Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Turkmenistan -- Business exhibition of products made in Turkmenistan. Ashgabat, 18Mar2012.
Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlardaky talabyny öwrenmek üçin iş geçirilmelidigi barada karara gelindi.

Türkmen harytlaryna beýleki ýurtlarda nähili talap bar? Bu barada bir zat aýtmak kyn, emma goňşy Owganystan barada aýdylanda, türkmen önümleriniň, esasanam kökedir-süýjilerine talabyň ýokarydygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystanyň paýtagtynda ýerleşýän käbir dükançylar bilen söhbetdeş boldy.

Türkmen halylary
Türkmenistan ýurtda sarp edilýän önümleriň aglabasyny daşary ýurtlardan getirýär. Bu ýagdaýy indi, türkmenleriň taryhy we medeni taýdan milli baýlygy diýilip hasaplanýan haly pudagyna hem degişli.

Owganistanyň paýtagty Kabuldaky habarçymyz Şamerdanguly Myrady uly göwrümde bolmasa hem kiçi biznes bilen meşgullanýan türkmenistanly telekeçileriň Kabuldan Türkmenistana haly äkidýändigini we onuň bolaýmagy mümkin sebäpleri hakda gürrüň berýär.

Bu söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG