Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow, 2012.
16-njy fewralda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ikinji sapar prezidentlik möhletine girişmeginiň ikinji ýyl donümi boldy.

Berdimuhamedow prezident hökmünde eden kasamynda raýatlaryň hukuklaryny hormatlamagy we goramagy wada beripdi. Prezident öz kasamyny näderejede ýerine ýetirdi?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikirini sorady.
Gözenegiň içi
2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, şol wagtky prezident Saparmyrat Niýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşykda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň ykbaly hakda häzirki döwürde daşary ýurtlarda ýörite kampaniýa alnyp barylýar.

Şeýle ýygnaklardan biri 14-nji fewralda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Wenadaky edarasynda boldy. Şol ýygnakda esasanam boldy diýilýän şol wakada tussag edilensoň, ykbaly näbelli bolan adamlar göz öňünde tutulyp, “olary diri görkeziň” diýen çagyryş bilen çykyş edilýär.

Takyk sany belli däl, emma käbir tanymal sýyasy şahsyýetleri we olaryň ýakyn garyndaşlaryny öz içine alýan käbir tussaglaryň ykbaly bolsa indi 13 ýyldan bäri näbelli bolmaklygyna galýar. Şu günki programmamyzda bu ýagdaýyň olaryň çagalaryna ýetiren täsiri hakda gürrüň etmekçi.

Myhmanymyz, ençeme garyndaşy tussaglykda bolan, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary Yklymow Sapar.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG