Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgäri.
Türkmenistanda prezidentiň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen diýilýän howpsuzlyk çäreleri ýurduň öňki baştutany Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlapdy. Bu çäräni şu wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem dowam etdirýär.

Bu ýagdaýa esasanam paýtagt Aşgabatda ýaşaýan raýatlar şaýat bolýarlar. Eýsem, prezidentiň gatnawy, onuň il arasyna çykmagy bilen görülýän howpsuzlyk çäreleri aşgabatlylara nähili täsirini ýetirýär?

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, aşgabatly sýyasy aktiwist Nurberdi Nurmämet bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Lebap, Kerkiçiden bir görnüş
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmenabatda täze "Bagt köşgüniň" açylyş dabarasyna gatnaşanda, "ýaşlaryň geljegi baradaky aladanyň döwletiň baş maksadydygyny" aýtdy.

Emma türkmenistanly ýaş çatynjalaryň bir topary jaýsyz kösenýär. Olaryň käbiri "munuň ýaly gymmatbaha köşklere pul harçlandan, ýaşlara iki otagly jaý salyp berseler, şonda biz üçin has gowy bolardy" diýýär.

Şol bir wagtda Türkmenistanda ýaşlara karz pul, ýeňillikli kredit bermek boýunça ýörite programmlaryň hem işleýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu kreditleriň elýeterliligi barada Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew bilen söhbetdeş boldy.

Söhbeti diňläp, şu mesele barada öz pikirleriňizi ýazsaňyz, hoşal bolarys.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG