Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Köpetdagyň etegindäki oba
Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, prezident S.A Nyýazowyň döwründe Pöwrize zolagy ilat üçin ýapyldy. Ondan soň Aşgabadyň etegindäki beýleki dynç alyş zolaklarynda ýerleşýän hususy jaýlar yzly-yzyna ýykylyp başlady.

Soňky maglumatlara görä, Köpetdagyň etegindäki Jülge zolagynda galan onlarça jaý ýakyn wagtda ýykylmaly edilipdir. Jülge zolagyndaky soňkly ýagdaýlar barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berýär.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:17 0:00
Ýükle
Lebap welaýatyndaky "Ruhyýet" köşgi.
Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri, ylaýtada soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurtda ençeme gymmat baha gurluşyklar amala aşyrylýar. Köşkler, medeniýet öýleri, sport mekdepleri gurulýar.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda millionlarça amerikan dollary harçlanyp, gurlan şol köşkleriň ýa-da desgalaryň käbirlerinde ençeme aýlap, hat-da ýyllap hiç hili çäre geçirilmeýändigi we olaryň boşap durandygy aýdylýar.

Şeýle desgalardan biri hem Lebap welaýatyndaky “Ruhyýet” köşgi. Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, bu köşgüň gapysy köplenç gulply, ol soňky bir-iki ýyllykda ulanylmandyr. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:38 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG