Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

'Türkmenhowaýollarynyň" edara jaýy.
Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda Aşgabadyň “Türkmenhowaýollaryndaky” bilet kassalaryna ilkinji bolup baran ýagdaýyňda hem nobat üçin niýetlenen elektronik enjamlarda berilýän talonlaryň belgisinde 100-den ýokary sanlar görkezilýär. Maglumata görä, 100-den ýokary belgili talonlara nobat ýetýänçä, biletleriň satylyp gutarýar.

Aşgabadyň “Türkmenhowaýollaryndaky” bilet kassalarynda ýerleşdirilen bu elektronik enjamlar bilen bagly tejribesi hakda Azatlyk Radiosy aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:00 0:00
Ýükle
Amyderýanyň akymynyň üýtgemegi netijesinde owgan topragynda, serhediň türkmen tarapynda dörän ada
Häzirki döwürde Türkmenistanyň türmelerinde ýatan owganystanly etniki türkmenleriň sany hakda takyk maglumat ýok. Emma olardan biri, Owganystanyň Garkyn etrabynyň ýaşaýjysy Haýrylla soňky bir aýyň içinde türmeden boşadylyp, maşgalasyna gowuşdy.

Haýryllanyň aýtmagyna görä, ol iki ýurduň arasynda ýerleşýän we Amyderýanyň owgan tarapyny opuryp, akymyny üýtgetmegi bilen dörän ada odun ýygmaga barýarka, derýanyň owgan tarapynda türkmen esgerleri tarapyndan tutulup alnyp gidilipdir.

Türkmen türmesinde 7 ýyl galandygyny aýdýan Haýryllanyň boşadylmagy soňky iki-üç aýlykda Azatlyk Radiosynda edil Haýryllanyň şertlerinde türkmen esgerleri tarapyndan tussag edilen adamlaryň ykbaly we olaryň yzynda galdyran maşgala agzalarynyň kynçylygy barada yzygiderli berlen maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi.

Haýrylla bilen Kabuldaky habarçymyş Şaýmerdanguly Myrady söhbetdeş boldy. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düýmä basyň.
“7 ýyl nähak sakladylar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:08 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG