Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmenistanyň kaşaň köşkleriniň biri
1990-njy ýyllaryň ortalarynda ýurduň her welaýatynda ençeme million dollar çykdajy edilip, “Şa mülki” diýlip atlandyrylan kaşaň kökler gurulypdy. Şeýle köşkleriň biri Balkan welaýatynda ýerleşýär.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýakynda Balkan welaýatyna we “Şa mülküniň” ýerleşýän ýerine baryp köşgiň şu günki ýagdaýyny görüp gaýtdy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:13 0:00
Ýükle
Aşgabat, Türkmenbaşy köşgi
Aşgabatda Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanyndan soň gurlan uly köşkleriň ilkinjisi «Türkmenbaşy köşgi» boldy. Emma bu köşgüň häzir ulanylman, boş durandygy aýdylýar.

Wikipediýanyň, erkin internet ensiklopediýasynyň türkmen köşkleri barada maglumat berýän sahypasynda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň döwlet baştutany üçin gurduran köşgüniň bahasynyň 70-80 million amerikan dollaryna barabardygy aýdylýar.

Emma şol wagt Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy bolup işlän Hudaýberdi Orazow Şwesiýadan telefon arkaly beren gürrüňinde bu köşgüň bahasynyň has çişirilendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň «Türkmenbaşy köşgi» baradaky söhbetini diňläp, pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:18 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG