Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Aşgabadyň bazarlarynyň biri
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni geçiren hökümet maslahatynda Täze Ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda bazarlardaky harytlaryň nyrhlaryny kontrollykda saklamaklyga berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Eýsem, bu tabşyrygyň ýerine ýetirilýändigi bazarlarda göze ilýärmi?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açilowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Aşgabadyň "Garaşsyzlyk" şaýolunyň ugry
Garaşsyzlyk döwründe Aşgabatda ”protokol” diýlip atlandyrylýan köçeler we şol köçeler sebäpli günüň belli wagtlarynda adamlaryň bu ýollardan ýöremegine, ulag gatnawynyň tertip-düzgünine täsir ýetirýän ýagdaý peýda boldy.

Bu ýagdaý, prezidenti maşyn kerweni geçende, şol köçäniň maşynlardan, hatda janly jandardan arassalanmagy, köçäniň töwereginde ýaşaýan adamlaryň durmuşynyň aşa çäklendirilmegi bilen bagly.

Eýsem, Aşgabatdaky “protokol” köçeleri beýleki köçelerden nähili tapawutlanýar? We bu ýagdaý şol köçäniň töwereginde ýaşaýan ýaşaýjylara nähili täsirini ýetirýär?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, Aşgabadyň “protokol” köçeleriniň biriniň ugrunda ýaşaýan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG