Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Farid Tuhbatullin
Şu gün halkara Ene dili güni. Bu günde dänýäde ýitmek howpy abanan dillere ünsi çekmek adaty bar.

Eýsem Türkmenistndaky milli azlyklaryň dilleri nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar?

Biz bu soragy Wenada ýaşaýan türkmenistanly hukuk goraýjy Farid Tuhbatulline berdik.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda tatarlar hem milli azlyk bolup durýar, olaryň bu ýurtda öz ene dilini saklamak mümkinçiligi nähili?

Farid Tuhbatullin: Dogrudanam, tatarlar Türkmenistanda köp ýyllar bäri milli azlyk bolup ýaşaýar. Emma olar ruslar, koreýler ýaly bilelikde, bir ýerde kowçum bolup ýaşamaýarlar. Şu sebäpden olary haýsam bolsa bir diaspora diýip atlandyryp bolmaýar.

Megerem şundan, söwet döwründe, hususan-da häzir Türkmenistanda tatar mekdepleri barada gürrüň edip bolmaýar, sebäbi olar ýok. Mysal üçin meniň özüm, meniň tatar milletinden bolan deň-duşlarym tatar dilini öz ene-atalaryndan, garry mamalaryndan, babalaryndan, garyndaşlaryndan öwrendiler. Biz nähilem bolsa öz dilimizi we medeniýetimizi saklamagy başardyk.

Emma bilelikde, bir ýerde kowçum bolup ýaşaýan milli azlyklaryň ýagdaýy başgaça. Mysal üçin, ýurduň günortasyndaky buluçlar, günbatardaky azeriler, demirgazykdaky özbekler üçin döwlet sowet döwründe mekdepleri, nähilidir bir medeniýet merkezlerini döretdi we saklady.

Bu ykdysady nukdaý nazardan hem düşnüklidi. Ikinji tarapdan, mysal üçin koreýler öz medeniýetlerini, dillerini öwrenmek we saklamak üçin jemgyýetçilik guramasyny döretmäge synandylar.

Emma türkmen häkimiýetleri bu hili milli ideýalara, oňyn iş ediljek bolnanda hem, şübheli garaýar. Onsoň häzir ol ýerde milli azlyklaryň öz medeniýet merkezlerini açmak mümkinçiligi çäkli, men mekdepler, gazet-žurnallar barada aýdyp hem oturmaýyn.

Azatlyk Radiosy: Onda Türkmenistanda tatar ýaşlary öz ene dillerini maşgalada, ene-atalaryndan öwrenmeseler, başga çykalga ýok-da?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, bu hakykatdan hem şeýle. Häzirki nesliň köpüsi men hatda heniz Türkmenistanda ýaşaýarkam hem öz dillerinde gürlemeýärdiler. Ýa rusça, ýa türkmençe gürleýärdiler, sebäbi garaşyk nika kändi, ýa kakasy türkmen, ejesi tatar, ýa-da tersine. Bu hili çagalar özboluşlylyklaryny ýitirýärler.

Emma Tatarystandaky ýa Başgyrdystandaky garyndaşlarynyň ýanyna gidip bilen tatar çagalary mekdebe gidip, tatar dilini öwrenip, bolmanda oňa düşünip bilýärler.

Ýöne olar Türkmenistanda öz dillerini ýitirýärler. Men uly adamlary hem bilýän, olaryň köpüsi Türkmenistanda hiç bir geljek görmeýär we aglabasy ol ýerden çykyp gitdi.

"Merkeriň" ýaşaýyşyň hili boýunça hasabaty
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäde ýaşaýyş üçin iň pes hilli şäherleriň hatarynda agzalýar. ABŞ-nyň “Merker” guramasynyň 2014-nji ýyl boýunça çap eden hasabatynda Türkmenistana Aziýa regionynyň çäginde garalýar. Aşgabat hasabat boýunça 206-njy ýerde, region boýunça bolsa ýaşaýyş üçin iň pes hilli bäş şäheriň arasynda üçünji ýeri eýeleýär.

Türkmenistanyň paýtagty bilen bir toparyň çäginde baha berlen bäş şäheriň arasynda ýaşaýyş üçin iň pes hilli diýlip Täjigistanyň paýtagty Duşenbe görkezilýär, ikinji ýerde Bangladeşiň paýtagty Dakka, ondan soň Aşgabat görkezilýär. Aziýa regiony boýunça ýaşaýyş üçin iň ýokary hilli diýlip agzalýan bäş şäherden birinjisi Singapur, galanlary-da Ýaponiýanyň paýtagty Tokio we bu ýurduň ýene-de üç sany beýleki şäherleridir.

“Merker” guramasynyň hasabatynda 2014-nji ýyl boýunça dünýäde ýaşaýyş üçin iň ýokary hilli şäheriň Awstriýanyň paýtagty Wenadygy aýdylýar. Yragyň paýtagty Bagdadyň bolsa dünýä boýunça ýaşaýyş üçin iň pes hilli şäherdigi bellenilýär.

Bahalar nämeden ugur alýar?

“Merker” guramasynyň şäherleriň durmuş derejesine berýän bahalary 39 faktora esaslanylýar we 10 kategoriýa bölünýär.

Hasabatda şäherlere baha berlende, syýasy we sosial şertlerden ugur alynýar we netijeler syýasy durnuklylygyň, jenaýatçylygyň we kanunlaryň goralyş derejesine esaslanylýar. Ykdysady şertlere baha berlende, pul çalşygynyň düzgünlerine we bank hyzmatlarynyň hiline üns berilýär. Şäherleriň sosial-medeni şertlerine baha berlende, olardaky köpçülikleýin habar serişdeleriniň elýeterliligi, senzuranyň barlygy-ýoklugy we hususy azatlygyň çäklendirilýändigi ýa-da çäklendirilmeýändigi ýaly faktorlardan ugur alynýar.

“Merkeriň” hasabatynda mundan başga-da medisina we saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň hiline, ýagny şäherde keselçilik derejesine, mekdepleriň we bilim taýdan halkara mekdepleriniň elýeterliligine, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň we transport hyzmatynyň hiline, elektrik togy we suw bilen üpjünçiligiň derejesine, jemgyýetçilik transportynyň işleýşine we ýol hereketiniň ýagdaýyna syn edilýär.

Dynç alyş üçin şertlere-de, ýagny restoranlaryň elýeterliligi we hili, alyjylar üçin dürli hyzmatlaryň derejesinea, meselem, kireýine jaý almak mümkinçiliklerine we bu hyzmatyň hiline, galyberse-de, tebigy şertlere görä şäherleriň ýaşaýyş üçin amatlylygynyň hiline baha berilýär.

“Merker” guramasy şäherlere berilýan bahalaryň ählisinde daşary ýurtlylar üçin ähmiýetli bolan faktorlary göz öňünde tutýar.

“Merker” guramasy dünýä boýunça 460 şäheriň dumuş derejesi boýunça ýyllyk hasabatlaryny taýýarlap gelýär. Soňky hasabatda jemi 223 şähere berlen synyň 2013-nji ýylyň sentýabr we noýabr aýlarynda toplanan maglumatlara esaslanýandygy aýdylýar.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG