Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Eýran. Pyragynyň we Azadynyň guburlaryna zyýarat
Türkmenistanda her ýylyň maý aýynda Magtymguly günlerini bellemek, 18-nji maýda Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyny giňden tutmak däbe öwrüldi.

Bu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününe hem gabat gelýär.

Bu baýrama gabat Türkmenistanyň wekilleri Eýrana, Magtymgulynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat etse, ikinji tarapdan, daşary ýurtlarda, Eýranda, Owganystanda, Türkiýede we beýleki ýerlerde ýaşaýan türkmen wekilleri, daşary ýurtly edebiýatçylar, medeniýet işgärleri Türkmenistanda tutulýan dabaralara, ylmy maslahatlara, halk baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Şol bir wagtda Magtymgulynyň goşgulary daşary ýurt dillerine terjime edilýär.

Emma ýerli edebiýatçylar garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly şahyryň goşgularynyň türkmen dilinde çap edilişiniň sowet ýyllaryndaka garanda has azalandygyny, ony öwrenmegiň, halk içinde wagyz etmegiň mazmun taýdan garyplaşandygyny aýdýarlar.

Eýsem Magtymguly daşary ýurtlarda, hususanda Owganystan ýaly köp uruş-gowgany başdan geçirmeli bolan toprakda ýaşaýan türkmenleriň arasynda nähili bilinýär?

Galyberse, owgan türkmenleri Magtymgulyny ýeterlik okap, ýazyp bilmeýän adamlara, halk köpçüligine ýetirmekde Türkmenistandan näme kömege garaşýar?

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bu barada Owganystanyň medeniýet we maglumatlar ministrligi tarapyndan türkmen dilinde çap edilýän «Watandaran» gazetiniň baş redaktory Abdyrahman Söhbet we Owganystanyň Magaryf ministrliginiň Türkmen dili bölüminde türkmen dilinde okuw kitaplaryny taýýarlaýan Hafyzylla Uýgun bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbeti diňläp, Magtymgulyny dünýä türkmenlerine has elýeterli etmekde häzirki zaman internet, sosial ulgamlar mümkinçiliklerini ulanmak we bu işde ýaşlaryň özleriniň edip biljek işleri, guramaçylyk meselesi hakynda hem pikirleriňizi aýtsaňyz, hoşal bolarys.
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:35 0:00
Ýükle
Türkmen Konstitusiýasy
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 16-njy maýda geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda ýurduň 22 ýyl mundan ozal kabul edilen Konstitusiýasyna özgertmeleri girizmäge bireýýäm wagt ýetendigini aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasy boýunça özgertmeleriň birinji tapgyrynyň geçirilendigini, şonda Baş kanuna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň «esasy kanunyň kadalaryny düýpli özgerdendigini» belledi.

Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, Konstitusiýa özgertmelerini geçirmek zerurlygy ýurtda «amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň depgininiň ýokarlanmagy we geriminiň örän giňelmegi bilen bagly».

G.Berdimuhamedow bu sözüni delillendirip, «häzirki döwürde ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçildi we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklary durmuşa ornaşdyryldy» diýdi.

Onuň ynandyrmagyna görä, indi şu ýagdaýa görä, «ýurdumyzyň häzirki hereket edýän konstitusiýasynyň käbir kadalary döwrüň talaplaryna belli bir derejede indi laýyk gelmeýär».

Emma prezident bu diýilýän «käbir kadalar» barada anyk bir zat aýtmady.
Prezident Berdimuhamedow «konstitusiýada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler öz beýanyny tapmalydyr» diýdi.

Hukuklar we azatlyklar

Geçiriljek özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmegiň hem hökman göz öňünde tutulmalydygy aýdylýar.

Mundan başga, prezident ýurtdaky ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hukuklarynyň giňeldilmelidigini belledi, «raýatyň, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet tarapyndan goralyşyny güýçlendirmäge hem aýratyn üns bermeli» diýip, Ministrler kabinetiniň giňeldilen mejlisiniň dowamynda aýtdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda aýdylmagyna görä, «geçiriljek özgertmeler... döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge-de mümkinçilik berer; raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny has-da giňeltmek we doly goramak üçin hem zerur şertleri döreder».

Prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky permana hem gol çekdi.

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG