Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Adalat heýkeli, Aşgabat
Türkmenistanyň welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň ýanynda raýatlaryň arz-şikaýatlaryna garaýan ýörite işçi toparlaryň döredilendigi barada habar berildi.

Hususan-da Lebapda döredilen bu täze toparlar we olaryň öňünde goýlan wezipeler barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Osman Hallyýew gürrüň berýär.
Döwlet edarasynda goýlan gapyrjak
Türkmenistanda raýatlaryň şikaýat etmekleri üçin hökümet tarapyndan ozalky ýyllarda käbir mümkinçilikler döredilipdi. Dürli ýyllarda prezidentiň poçtasy, diýilip atlandyrylýan gulluk we prezidentiň ýanynda raýatlaryň şikaýatlaryna garamak boýunça komissiýa ýaly edaralar döredilipdi.

Ozalky tejribeler we olaryň beren netijeleri barada türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berýär.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG