Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşagatdaky ýaşaýyş jaýlaryň we edara-kärhanalaryň käbirleri
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow düýn, ýagny 24-nji dekabrda birnäçe kanunlar bilen bir hatarda “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” hanuna gol çekdi.

Bu kanunyň taslamasy barada Türkmenistanyň Mejlisiniň 18-nji dekabrda geçiren ýygnagynda mälim edilipdi.

Azatlyk Radiosy güýje girjek bu kanynyň prosesleri, düzgünleri we ähmiýeti bilen gyzyklanyp, aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmet bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Resmi çäreden gelýän ýaş gyzlar
Ýakynda paýtagt Aşgabadyň “Älem” medeni dynç alyş merkezinde ýüzlerçe mekdep okuwçysynyň hem gatnaşmagynda Täze Ýyl arçasynyň yşyklandyrmak dabarasy bolup geçdi.

Türkmen telewideniýesinde şol mekdep okuwçylaryň howanyň sowukdygyna garamazdan, arçanyň daş-töwereginde şadyýan aýdym aýdyp, tans edýändigi görkezildi.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda şeýle dabaralara mekdep okuwçylarynyň howanyň sowuk ýa-da yssydygyna garamazdan mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylýandygy aýdylýar.

Ahal welaýatynyň mekdep okuwçylardan Aýna köpçülikleýin çärelerden ýadandygyny, başarsa şeýle çärelerden galmaga synanyşýandygyny aýdýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG