Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistandaky bazarlaryň biri
Türkmenistandan gowuşýan maglumatlarda, türkmen-özbek serhedindäki gözegçiligiň güýçlenmegi, wiza ýeňillikleriniň aýrylmagy netijesinde serhetýaka regionlaryndaky bazarlarda gök-önümleriň, azyk harytlaryň bahalarynyň birdenkä galandygy aýdylýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň berjek gürrüňlerini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:19 0:00
Ýükle
Türkmenistanyň uçary
Türkiýede köp sanly türkmenistanly zähmet migrantlarynyň bardygy aýdylýar. Olaryň aglabasynyň hem bikanun ýagdaýda işleýändigi bellenilip geçilýär.

Türkiýede zähmet çekýän şol türkmenistanlylaryň berýän gürrüňlerinden çen tutulsa, onda haçanda olar bir kynçylyga uçran mahallary Türkmenistanyň ilçihanasyna ýa-da konsullygyna ýüz tutmakdan çekinýärler.

Şeýle ildeşlerimiziň biri hem Türkiýede bikanun zähmet migranty hökmünde ýaşap ýören Merjen. Ol rak hassalygyna duçar bolandygyny, indi hem hökmany ýagdaýda yzyna – Türkmenistana dolanmalydygyny aýdýar. Emma ol pasportyny ýitirendigi sebäpli, ýurduna dolanyp bilmeýändigini, Türkmenistanyň konsullygynyň hem ýeterlik hemaýaty bermeýändigini aýdýar.

Merjen bilen söhbetdeşligi Türkiýedäki habarçymyz Döwlet Baýhan geçirdi.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:17 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG