Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Soçi şäherindäki täjik zähmet migrantlary
Birinji maý zähmetkeşleriň halkara güni hökmünde bellenilýär. Eýsem daşary ýurtlarda zähmet çekip ýören türkmenistanly zähmetkeşler bu güni nähili belleýärler? Olaryň durmuş ýagdaýlary, isleg arzuwlary nämelerden ybarat?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, iki ýyldan bäri maşgalasyndan uzakda, Türkiýede zähmet migranty hökmünde işläp ýören türkmenistanly Rozybaý bilen söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Gurbanguly Berdimuhamedow atyň üstünde
28-nji aprelde Bedew baýramçylygy bilen bagly Aşgabatda geçirilen at çapyşlygyň dowamynda prezident Berdimuhamedowyň atdan ýykylandygy baradaky maglumat halkara habar serişdeleriniň üns merkezine düşdi.

Emma bu habar barada türkmen mediasynda kelam agyz söz edilmedi. Munuň sebäbi näme, şeýle-de türkmenistanlylaryň bu habary halkara metbugatyndan öwrenmegi halk arasynda nähili reaksiýa döretdi?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG