Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Prezident G.Berdimuhamedow hökümet maslahatynda, Aşgabat
17-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda seredilen temalaryň biri tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak meselesi boldy. Prezident G.Berdimuhamedow bu ugurdan amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetini habar beriş serişdeleri arkaly ilata ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Tebigy gazdan tygşytly peýdalanmak temasyndan telewideniýede görkezmek üçin gepleşikleriň we metbugatda çap etmek üçin makalalaryň taýýarlanmagy barada wise-premýerler B.Hojamuhammedowa we B.Nurmyradowa tabşyrylandygy barada resmi maglumatlarda aýdyldy.

Gazy tygşytly ulanmak

Türkmenistanyň prezidenti gazyň harçlanmagyny hasaba alýan gurallaryň tebigy gazy tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini, şol bir wagtda-da gazyň kesgitlenen derejeden köp harçlanmagynyň ilat üçin, her bir maşgala üçin kynçylyk döretmejegini adamlara düşündirmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de G.Berdimuhamedow döwletiň ilaty “sosial taýdan goldamak syýasatyny mydama dowam etdirjegini” aýtdy.

Şeýle-de hökümet maslahatynda Türkmenistanyň uglewodorod resurslaryndan netijeli ulanylmagyna energiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň hem ýardam berip biljekdigi aýdyldy.

“MasterCard” hem “Visa”

Anna günki hökümet maslahatynda Türkmenistanyň bank sistemasynda amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Hökümet baştutanynyň orunbasary A.Goçyýew şu günki gün Türkmenistanda “Visa” halkara töleg sistemasynyň hyzmatyndan Daşary ykdysady işler boýunça döwlet bankynyň 7000-den gowrak müşderisiniň peýdalanýandygy barada habar berdi. Goçyýewiň sözlerine görä, bu sistema ýurtda 1994-nji ýyldan bäri işleýän eken. Agzalan bankyň indi “MasterCard” sistemasyny ornaşdyrmagy üçin onuň “MasterCard” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmagyna prezident G.Berdimuhamedow tarapyndan resmi rugsat berildi.

Türkmenistanyň prezidenti “MasterCard” halkara hasaplaşyk sistemasynyň ornaşdyrylmagynyň, hususan-da, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek we olary geçirmek üçin milli banklaryň tejribe toplamagyna ýardam berjegini aýtdy. Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw planyna halkara töleg sistemasyny çüňňur öwrenmek boýunça sapagy girizmegiň zerurdygyny hem belledi.

Sport we medeniýet

Hökümet maslahatynda köpçülikleýin bedenterbiýe çärelerine hem üns berilip, saglyk hem bagtyýarlyk hepdeliginiň formatyny giňeltmek kararyna gelindi.

Prezidentiň gol çeken permanyna laýyklykda, şu sapar “sporty we ilatyň saglygyny berkitmek” boýunça çäreler 1-30-njy aprel aralygynda bir aýyň dowamynda tutuş ýurt boýunça geçiriler. Resmi maglumatlara görä, bu çäreleriň ýerine ýetirilmegine Sport we syýahatçylyk boýunça döwlet komiteti, Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministrligi, Bilim we Medeniýet ministrlikleri we ýene ençeme döwlet edaralary, şol sanda häkimlikler hem jemgyýetçilik guramalary gatnaşarlar.

Berdimuhamedow bu çäreler “adamyň fiziki we ruhy taýdan ählitaraplaýyn güýçlenmegine, saglygy berkitmek üçin öňyn şertleriň döredilmegine, adamlaryň zähmet aktiwligine we uzak ýaşamagyna gönükdirilýär”, diýip belledi.

Türkmenistanyň hökümetiniň anna güni geçiren maslahatynda ýurtda medeniýet we habar beriş serişdelerine degişli edaralaryň işlerini aktiwleşdirmek we muňa mazmundyr-döredijilik taýdan düýpli many bermek üçin yzygiderli çäreleri amala aşyrmak tabşyrygy hem öňe sürüldi.
Migrant işçiler, Aşgabat
Paýtagtyň Çoganly posýologynyň daçalary eýýäm birnäçe aý bäri özboluşly gabawda. Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda paýtagtda pedofillik jenaýaty bilen bagly waka ýüze çykanda, daça eýelerine bu ýerde mekan tutan welaýatlylary üç günüň dowamynda öýden çykarmaly diýlen duýduryş berlipdi.

Şol döwürde-de Aşgabat-Daşoguz awtotrassasyndan bu daçalyga tarap barýan birnäçe köçeler gazylyp, olaryň öňi beklenipdi.

Şondan bäri bu daçalara diňe bir köçeden baryp bolýar. 12 kilometr diýlip atlandyrylýan menzildäki köçäniň daça melleklerine sowulýan ýerinde ýörite polisiýa gözegçilik posty we şlagbaum goýlupdyr.

Dokument barlagy

Bu ýere gatnaýan adamlaryň aýtmaklaryna görä, käwagt bu şlagbaumdan diňe öz daça mellegiň barlygy hakynda ýörite dokumentiňi görkezip, diňe şondan soň geçip bolýar.

“Bu hili ýagdaý köplenç halatda bir jenaýatçy gözlenende bolýar. Paýtagtda bir jenaýat bolsa, [onda], esasan, şu ýerlerden jenaýatçylar gözlenýär” diýip, Çoganly daçasynda daça ýer bölegi bolan ildeşimiz Geldi aga gürrüň berýär.

Çoganlynyň özünde hem häli-şindi dürli jenaýatçylyklaryň bolýandygyny hukukgoraýjy organlaryň käbir işgärleri gürrüň berýärler. Hukukgoraýjylardan efirde öz adynyň tutulmagyny islemedik bir işgär bu ýerde ölüm-ýitimli hadysalaryň-da az bolmaýandygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Çoganly daçalaryna barýan ýollaryň häzirki wagtda awtoulaglar üçin beklenmegi hem şolar ýaly jenaýatçylyklaryň öňüni almak üçin görülýän çäreleriň biri. Şeýle-de bu daçalara gözegçilik edýän polisisýa işgärleriniň hem sany artdyrylypdyr.

Edil Çoganly daçalaryndaky ýaly, paýtagtyň Şor posýologynyň golaýyndaky, il içinde Şor daçalary diýip atlandyrylýan raýonynda-da, berk çäreler görüldi. Bu raýona barýan köçeler beklenmese-de, geçen ýylyň 19-njy noýabrynda, posýolokda hasaba alynmadyk, ýazgy edilmedik welaýatdan gelen ýaşaýjylaryň hemmesiniň daça ýer böleklerinden üç günde çykarylmalydygy barada duýduryş berlipdi.

Şonda paýtagtdan çykylýan ýollar hem beklenip, tussag ýerinden gaçan jenaýatçy gözlendi. Jenaýatçy şol gün tutuldy we Şor daçalarynyň ýaşaýjylaryna ýaňky duýduryş berildi. Bu jenaýatçylygyň şol ýer bilen baglanşygynyň bardygy aýdyldy.

Şeýle-de geçen ýylyň oktýabr aýynda paýtagtyň Jennet bazarynyň töwereginde hem-de Berzeňňi raýonyndaky hususy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan welaýatlylaryň käbirleri kireýine ýaşaýan jaýlaryndan kowlupdylar. Olaryň käbirleriniň ýazgy boýunça öz ýaşaýan ýerlerine ugradylandygy aýdylýar.

Jenaýaçylygyň öňüni almak boýunça häkimiýetleriň alyp barýan bu işleriniň ählisi garaşsyzlyk döwründe welaýatlardan paýtagta işlemäge gelýän, emma paýtagtda we onuň töwereginde ýazgysy bolmadyk adamlaryň garşysyna girizilen çäreler.

Welaýatlardan gelen işçileriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu hili çäreler aram-aram gaýtalanyp durýan ýagdaý.

Welaýatlardan gelýänleriň kynçylygy

Şor obaçylygyndaky bir daçanyň ýaşaýjysy Osman bu barada şeýle diýýär: “Adatça, baýramçylyklaryň öň ýanynda ýazgysyz ýaşaýanlary saklap, sorag edýärdiler, käbirlerini bolsa ýazgy boýunça ýaşaýan ýerlerine ugradýardylar. Ýöne geçen ýyl şeýle çäreler has köp geçirildi”.

Daçalarda ýaşaýan ýazgysyz adamlaryň paýtagtdan kowulmaklarynyň sebäbini olaryň özleri häkimiýetleriň eden-etdiligi diýip düşündirýän bolsalar, bu daçalaryň hem-de olaryň golaýyndaky posýoloklaryň ýaşaýjylary şol daçalarda ýaşaýan, emma resmi ýazgysy ýok adamlaryň arasynda dürli jenaýatçylygyň köpelýändigi bilen düşündirýärler.

“Bu daçalar Aşgabadyň kriminal ýerleriniň biri. Kontrol pes bolansoň, bärde her hili adamlar ýaşaýar” diýip, Şor obasynyň ýaşaýjysy, 42 ýaşly Aman gürrüň berýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG