Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Çalşyrylýan ýa eýýäm çalşyrylan ýaşyl matanyň ýüzüne “2012-nji ýylyň 12-nji fewraly Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlar günidir!” diýlip ýazylyp, ähli halk görer ýaly köçeleriň ugrunda asylyp goýlupdy.
Häzir Türkmenistanda dowam edýän saýlawlar kampaniýasy bilen bagly Aşgabadyň köçelerinde asylyp goýlan çagyryş-şygarlaryň biri soňky döwürde gyssagly çalşyrylyp başlandy. Çalşyrylýan ýa eýýäm çalşyrylan ýaşyl matanyň ýüzüne “2012-nji ýylyň 12-nji fewraly Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlar günidir!” diýlip ýazylyp, ähli halk görer ýaly köçeleriň ugrunda asylyp goýlupdy.

Häzir öňkiniň ornunda onuň düzedilen “2012-nji ýylyň 12-nji fewraly Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlar günüdir!” diýen görnüşi peýda boldy. Bu çalşyrma işi orfografik ýalňyşlyk goýberilip, ikinji bogunda dodaklandyryp ýazmak kadasy bozulyp ýazylan şygaryň suraty Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň saýtynda 29-njy ýanwarda çap edilenden soň başlandy.

Häzir öňkiniň ornunda onuň düzedilen “2012-nji ýylyň 12-nji fewraly Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlar günüdir!” diýen görnüşi peýda boldy.
Häzir öňkiniň ornunda onuň düzedilen “2012-nji ýylyň 12-nji fewraly Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlar günüdir!” diýen görnüşi peýda boldy.


Häzir döwlet derejesinde dowam edýän möhüm syýasy çärä - saýlawlar kampaniýasyna bagyşlanan şygarda şol säwligiň haýsy edara ýa kimler tarapyndan goýberilendigi barasynda anyk maglumat ýok. Emma bu ýokary derejede goýberilen ilkinji grammatiki ýalňyşlyk ýa säwlik däl.

Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň düzýän sözlemlerem özüniň aşa uzynlygy, köp sözlüligi, pikiriň pytraňňylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, prezidentiň gatnaşan çäreleri ýa regionlara sapary baradaky teswirlemelerde käbir sözlemler 60-70 sözden ybarat. Synçylar, şeýle sözlemleri ahyryna çenli okaýançaň, başynyň ýatdan çykýandygyny belleýärler. Täze bir mysal: Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary barada TDH gullugynyň 1-nji fewraldaky teswirlemesinde 18-nji abzasdaky sözlem 94 sözden ybarat. Ine, ol jümle:

“Выразив огромную признательность Президенту Гурбангулы Бердымухамедову за деятельное внимание к труженикам села, создание необходимых условий и регулярное повышение заработной платы, а также за недавно принятый «Семейный кодекс», за выдаваемые денежные пособия матери на ребенка, предоставляемый отпуск по уходу за ребенком до трехлетнего возраста, льготы молодоженам для приобретения первоочередных вещей для дома, и в целом за заботу о создании благоприятных условий для работающих в различных отраслях народного хозяйства женщин, вносящих своим самоотверженным трудом достойный вклад в достижение высоких рубежей эпохи великих преобразований, работницы высказали свое намерение отдать на предстоящих выборах свои голоса за кандидатуру лидера нации”.

Ýeri gelende bellesek, şol teswirlemäniň türkmençesi häzir ýok, adatça, ol birki günden soň peýda bolýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda-da şeýle uzyn sözlemlere duş gelmek mümkin. Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 25-nji oktýabryndaky çykyşyndan bir bölek:

“Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik, ýagşylyk etmek ýörelgelerini goldanyp, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramakda umumylykda ykrar edilen halkara kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp hem-de adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, dürli sebäplere görä, ykbalyň emri bilen raýatlygy ýitiren we raýatlygy bolmadyk bir müň ýedi ýüzden gowrak adamy Türkmenistanyň, ine, raýatyny kabul etmek hakyndaky permana hem gol çekýärin”.

Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň çykyşlarynda sözlemde sözlem agzalarynyň ylalaşygy, orny, ýöňkeme, düşüm, san goşulmalary bilen bagly düzgünler hemişe saklanyp durmaýar. Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 15-nji dekabrynda “Galkynyş” hereketiniň ahyrky ýygnagynda eden çykyşyndan bir mysal:

"Türkmenistanyň prezidentiň ýokary wezipesine meni hödürlän we meniň bu saýlawlara gatnaşmagymy teklip eden partiýa we jemgyýetçilik guramalaryň ählisine men tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin".

Gürrüňi edilýän säwliklere S.Nyýazowyň “Üç apat” goşgusynda-da duş gelmek bolýar:

“Döwlet galkyp, daş ýaranda bagtyňyz,
Süleýman deý ýel çekende tagtyňyz,
Berkarar çagtyňyz bolup habardar,
Aly kändir, haýyn kändir,
(A:ly görnüşinde okalmaly)
Ýoly kändir haýy:nyň, (Bolmalysy – haýynyň)
Çar tarapdan rysgal-döwlet gelýändir,
Hem-de çar tarapda howp-hatar bar.
Bu bir agyp-dönüp duran dünýedir,
Gerdiş-gerdany kän çarhy-pelegiň.


Türkmenistanda türkmen diline Garaşsyzlykdan öň, 1991-nji ýylyň maý aýynda döwlet dili statusy berildi. Ondan bäri 21 ýyl töweregi wagt geçdi. Döwlet baştutanynyň çykyşlarynda, habar serişdeleriniň çap edýän materiallarynda, görkezme agitasiýasynda şeýle ýalňyşlaryňdyr säwlikleriň gaýtalanyp durmagynyň sebäbi nämede? Bu hadysanyň öňüni nädip almaly? Bu barada ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýýär:

—Söze, umuman, türkmen diline gadyr-gymmat goýýan ýazyjylar, žurnalistler, dil bilimine saldamly goşant goşan adamlaryň köpüsi işden gyrakladyldy, olaryň yzyndan gelýän nesil şol alymlaryň mekdebe öwrülen däplerini dowam etdirip bilmeýärler. Diliň bar bolan problemalaryny öwrenmeli, bar bolan kemçilikleri ýaşyrmaly däl-de, eýsem şol kemçilikleri aradan aýyrmak üçin birgiden ylmy barlaglar geçirilmeli, praktiki işler edilmeli.

Etraplaryň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, paýtagtyň töweregindäki etraplarda hem beýleki welaýatlarda orfografik ýalňyşly şygar köçeleriň ugrunda, adamlaryň köplük bolup üýşýän ýerlerinde häzirem asylgy dur.
Türkmenistanda 2-nji fewralda saýlawlar gününden öňki ses berişlik başlandy. Bu çäre prezident saýlawlary boýunça resmi saýlaw güni bolan 12-nji fewralda ses berip bilmejek saýlawçylar üçin geçirilýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň gözegçileri Türkmenistandaky saýlawlara syn edýän ýeke-täk halkara synçylar toparydyr. 25-nji ýanwarda Aşgabatda GDA-nyň saýlawlara syn etmek boýunça gözegçiler missiýasynyň ştaby hem döredildi.

GDA guramasy Türkmenistandaky saýlaw kampaniýasynyň gidişine nähili garaýar? Azatlyk Radiosy GDA-nyň Türkmenistandaky gözegçiler missiýasynyň başlygy Ýewgeniý Sloboda bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi Gözel Hudaýberdiýew geçirdi.

Azatlyk Radiosy: GDA guramasynyň gözegçileriniň wezipesi nämeden ybarat we olar Türkmenistanda häzir nähili işleri alyp barýarlar?

GDA-nyň Türkmenistandaky gözegçiler missiýasynyň başlygy Ýewgeniý Sloboda
GDA-nyň Türkmenistandaky gözegçiler missiýasynyň başlygy Ýewgeniý Sloboda
Ýewgeniý Sloboda: Türkmenistanyň çakylygy boýunça ýurda gelen GDA-nyň gözegçiler missiýasy prezident saýlawlary boýunça kampaniýanyň gidişine 25-nji ýanwardan bäri syn edip gelýärler. Missiýamyzyň düzüminde 62 gözegçi akkreditasiýa edildi. Biziň aramyzda GDA-nyň Moldowadan we Türkmenistandan başga ähli agza döwletleriniň wekilleri bar. Missiýamyzyň maksady azat we demokratik saýlawlaryň geçirilmegine ýardam bermekden ybarat.

Häzirki wagtda gözegçilerimiz uçastoklardaky saýlaw komissiýalarynyň işine syn edýärler. Biz ses berijileriň sanawlaryny takyklamak boýunça barlaglaryň geçirilişini hem gördük. Agitasiýa işleriniň gidişine syn edýäris. Prezidentlige dalaşgärleriň ynanylan wekilleri bilen duşuşýarys. Şeýle-de GDA-nyň gözegçileriniň Türkmenistanyň regionlarynda saýlawlardan öň we saýlaw güni alyp barjak işlerini kesgitleýäris.

Azatlyk Radiosy: Saýlawlara görülýän taýýarlyklara siz nähili baha berýärsiňiz?

Ýewgeniý Sloboda: Men, umuman, biziň gören uçastoklarymyzyň saýlawlaryň geçirilmegi üçin tehniki taýdan taýýardygyny aýdyp biljek.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentiniň wezipesine dalaş edýänleriň arasyndaky bäsdeşlige nähili baha berýärsiňiz?

Ýewgeniý Sloboda: Şu günki gün ähli dalaşgärler üçin olaryň agitasion kampaniýasyny geçirmeklerine deň şertler döredildi.

Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý Aleksandrowiç, siz saýlawlaryň gidişine GDA tarapyndan 62 gözegçiniň syn etjegini aýtdyňyz. Türkmenistanda saýlaw uçastoklarynyň sany bolsa 2,300-den gowrak. Şeýle ýagdaýda GDA-nyň gözegçileri saýlawlaryň geçirilişine syn etmäge näderejede ukyply bolarlar?

Ýewgeniý Sloboda: Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna barmak planlarymyz bar. Biz saýlaw uçastoklaryny gözden geçirmekçi. Elbetde, biz ähli salaw uçastoklaryna baryp bilmeris, emma biz mümkin boldugyndan köpüsini görjek bolarys. Olaryň näçesine baryp biljegimizi men edil häzir aýtmaga taýýar däl. Bu 500-600 uçastok töwereginde bolup biler. Emma ähli welaýatlara baryp görenimizden soň, bizde saýlawlaryň tutuş Türkmenistan boýunça geçirilişi barada umumy garaýyş dörär we şeýdip, netijä gelner.

Azatlyk Radiosy: GDA-nyň gözegçileriniň çykaran netijeleri haçan yglan ediler?

Ýewgeniý Sloboda: Netijeler 13-nji fewralda boljak metbugat konferensiýasynda yglan ediler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary 12-nji fewralda ýurduň daşynda hem geçiriler. Resmi maglumatlara görä, daşary ýurtlarda 29 sany saýlaw uçastogy işlär. Ol ýerde saýlawlaryň geçirilişine nähili gözegçilik ediler?

Ýewgeniý Sloboda: Biz saýlawlaryň giçirilişine daşary ýurtlarda däl, diňe Türkmenistanyň öz içinde syn ederis.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG