Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Awtobus.
Türkmenistandan gelip gowuşýan maglumatlarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan paýtagt Aşgabada gitmek üçin transport kynçylyklarynyň bardygy aýdylýar. Ýagny, Aşgabat şäheri bilen Ak bugdaý etrabynyň aralygy takmynan 70 kilometr, emma muňa garamazdan gürrüňi edilýän aralykda awtobus gatnawynyň ýokdugy aýdylýar.

Ýerli ýaşaýjynyň aýtmagyna görä, şähere gitmek isleýänler diňe şahsy ulaglary ýa-da hususy taksiler bilen sapar edip bilýärler.

Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndan 58 ýaşly pensioner zenan Sona bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:12 0:00
Ýükle
Şu gün Çaga zähmetine garşy göreşmegiň halkara güni bellenilip geçilýär. Häzirki wagt Türkmenistanda çaga zähmetiniň gadagandygyna garamazdan, käbir çagalaryň dürli işlerde zähmet çekýändigine duş gelinýändigi aýdylýar. Muňa bolsa maşgaladaky ykdysady ýetmezçilikleriň sebäp bolýandygy bellenilýär.

Bu gün mynasybetli Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň käbir künjeginde dürli işlerde zähmet çekýän käbir çagalar bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:06 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG