Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Suw çeşmesi, Lebap welaýatynyň Birata etraby, Türkmenistan, 28-nji ýanwar, 2014
Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň ýaşaýjylary özleriniň we töweregindäki adamlaryň köpüsiniň böwrek kesellerinden ejir çekýändiklerini gürrüň berdiler. Olar öz saglygynda kemçilikleriň döremeginiň sebäplerini suwdan görýärler.

Birata etrabynyň ýaşaýjylarynyň öz saglygyny bejertmek üçin bar bolan mümkinçilikleri we agyz suw çeşmeleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Umyt Jumaýew habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Röwşen Çaryýew
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Rowşen Çaryýew, bazar güni howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanylyp, iki sagat töweregi dowam eden sorag-jogapdan soň boşadyldy. Bu waka habarçynyň Marynyň wokzalynda bilet kassalarynyň öňünde dörän uzyn nobatlar barada wideo ýazgy taýýarlaýan pursadyna gabat gelipdir.

Rowşen, howpsuzlyk güýçleriniň agzalarynyň özi bilen gaty sypaýçylykly gepleşendigini mälim edip, beýle wakalara garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçysy hökmünde iliň derdini ile ýetirmäge dowam etdirjekdigini aýtdy. Rowşen bilen geçirlen söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.




Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG