Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

nternet tehnologiýalary boýunça bilermen, “Türkmenistanyň Demokratik Graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow
Dünýäde internet howpsuzlygynyň halkara hepdeliginiň bellenmegi internetiň halkara güni bilen bagly. Şu ýyl bu sene 8-nji fewralda bellener.

Fewral aýynyň ikinji sişenbe güni bellenýän Internet howpsuzlygy senesi 2004-nji ýylda Ýewropa Komissiýasy tarapyndan esaslandyrylypdy.

Internetiň howpsuzlygynyň halkara hepdeligi bilen baglylykda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Internet tehnologiýalary boýunça bilermen, “Türkmenistanyň Demokratik Graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün internetiň ulanylyş derejesi gitdigiçe ýokarlanýar. Internetiň howpsuzlygy meselesine halkara derejesinde üns bermek näderejede ähmiýetli?

Wýaçeslaw Mämmedow: Internete halkara derejesinde maksimal üns berilmeli. Sebäbi häzirki wagtda internet adamzadyň ösüşindäki öňegidişlik bolmak bilen çäklenmän, ýurtlardaky hakyky durmuş barada habar berýän çeşme bolup hem hyzmat edýär.

Häzirki wagtda internetsiz hiç bir döwletiň ösüşini we umuman öňegidişligi göz öňüne getirmek kyn. Şol bir wagtda-da awtoritar döwletlerde häkimiýetler interneti ynsan hukuklaryny goraýjylara we graždan aktiwistlerine gözegçilik etmek üçin gural hökmünde hem ulanmaga çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümeti internetiň ösüşine üns berýänligini resmi taýdan yglan edýär. Internetiň Türkmenistandaky ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz?

Wýaçeslaw Mämedow: Bu ýerde meselä iki tarapdan garamaly. Internetiň ösüşi diýlende türkmen häkimiýetleriniň görýän çäreleri we internetiň dünýä derejesindäki ösüşi arasyndaky tapawuda syn etmeli.

Siwilizlenen ýurduň nukdaýnazaryndan internetiň ösüşi onuň senzurasyz ulanylýangyny aňladýar. Türkmen häkimiýetleri bolsa interneti ösdürmekçidigini yglan edende, ýurtda internetiň ilat üçin elýeterliligini belli bir derejede artdyrýan hem bolsalar, dünýädäki elýeterli maglumat çeşmeleriniň Türkmenistanda hem elýeterli bolmagyny göz öňünde tutmaýarlar. Bu ilkinji nobatda ýurduň içerki ýagdaýy barada habar berýän alternatiw maglumatlara degişli.

Umuman aýdylanda, Türkmenistanda internetiň ösüşiniň häzirki gidişi diňe döwletiň rugsat berýän maglumat resurslarynyň ilat üçin elýeterli bolmagyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen hökümetiniň interneti raýat jemgyýetçiligine gözegçilik etmek üçin ulanýanlygyny aýtdyňyz? Diýmek, internetiň ösüşi türkmen häkimiýetini hem gyzyklandyrýar?

Wýaçeslaw Mämmedow: Internet häkimiýetler üçin graždan jemgyýetçiliginde näme bolup geçýänligini we, umuman, ýurtda erkin pikir edýän näçe adamyň bardygyny anyklamaga mümkinçilikleriň biridir.

Häkimiýetler ösen internet tehnologiýalaryny raýatlaryň internetdäki garaşsyz habar çeşmelerine çykmak boýunça synanyşyklaryny hasaba alyp durýarlar we özüne loýal bolmadyk raýatlar boýunça maglumatlara eýe bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Internetiň ol ýa beýleki ýurtdaky ýagdaýy diňe bir syýasata baglymy? Ýurduň tehnologik mümkinçilikleri internetiň ýagdaýyna täsir ýetirmeýärmi?

Wýaçeslaw Mämmedow: Internet häzirki wagtda güýçli syýasy gural bolup hyzmat edýär. Arap ýurtlaryndaky rewolýusiýalary alyp görsek, internet awtoritar režimlere garşy göreşde jemgyýeti birikdiriji güýç hökmünde ulanyldy. Türkmen häkimiýetleri hem muny gowy bilýärler, şonuň üçin olar interneti tehniki taýdan ösdürmek boýunça käbir ädimleri ätseler-de, täze tehnologiýalary esasan internete gözegçilik etmek üçin ulanýarlar.

Başga bir tarapdan Türkmenistanda ösen tehnologiýalar taýdan hem kynçylyklar bar. Ýurt öz milli kadrlaryny ýetişdirmeýär. Ýurt daşary ýurtly şirketleri çagyrmakda hem kynçylyk çekýäne meňzeýär. Sebäbi türkmen hökümeti bilen işleşýän her bir şirket öz öňünde goýlan şertlere razy bolmaly. Bize mälim bolşuna görä, meselem, Türkmenistanda işlän MTS türkmen hökümetiniň talabyna boýun bolup, oppozision internet saýtlaryny açýan her bir abunasynyň hasabyny ýatyrmak bilen meşgullanypdy. Meniň pikirimçe, abraýly kompaniýalar şeýle talaplara boýun bolmaz, sebäbi biznesde mertebe diýen düşünje hem bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň häzirki şertlerinde internetden maglumat alyşmak üçin nähili peýdalanyp bolýar?

Wýaçeslaw Mämmedow: Abadanda partlamalar bolanda bize gowşan maglumatlar, internet ulanyjylaryň islendik ýagdaýda maglumat ýollamak üçin mümkinçilik tapmaga ukyplydygyny görkezdi. Meniň pikirimçe, öňegidişligi saklap bolmaýar. Häkimiýetleriň interneti çäklendirmek boýunça synanyşyklary öz halkyna garşy soňy bolmadyk göreşe getirer. Sebäbi şu günki gün täze resurslaryň döreýşiniň tizliginde häkimiýetler olary ýapyp ýetişerden ejiz.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2012-1016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň planyny tassyklady. Plan 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda tassyklandy.

Hökümet maslahatynda kabul edilen “2012-2016-njy ýyllar üçin çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň plany” bilen bagly “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň 21-nji we 26-njy ýanwar sanlarynda iki sany baş lukmanyň çykyşy çap edildi.

—Jemgyýetiň ähli gatlaklary tarapyndan goldanan bu karar möhüm umumydöwlet wezipesine öwrüldi. Ol häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş obrazyny, türkmenistanlylaryň sagdyn ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmegi maksat edinýär.

Esasy çäreleriň biri hökmünde öňüni alyş, sagdyn durmuş obrazyny wagyz etmek, rasional iýmitlenmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklere garşy göreş ýaly çäreler agzalýar.

Çilimi goýdurmak üçin, gürrüňi edilýän plan bilen bagly, saglygy saklaýyş edaralary tarapyndan çilimkeşlere anyk teklipler, maslahatlar berilýärmi? Bu soraga Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle jogap berdi: “Hökümet tarapyndan edilýän anyk teklip ýok. Döwlet tarapyndan anyk, aýdyň programma halka hödürlenmedi”.

Türkmenistan geçen ýylyň maý aýynda Bütindünýä saglyk guramasynyň çilimkeşlige garşy göreş boýunça Konwensiýasyna goşuldy. Şondan soň ýurtda temmäki önümleriniň gytçylygy ýüze çykyp, ol çilimiň bahasynyň birnäçe esse galmagyna getirdi. Şol gymmatçylyk hem gytçylyk garaşylýan netijäni berdimi, çilimkeşleriň azalmagyna getirdimi? Kyrk alty ýyl bäri çilim çekýän Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýdi:

—Çilimiň gytalmagy, bir-ä bazarlarda gara söwdanyň ösmegine, bahalaryň uçursyz galmagyna getirdi. Iň erbet ýerem - gelýän çilimleriň hili pes. Göräýmäge, şol öňki alýan çilimlerimiz. Ýöne çilimkeşler şol çilimi çekende, gyzylödegi agzyna gelýär. Häzir Ermenistandan zem Gazagystandan gelýär çilim. Beýleki daşary ýurtlardan gelýän çilimler doly kesildi.

Jemgyýetçilik ýerlerinde – köçelerde, okuw jaýlarynda, naharhanalarda, hat-da öz hususy ulagyňda-da çilim çekmegi gadagan edýän kararlaryň, geçen ýylyň ortalaryndan bäri çilim gytçylygynyň özüne erki ýetýän, çilimi taşlamagy berk ýüregine düwen ýek-tük adamyň ýaramaz endikden salanmagyna sebäp bolandygyny aýdýanlaram bar.

10 ýyldan soň...

Balkanabatly (ozalky Nebitdag) graždan aktiwisti Gurbandurdy Durdygulyýew çilime gadaganlyk girizileni bäri 10 ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, türkmen jemgyýetiniň bu ýaramaz endikden saplanyp bilmändigini, gadaganlygyň garaşylýan netijäni bermeýändigini aýdýar:

—Şu wagt çilimi-nasy gadagan etseň, adamlaryň ony alaga-da hemmesi taşlap bilenok. Ozal Gorbaçýowyň arak goýdurmaly diýenini görüp geçdik nähili bolýanyny, netijesini. Mejbur edip, goýduryp bolmaýar. Gaýtalaýaryn, Gorbaçýow aragy goýdurmaly diýende, adamlar troýnoý odekalon içip gezdiler. Halky gorkuzyp, hiç wagt hiç zady goýduryp brolmaýar.

Çilime gadanglyk, çilimkeşlige garşy göreş programmasy netijesinde döwlet dükanlarynda çilim söwdasy ýatyrylypdyr. Amanmyrat Bugaýew munuň söwdagärleriň täze-täze hokgalar tapmagyna getirendigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýurduň gündogar welaýatlarynda öndürilen pes hilli temmäkini gizlin satmak barha ýaýbaňlanýar. (Temmäki ekmek hem Türkmenistanda gadagan). Bu hakda Gurbandurdy Durdykulyýew şeýle diýdi:

—Haýsy bir zady gadagan etseň, gapdalyndan hökmany ol tapylýar, ol tapylmasa bu tapylýar. Keýp diýýäniň hemmeleriň bir barada taşlap bilýän zady däl. Ol başartmaýar. Ol hiç kime, hiç haçan başardan zadam däl. Ol soňundan teleke zada alyp barýar.

Amanmyrat Bugaýew çilimi goýmak isleýänlere döwlet tarapyndan dünýä tejribesi esasynda maslahatdyr anyk teklipleriň edilmelidigini aýdýar:

—Çilimi goýdurýan merkezler, ýene gaýrylar açylsa, elbetde, çilimi goýjaklar köpeler. Häzir eýýäm hususy dükanlarda: “Şu sakgyjy çeýneseň, çilimi goýup bolýar, şu dermany atsaň, çilimi goýup bolýar” diýip, gelip çykyşy juda nämälim zatlaryň söwdasy ýüze çykyp ugrady. Şolam entek çilimiň garşysyna taýynlyksyz göreşiň alnyp barylýandygyna güwä geçýär. Islendik gadaganlyk özi bilen birgiden problemany getirýär, çilime girizilen gadaganlygam şeýle bolar.

1998-nji ýylda Türkmenistanda temmäki önümleriniň reklamasy gadagan edildi. Bir ýyldan soň okuw jaýlary çilimden azat zolak diýlip yglan edildi. 2000-nji ýylda prezident “Jemgyýetçilik ýerlerinde, ähli edara-kärhanalarda, köçelerde çilim çekmegi gadagan edýän karara” gol çekdi. Saparmyrat Nyýazow 2002-nji ýylda maşynyň rulunda çilim çekmegi-de gadagan edipdi.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG