Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Jebelde otla garaşýan ýolagçylar.15-nji mart, 2014.
Türkmenistanda soňky 20 ýylda uly-uly binalar gurulýar, emma Nebitdagda ilatyň iki ýyl töweregi wagt bäri wokzalsyz kösenýändigi, munuň bolsa öz gezeginde demirýol hyzmatyndan peýdalanjak bolýan garrylara, ýarawsyz adamlara we çagaly aýallara uly kynçylyk döredýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosy bu aýdylýan habar bilen gyzyklanyp, golaýda Nebitdagda bolan aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:13 0:00
Ýükle
Kenaryny opurýan derýa
Demirgazyk Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, deputat Abdylkadyr Malia Türkmenistan tarapynyň owgan türkmenleriniň haýyşy esasynda, Owganystana baryp, Amyderýanyň kenaryny berkitmek işine başlmaga taýýardyklaryny aýdýar.

Emma bu iş gijikdirilýär we, Malianyň aýtmagyna görä, Owganystan tarapy Türkmenistanyň öz wada beren kömegini etmegine mümkinçilik döretmeýär.

Mälim bolşy ýaly, Owganystanda geçirilen prezident saýlawlaryndan öň türkmen resmileri owgan resmileri, şol sanda Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň wekilleri bilen duşuşyp, Amyderýanyň kenaryny berkitmek barada maslahat edipdiler.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy bu maslahatda ylalaşylan zatlaryň iş ýüzünde berjaý edilişi bilen gyzyklanyp, Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Abdylkadyr Malia bilen söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:43 0:00
Ýükle

Ýene-de ýükle

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG