saýlawlara çagyrýan şygarlary görmek bolýar. Köpçülik ýerlerinde prezidentlik wezipesine dalaş edýän dalaşgärleriň suratlary we olaryň terjimehallary ýerleşdirilen uly tablolar-da dikilen.


Bu hili çäreler geljekki saýlawlara ilatyň ünsüni çekäýjek ýaly, emma ilat arasynda bu saýlawlara bolan gyzyklanma örän pes. Aşgabatly synçy Ýaýlym Begow munuň sebäbini şeýle düşündirýär: “Meniň pikirimçe, bu saýlawlar halkyň maddy hal-ýagdaýyna, durmuşyna, demokratik prosese hiç hili täsir edip bilmez. Bu saýlaw kampaniýasyna hem öňki sowet soýuzyndaky ýaly, öňünden hemme zat sahnalaşdyrylyp, taýýarlyk görülýär we geçirilýär. Şoňa görä, halk beýle saýlawlara örän passiw gatnaşýar, üns bermeýär”.

45 ýaşly aşgabatly ýaşaýjy Annageldi hem saýlawlarda eýýäm kimiň ýeňiji diýlip yglan ediljekdiginiň öňünden bellidigini aýdýar. Ol: “Bu saýlawsyzam indiki prezidentimiziň kim boljakdygy belli. Şonuň üçin, adamlar bu saýlaw kampaniýasy bilen gyzyklanmaýarlar. Häzirki saýlaw kampaniýasy bolsa ýönekeý formallyk” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Saýlawlara gatnaşmaklyga çagyrýan agitasiýalar bilen bir wagtda, prezidentlige dalaş
Prezidentlige dalaş edýän dalaşgärlerden biriniň maksatnamasy ýerleşdirilen gazet sahypasy. Aşgabat, 18-nji ýanwar, 2012.
Prezidentlige dalaş edýän dalaşgärlerden biriniň maksatnamasy ýerleşdirilen gazet sahypasy. Aşgabat, 18-nji ýanwar, 2012.
edýän dalaşgärleriň saýlaw kampaniýalary hem dowam edýär. Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçiriljek wagty we ýeri habar beriş serişdeleri arkaly yzygiderli habar berilýär.

Türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynda şol duşuşyklar barada gysgajyk reportažlar hem görkezilýär. Emma, saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklarynyň translýasiýasy telewideniýede görkezilmeýär.

“Bu bir oýun”

Dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary edara-kärhanalarda ýa-da, köplenç, ýerli teatrlarda we kinokonsert merkezlerinde geçýär. Ak reňkli halynyň ýüzünde ýurduň häzirki prezidentiniň portreti asylan sahnada geçýän bu duşuşyklaryň simwoliki ähmiýeti barada gürrüň edýän adamlaram bar.

Şeýle garaýyşdaky ýaşaýjylardan biri, aşgabatly synçy Aşyr bu barada şeýle diýdi: “Bu bir oýun. Dalaşgärleriň duşuşyklarynyň köpüsiniň drama teatrlarynda geçmegi hem bu saýlawlaryň oýundugynyň simwoly. Häzirki prezidentimizden galan dalaşgärleriň ýekejesi hem ‘meni saýlaň’ diýip bilenok. Olaryň Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň alyp barýan syýasatlaryny goldap, şol bir wagtyň özünde-de onuň garşysyna prezidentlige dalaş etmekleri hem düşnüksiz”.

Dalaşgärleriň duşuşyklarynyň käbiri dalaşgärleriň özleriniň gatnaşmagynda geçýän bolsa, käbirleri olaryň ýörite “ynanylan wekilleriniň” gatnaşmagynda geçýär. Adynyň agzalmagyny islemedik bir medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, duşuşyga gatnaşýan saýlawçylaryň nähili geýinmelidigi, nirede oturmalydygy takyk kesgitlenýär.

Ol: “Bu duşuşyklara, esasan, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýurtda registrasiýa edilen jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri gatnaşýarlar. Olaryň oturmaly ýerleri takyk kesgitlenen. Duşuşykda dalaşgärlere ýa-da olaryň ynamdar wekillerine sorag berýän adamlar öňündem bellenilýär. Olaryň berýän soraglary hem öňünden taýýarlanylýar” diýip, gürrüň berdi.

“Tötänleýin” adamlar goýberilmeýär

Ilat arasynda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary bilen gyzyklanýanlar-da bar. käbir ildeşlerimiz saýlawçylar bilen dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklaryna gatnaşjak bolupdyrlar. Emma, olara bu başartmandyr. Bu hili duşuşykdan kowulan 32 ýaşly Berdi şeýle gürrüň berdi: “Men dalaşgär bilen duşuşygyň geçiriljek ýerine bardym. Hatda, zalda hem oturdym. Emma, tiz wagtdan meniň ýanyma iki adam gelip, zaly terk etmegimi talap etdiler. Men sebäbini soranymda, döwlet edarasynda işläňok hem-de kastýum-galstugyň ýok diýip jogap berdiler”.

Bu ildeşimiz sözüni dowam etdirip: “Men dogrudanam döwlet edarasynda işlämok. Asla, mende iş ýok. Şonuň üçinem dalaşgärden işsizlere iş ýerlerini tapyp bermek, olara wagtlaýyn posobiýalar bermek ýaly meseleler barada sorajakdym. Emma müňa mümkinçilik hem bermediler” diýdi.

Ilatyň bu saýlawlara aktiw gatnaşmagy üçin agitasiýa alyp barýan agitatorlar hem bar. Saýlawlara aktiw gatnaşmaga çagyrýan çagyryşlar diňe bir şäheriň köçelerinde asylan şygarlar bilen çäklendirilmän, telewideniýe arkaly hem saýlawlaryň ýurduň ilatynyň durmuşynda “wajyp wakadygyny” düşündirýän hem-de saýlawlara aktiw gatnaşmaga çagyrýan wideorolikler hem görkezilýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG